Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
26.12.2025 09:45
5.8k+
“Mekan” köşgünde Türkmenistanyň 2025-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirildi
25-nji dekabrda Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary
22.12.2025 13:59
14k+
Türkmenistanda zähmetde tapawutlanan raýatlara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
20-nji dekabrda ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi
21.12.2025 18:44
2.2k+
Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde ýylyň jemini jemledi
18-nji dekabrda Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde çykyş edip, her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
16.12.2025 10:31
23k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
14.12.2025 10:19
5.3k+
Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy
13.12.2025 17:03
5.8k+
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy
13.12.2025 16:57
9k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medallary we nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 15:04
11k+
Türkmenistan Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyşynda belledi
13.12.2025 15:00
8.5k+
Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän janly döredijilik ýagdaýy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Maslahatlar merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 13:16
6.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş etdi
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi
13.12.2025 12:58
8.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
12-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde birnäçe iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
13.12.2025 12:46
4.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 12:37
8k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi
13.12.2025 12:31
12k+
Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
13.12.2025 02:52
4.7k+
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy tamamlandy
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çäre döwlet we Hökümet Baştutanlaryny, şeýle hem öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi
13.12.2025 02:47
3.9k+
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi
13.12.2025 02:41
3.8k+
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär
Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy
13.12.2025 02:33
6.4k+
Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 01:32
4.1k+
Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär
Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi
13.12.2025 01:16
4.4k+
Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady
13.12.2025 01:06
2.8k+
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy
Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy
13.12.2025 00:59
3k+
Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi
Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy
13.12.2025 00:31
4.9k+
Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi
12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi
13.12.2025 00:19
11k+
Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady
Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady
13.12.2025 00:04
5.8k+
Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan
Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy
12.12.2025 15:01
10k+
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar
12.12.2025 13:10
7.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady
12.12.2025 11:57
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 11:09
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara
12.12.2025 11:01
2.5k+
Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy
12.12.2025 10:56
2.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy
11.12.2025 22:24
12k+
Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
Şu gün Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Dabaralara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetler gatnaşdy
11.12.2025 22:20
13k+
Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler
Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşyjylary kabul edýär. Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp sanly ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanlary gelýär
06.12.2025 10:41
5.6k+
Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler
«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady
05.12.2025 10:44
1.3k+
Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi
05.12.2025 10:32
10k+
Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi
04.12.2025 16:01
21k+
Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär
04.12.2025 11:28
12k+
Aşgabadyň merkezi şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklediriler
8 – 12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň birnäçe şaýollarynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly görülýär
01.12.2025 11:13
11k+
Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminamalaryň birinjisi Daşary
28.11.2025 12:32
3.5k+
Raşid Meredow Gambiýanyň, Angolanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi
26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler boýunça daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi
«
1
2
3
4
»
«
1
2
3
4
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.