Raşid Meredow Gambiýanyň, Angolanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

28.11.2025, 07:323,551

26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler boýunça daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, R.Meredow Gambiýanyň daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Sering Modu Njaý, Angolanyň daşary işler ministri Tete Antoniu, Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen söhbetdeş boldy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.