Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy
20.06.2025 18:46
4.2k+

Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy

«Galaktikanyň goragçylarynyň» (Guardians of the Galaxy) režissýory we DC kinoäleminiň ýolbaşçysy Jeýms Gann «Rolling Stone» neşirine giňişleýin interwýu berdi. Meşhur kinorežissýor şol söhbetdeşlikde kinoteatrlara gelýän tomaşaçylaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagy bilen baglylykda, kino sungatynyň «ýuwaş-ýuwaşdan çöküp barýandygy» baradaky mowzugy gozgady
Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady
20.06.2025 18:37
9k+

Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady

30-njy iýundan Tesla Tehasdaky zawodynda elektromobil önümçiligini bir hepdelik togtadar. Bu islegiň pese gaçmagy we satylmadyk awtomobilleriň uly möçberde üýşmegi bilen baglanyşykly boldy. Öndürilen, ýöne satylmadyk ulaglary saklamak üçin bolsa goşmaça parklary kärendesine almaly diýip, Electrec ýazýar
Eşegiň derisinde sakyrtga garşy täsirli serişde tapyldy
20.06.2025 18:35
10k+

Eşegiň derisinde sakyrtga garşy täsirli serişde tapyldy

Amherstdäki Massaçusets uniwersitetiniň amerikan alymlary eşekleriň derisiniň ýag mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan (E)-2 oktenal birleşmesiniň sakyrtgalary netijeli kowýandygyny anykladylar. Laboratoriýa synaglarynyň netijesi bu maddanyň täsiriniň pes däldigini, käbir ýagdaýlarda meşhur himiki täsir ediji dietiltoluamiddenem (DEET) has ýokarydygyny görkezdi
Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär
20.06.2025 18:35
2.7k+

Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär

Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar
Gadymy Rimde saýrak guşlar üýtgeşik nygmat däl-de, adaty köçe nahary bolup çykdy
20.06.2025 18:29
3.8k+

Gadymy Rimde saýrak guşlar üýtgeşik nygmat däl-de, adaty köçe nahary bolup çykdy

Ispan arheologlary Maýorka adasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda gadymy Rimiň garbanyşhanasyny tapdylar. Alymlar galyndy naharlar dökülen  çukuryň içindäkileri öwrenip, şäheriň ýönekeý ilatynyň näme iýendigini anykladylar
Kanada Arktikasynda 380 million ýyllyk ýyrtyjy balygyň täze görnüşiniň äňleri tapyldy
20.06.2025 18:19
7.4k+

Kanada Arktikasynda 380 million ýyllyk ýyrtyjy balygyň täze görnüşiniň äňleri tapyldy

Amerikaly paleontologlar Kanadanyň Nunawut welaýatynyň Dewon adasynda Giçki Dewon formasiýasynda Onychodontiformes  toparyndan bolan gadymy ýyrtyjy balyklaryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdiler. Galyndylaryň ýaşy,  takmynan, 380 million ýyllyk
Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler
20.06.2025 18:14
6.9k+

Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler

Barlagçylar irki adamlaryň ata-babalarynyň ýerde ýatan agaç pürsleri ulanyp, agyr zatlary ondan-oňa geçirip başlandyklaryny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu usulyň tigriň döremegine nädip sebäp bolandygy düşnüksiz bolmagynda galýardy
Arahnologlar örümçi möýleriň aw awlaýyş usulyna haýran galdylar. Olar  zäher bilen däl-de, ýüpek bilen öldürýärler
20.06.2025 18:09
6.1k+

Arahnologlar örümçi möýleriň aw awlaýyş usulyna haýran galdylar. Olar  zäher bilen däl-de, ýüpek bilen öldürýärler

Barlagçylar topary örümçi möýleriň (Uloborus plumipes) öz awlaryny adaty bolmadyk usul bilen öldürýändigini anykladylar. Olar köp möýleriň edişi ýaly, çakmak arkaly zäher goýbermeýärler, tersine, pidalarynyň daşyny ýüpek bilen torlaýarlar we sapaklaryny agzyndan çykýan zäherli tüýkülige ezýärler diýip Phys
ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi
20.06.2025 18:04
2.3k+

ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi

Tafts uniwersitetiniň Stomatologiýa we lukmançylyk mekdebiniň alymlary diňe bir ýitirilen dişleriň ornuny tutman, eýsem sensor duýgurlygy dikeldýän diş implantynyň täze görnüşini döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar
Apple kompaniýasy iPhone 15 Pro-ny “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin gurala öwürdi
20.06.2025 17:40
3k+

Apple kompaniýasy iPhone 15 Pro-ny “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin gurala öwürdi

Apple baş keşpde Bred Pitt bilen “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin iPhone 15 Pro-nyň esasynda ýörite kamera döretdi. Gurluş gönüden-göni ýaryş ulagyna berkitmek üçin F1-iň adaty ýaýlym kameralaryna meňzeýän korpusa ýerleşdirildi
Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar
20.06.2025 17:35
3.3k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder
Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar
20.06.2025 17:33
2.2k+

Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar

Netflix akym hyzmaty ilkinji Netflix House dynç alyş toplumlarynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda açyljakdygyny habar berdi. Bu barada The Verge ýazýar. Toplumlar öňki söwda merkezleriniň binalarynda açylar. Olaryň biri Filadelfiýadaky King of Prussia Mall-da, ikinjisi Dallasdaky Galleria Dallas-da ýerleşer
Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi
20.06.2025 17:30
3.1k+

Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi

SS Innovations International kompaniýasy Amerikada ilkinji gezek kardiohirurgiýa üçin SSi Mantra 3 robotizirlenen ulgamynyň ulanylandygyny habar berdi. Operasiýa 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Guaýakildäki (Ekwador) Interhospital hassahanasynda geçdi
Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär
20.06.2025 17:28
2k+

Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär

Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar
Mariýa Antuanettanyň gülgüne-benewşe göwheri bolan ýüzük 13,98 mln dollara satyldy
20.06.2025 17:14
2.6k+

Mariýa Antuanettanyň gülgüne-benewşe göwheri bolan ýüzük 13,98 mln dollara satyldy

17-nji iýunda Nýu-Ýorkdaky Rokfeller-merkezinde Christie’s Magnificent Jewels auksiony geçirildi. Onda esasy haryt agramy 10,38 karat bolan üýtgeşik gyraňly gülgüne-benewşe göwherli ýüzük boldy. Daşyň taryhy XVIII asyrdan gaýdýar
Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar
20.06.2025 17:12
2.1k+

Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar

Apple 2027-nji ýyla çenli Apple Watch sagatlaryna ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ölçemek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada GF Securities analitigi Jeff Pu salgylanyp, Appleinsider neşiri habar berýär
Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady
20.06.2025 17:11
4.5k+

Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady

SpaceX kompaniýasynyň agyr göteriji raketasynyň ikinji basgançagy bolan Ship 36 kosmos gämisi statiki otlaýyş synagynyň geçirilýän mahaly partlady. Waka SpaceX-iň synag meýdançasynda oturdylan NasaSpaceFlight wideokamerasy tarapyndan ýazga alyndy
Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar
20.06.2025 17:01
12k+

Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar

ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär
Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri okuw tölegini galdyrdylar. Käbir ugurlarda tölegler 60%-e çenli ýokarlandy
20.06.2025 16:35
7k+

Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri okuw tölegini galdyrdylar. Käbir ugurlarda tölegler 60%-e çenli ýokarlandy

2025-nji ýylda Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri täjirçilik esasynda okuw töleglerini ep-esli ýokarlandyrdy. Wedomosti neşiriniň maglumatlaryna görä, RAEX-iň reýtingindäki 10 uniwersitetiň ýedisinde okuwyň bahasy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, azyndan 25% galdy
Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy
20.06.2025 11:01
5.2k+

Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy

Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň egindeş başlyklary — Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin duşuşyk geçirdiler
Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
20.06.2025 10:57
5k+

Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

19-njy iýunda Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi hanym Rana Abu Hijleh Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar
20.06.2025 10:47
4k+

Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar
Star Union welosipedler üçin sürtülmesiz işleýän magnitli hereketlendiriji döretdi
20.06.2025 10:43
4.7k+

Star Union welosipedler üçin sürtülmesiz işleýän magnitli hereketlendiriji döretdi

Star Union kompaniýasy adaty dişleriň deregine magnit ulgamy ornaşdyrylan Magnetic Gear Motor (MGM) atly welosiped hereketlendirijisini hödürledi. Bu tehnologiýa güýji fiziki aragatnaşyk bolmazdan geçirýär diýip, «New Atlas» ýazýar
BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi
20.06.2025 10:19
5k+

BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi

Ýeriň ilkinji emeli hemrasy 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan uçuryldy. Şondan bäri Ýere ýakyn orbitadaky hemralaryň sany ýylsaýyn artýar. Soňky ýyllarda ösüş depgini ep-esli çaltlaşdy. Bu, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli giň zolakly internet üçin hemra ýyldyzlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly
Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar
20.06.2025 10:16
4.7k+

Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar

Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy. Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär
Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi
20.06.2025 10:13
3.5k+

Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi

Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr. «ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir
Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar
20.06.2025 10:10
8.2k+

Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar

Alymlar Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçäginde ýerleşýän, D" gatlagy diýlip atlandyrylýan syrly sebitiň nämedigini düşündirdiler. Bu gatlak, takmynan, 2700 km çuňlukda ýerleşýär. Şol ýerde ýertitremelerden döreýän seýsmiki tolkunlar garaşylmadyk ýagdaýda tizlenip başlaýar
2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli
20.06.2025 10:04
2.6k+

2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli

Morgan Stanley analitikleriniň hasaplamalaryna görä, Hytaýyň robototehnika bazary 2023-nji ýyldaky 47 mlrd dollardan 2028-nji ýyla çenli 108 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Ortaça ýyllyk ösüş 23% bolar. Geçen ýyl Hytaý dünýäniň robototehnika bazarynyň eýýäm 40%-ini eýeledi diýip, South China Morning Post habar berýär
Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar
20.06.2025 09:52
2.2k+

Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar

Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti  Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär
Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar
20.06.2025 09:50
4.7k+

Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar

25-nji iýunda Sotheby’s auksionynda imperator Napoleon Bonapartyň goşlary satylar. Auksiona Pýer-Žan Şalansonyň şahsy kolleksiýasyndan taryhy predmetler çykarylar. Auksiondan öň dizaýner Žan-Şarl de Kastelbažak fransuz hökümdaryna bagyşlanan özboluşly sergini geçirer
BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar
20.06.2025 09:48
3.7k+

BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar

Xiaomi müşderilere ikinji awtomobilini – YU7 modelini hödürlemäge taýýarlanýar. Önümçilik eýýäm başlady we müňlerçe ulag Pekiniň Içžuan sebitindäki Xiaomi-niň zawodynda taýýar dur. Üpjünçilik iýul aýynda başlap biler
Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi
20.06.2025 09:45
4.7k+

Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi

Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder
NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar
20.06.2025 09:43
3.8k+

NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar

Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” klubuna eýeçilik edýän Bass maşgalasy topary 10 mlrd dollara satar. Bu barada çeşmä salgylanyp, ESPN habar berýär. Klubuň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 2021-nji ýyldan bäri toparyň paýnamalarynyň az bölegine eýeçilik edýän TWG Global kompaniýasynyň baş direktory Mark Uoltere geçer
Aşgabadyň kinoteatrlary we sirki tomaşaçylary gyzykly başdan geçirmelere we ýiti duýgulary duýmaga çagyrýar
20.06.2025 09:28
3.5k+

Aşgabadyň kinoteatrlary we sirki tomaşaçylary gyzykly başdan geçirmelere we ýiti duýgulary duýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny tutuş maşgala üçin hakyky baýramçylyga öwrüljek teatr-sirk çykyşyna çagyrýar. Sahnada “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, şeýle-de “Türkmen jigitleri” we “Gündogaryň ýyldyzlary” toparlary çykyş eder
Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
20.06.2025 09:21
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar
Gökderede ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi
19.06.2025 18:15
8.2k+

Gökderede ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler
Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi
19.06.2025 17:01
4.1k+

Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär
19.06.2025 16:34
9.8k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär

Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa ugratmak bilen meşgullanýan “Ýönekeý” kompaniýasy hasaba almak möhletiniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar. Okuw üçin hasaba almagyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji iýunyna çenli süýşürildi
Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy
19.06.2025 14:42
4.9k+

Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy

17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
19.06.2025 14:30
8.9k+

Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar