Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy
06.03.2026 15:41
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
06.03.2026 11:53
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
06.03.2026 08:45
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi
Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
05.03.2026 20:23
2k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi
Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy
05.03.2026 15:54
5.9k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
05.03.2026 15:32
2k+

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy
Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi
05.03.2026 11:48
14k+

Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  
05.03.2026 06:25
15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi
05.03.2026 05:58
6.2k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär
Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler
04.03.2026 15:51
8.8k+

Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler
Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi
04.03.2026 15:26
2k+

Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi

3-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy
Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady
03.03.2026 09:30
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
02.03.2026 23:55
22k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi
02.03.2026 23:06
6.5k+

Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi
02.03.2026 16:44
15k+

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär
Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy
02.03.2026 14:56
1.5k+

Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy
01.03.2026 21:23
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.02.2026 19:21
5.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady
Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
28.02.2026 16:05
2k+

Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S
Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy
28.02.2026 15:53
4k+

Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy

26-njy fewralda Lankaster-haus binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy
Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
28.02.2026 15:51
2.5k+

Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen  duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder
28.02.2026 14:10
8.7k+

Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 2-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki wekilhanasy X sosial ulgamynda habar berdi. «Birinji hanym parahatçylygy ilerletmekde bilimiň ornuny nygtamak üçin ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklygy öz üstüne alyp, BMG-niň taryhyna girer» diýlip, habarda bellenilýär
Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
28.02.2026 14:08
4.4k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär
Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar
28.02.2026 10:13
9.9k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler
Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi
27.02.2026 18:42
5.3k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi
Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy
27.02.2026 18:19
4.6k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi
27.02.2026 17:57
3.7k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy guraldy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň daşary işler ministri London gazna biržasyndaky duşuşyga gatnaşdy
27.02.2026 16:45
3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri London gazna biržasyndaky duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Londonda möhüm duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk London gazna biržasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hoggettiň we Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) ykdysady sekretary Lýusi Rigbiiniň gatnaşmagynda geçirildi
Türkmenistan Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň sammitini kabul etmäge taýýardygyny tassyklady
27.02.2026 09:36
3.1k+

Türkmenistan Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň sammitini kabul etmäge taýýardygyny tassyklady

25-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
YHG ýurtlary Türkmenistanyň bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyny goldady
27.02.2026 09:35
1.6k+

YHG ýurtlary Türkmenistanyň bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyny goldady

25-nji fewralda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda serhetýaka we sebit söwdasyny işjeň ulanmak arkaly agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Global berginiň möçberi rekord 348,3 trillion dollara ýetdi
26.02.2026 18:21
5.8k+

Global berginiň möçberi rekord 348,3 trillion dollara ýetdi

Halkara maliýe institutynyň (IIF) täze maglumatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň umumy bergisi örän çalt depginler bilen ösdi. Döwletleriň, öý hojalyklarynyň we dürli görnüşli kompaniýalaryň umumy borçlary bir ýylyň içinde 29 trillion dollar artyp, jemi 348,3 trillion dollara ýetdi
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmagyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdy
26.02.2026 18:13
1.6k+

Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmagyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
26.02.2026 18:11
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi
26.02.2026 14:03
6.4k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy
26.02.2026 13:58
6.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi
26.02.2026 12:29
10k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir
Raşid Meredow Londonda Edinburg gersogy şazada Edward bilen duşuşdy
26.02.2026 12:28
3.3k+

Raşid Meredow Londonda Edinburg gersogy şazada Edward bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Edinburg gersogy şazada Edward bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdy. Duşuşyk 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň DIM-iniň Lankaster-haus binasynda boldy
Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa resmi sapary başlandy
26.02.2026 11:22
4k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa resmi sapary başlandy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär
Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy
26.02.2026 09:36
2.3k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy