Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady

20.06.2025, 17:114,536
1 / 2

SpaceX kompaniýasynyň agyr göteriji raketasynyň ikinji basgançagy bolan Ship 36 kosmos gämisi statiki otlaýyş synagynyň geçirilýän mahaly partlady.

Waka SpaceX-iň synag meýdançasynda oturdylan NasaSpaceFlight wideokamerasy tarapyndan ýazga alyndy.
Partlamanyň sebäbi häzirlikçe belli däl.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasynyň (FAA) meýilnamasyna görä, Starship transport ulgamynyň düzümindäki Ship 36-nyň synag uçuşy 2025-nji ýylyň 29-njy iýunyndan soň geçirilmelidi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.