Dünýäniň iň baý adamlary "offshore-da" $3,5 trln saklaýarlar

13.04.2026, 15:283,544

Oxfam guramasynyň maglumatlaryna salgylanýan The Insider neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň «offshore-de» saklan we salgyt salynmadyk baýlygynyň mukdarynyň takmynan 3,55 trillion dollara barabardygyny habar berýär.

Bu görkeziji dünýäniň jemi içeri önüminiň 3,2%-ine deňdir we ösüşi pes 44 ýurduň umumy JIÖ-sinden iki esse köpdür.

Synçylaryň çaklamalaryna görä, bu serişdeleriň takmynan 80%-i (2,8 trillion dollar) planetanyň iň gurply adamlarynyň bary-ýogy 0,1%-ine degişli. Bu mukdaryň takmynan ýarysy bolsa (1,77 trillion dollar) has az sanly adama — ilatyň 0,01%-ine degişli bolup durýar.

Oxfam guramasynyň salgyt meseleleri boýunça ýolbaşçysy Kristian Hallum şeýle ýagdaýlaryň deňsizligi güýçlendirýändigini hem-de döwlet mekdeplerini we keselhanalaryny zerur bolan maliýeleşdirişden mahrum edýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, gurama dünýä bileleşigini «offshore» ýagdaýyny aradan aýyrmaga we baý adamlar üçin goşmaça salgytlary girizmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.