Balkan welaýaty Gazagystanyň Mangistau welaýaty bilen strategik hyzmatdaşlygyň maksatnamasy ylalaşyldy

01.09.2025, 00:366,003

28-nji awgustda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Gazagystanyň Mangistau welaýatyna bardy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Saparyň dowamynda Mangistau welaýatynyň häkimi Nurdaulet Kilybaý bilen duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde serhetýaka özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi hem-de 2025-2027-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygyň ösüş maksatnamasy ylalaşyldy.
Balkan welaýatynyň häkimi duşuşykda eden çykyşynyň barşynda iki welaýatyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň baştutanlarynyň kesgitlän ugurlaryna gabat gelýändigini belledi, şeýle-de iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň geljekki ösüşine ýardam etjekdigini nygtady.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmany tassykladylar hem-de serhetýaka özara gatnaşyklary ösdürmeklige we dostlukly gatnaşyklary berkitmeklige gönükdirilen anyk çäreleri bilelikde durmuşa geçirmäge bolan taýýarlygy barada bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.