Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär
07.06.2025 19:01
15k+

Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär

NASA-nyň Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Lagranj L1 nokadynda ýerleşýän DSCOVR hemrasy Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykan tüssäni surata aldy. Surat 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda düşürildi. Kanadadaky tokaý ýangynlary birnäçe gün bäri dowam edýär
Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler
07.06.2025 18:55
1.7k+

Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler

Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy
Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy
07.06.2025 18:54
4.3k+

Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy

Niderlandlardan, Daniýadan, Italiýadan we Belgiýadan alymlar topary emeli aňyň kömegi bilen Öli deňziň gadymy golýazmalarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegi başardy. Netijede, olar öň çak edilenden ep-esli gadymy bolup çykdy
Bahalar düşse-de, isleg ýokarlanmady: BYD öz başladan baha döwüşligi sebäpli $20 mlrd ýitirdi
07.06.2025 18:49
11k+

Bahalar düşse-de, isleg ýokarlanmady: BYD öz başladan baha döwüşligi sebäpli $20 mlrd ýitirdi

Hytaýyň BYD elektomobil öndürijisi diňe iki hepdäniň dowamynda, öz başladan baha urşy sebäpli, bazardaky umumy gymmatyndan 20 mlrd dollar ýitirdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Maýadarlar kompaniýanyň 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan 5,5 mln awtoulag satmak maksadyna ýetip bilmezliginden howatyrlanýarlar
Meta Eminemiň irki hitlerini rugsatsyz ulanandygy üçin, 109 mln dollarlyk kazyýet işi bilen ýüzbe-ýüz
07.06.2025 13:35
8.3k+

Meta Eminemiň irki hitlerini rugsatsyz ulanandygy üçin, 109 mln dollarlyk kazyýet işi bilen ýüzbe-ýüz

Eminemiň (hakyky ady – Marşall Brýus Meters III) irki aýdymlarynyň hukuklaryna eýe bolan «Eight Mile Style» neşirýat kompaniýasy «Meta» kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Facebook, Instagram we WhatsApp-yň enelik kompaniýasy amerikan reperiň aýdymlaryny rugsatsyz ulanmakda aýyplanýar diýip, «TheWrap» habar berýär
«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner
07.06.2025 13:34
15k+

«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär
Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri
07.06.2025 13:32
2.1k+

Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri

Jeff Bezosyň «Blue Origin» aerokosmos kompaniýasy Aýy özleşdirmek boýunça meýilnamalarynyň käbir jikme-jikliklerini mälim etdi. Kompaniýa şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýa iki sany adamly uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär
Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär
07.06.2025 13:30
5.8k+

Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär

Ýaponiýanyň Waseda uniwersitetiniň fizikleri kontakt linzalar üçin ýagtylygy geçirýän, ýöne elektronika hem-de dürli senagat we lukmançylyk enjamlary tarapyndan döredilýän zyýanly elektromagnit tolkunlaryny saklaýan açyk reňkli nano-örtük döretdiler
Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.06.2025 13:17
2.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

5-nji iýunda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy
07.06.2025 13:13
3k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy
07.06.2025 13:05
5.8k+

Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy

ispace hususy ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Resilience gonuş enjamy Aýa asuda gonup bilmedi. Onuň bilen aragatnaşyk gonuşdan 1 minut 45 sekunt öň ýitirildi diýip, Space habar berýär. Enjam 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost Aý moduly bilen bilelikde uçuryldy
Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
07.06.2025 12:21
16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
Kia, Porsche we Toyota sürüjilere kömek ulgamlary boýunça Tesla-dan we Volvo-dan öňe geçdi
07.06.2025 12:04
4.6k+

Kia, Porsche we Toyota sürüjilere kömek ulgamlary boýunça Tesla-dan we Volvo-dan öňe geçdi

Euro NCAP 2025 model ýylynyň awtoulaglarynda sürüjilere kömek ulgamlarynyň synaglaryny geçirdi. Synagyň netijelerine görä, Kia EV3, Porsche Macan, Renault 5 we Toyota bZ4X “Örän gowy” diýen ýokary bahany aldy. Bu awtoulaglar ulgamynyň ygtybarly işleýändigini we sürüji bilen gowy gatnaşygy görkezdi
Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler
07.06.2025 12:01
3k+

Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler

Ford kompaniýasy bir günde ulaglaryň bäşisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Olaryň käbiri ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly, biri bolsa eýýäm abatlanan ulaglara degişli diýip, Carscoops ýazýar. 2020-nji ýyllaryň başynda öndürilen Lincoln Corsair, Ford Escape we Maverick krossower modelleriniň 1700 sürüjisine ulagy ulanmagy dessine bes etmek maslahat berildi
Mercedes 792 km çenli ýol ätiýaçlygy bolan CLA-nyň önümçiligine başlady
07.06.2025 11:56
3.1k+

Mercedes 792 km çenli ýol ätiýaçlygy bolan CLA-nyň önümçiligine başlady

Mercedes-Benz kompaniýasynyň Raştattdaky (Germaniýa) zawodlarynda täze nesil «CLA-nyň» önümçiligine başlandy. Ol brendiň elektrokarlar üçin ýörite döredilen «Mercedes Modular Architecture» (MMA) platformasynyň binýadyndaky ilkinji elektromobilidir
Pininfarina brendiň taryhyndaky iň gazaply wersiýa bilen Battista-nyň önümçiligini soňlaýar
07.06.2025 11:55
2.6k+

Pininfarina brendiň taryhyndaky iň gazaply wersiýa bilen Battista-nyň önümçiligini soňlaýar

Pininfarina kompaniýasy Battista giperkarynyň önümçiligini çäkli nusgada çykarylan Novantacinque wersiýasy bilen soňlaýar. Kompaniýanyň 95 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen wersiýa öndürilen 150 sany Battista-nyň iň soňkusy bolar
Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi
07.06.2025 11:53
3.7k+

Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi

Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar
«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr
07.06.2025 11:37
8.8k+

«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr

Kann kinofestiwalynyň dowamynda režissýor Kristofer MakKuorri «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») filmindäki akyl ýetirip bolmajak hokgalaryň (trýuk) biriniň nädip dörändigi barada aýdyp berdi
Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny iki esse ýokarlandyrdy
07.06.2025 11:29
7.2k+

Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny iki esse ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrmak barada permana gol çekdi. Ol bu karary ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi
Müsürde ýaşy 3500 ýyl töweregi bolan ozal näbelli üç sany gadymy mazar tapyldy
07.06.2025 11:25
7k+

Müsürde ýaşy 3500 ýyl töweregi bolan ozal näbelli üç sany gadymy mazar tapyldy

Müsürde ozal näbelli üç mazar tapyldy. Açyş Patyşalar jülgesiniň golaýynda, Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşen Luksordaky arheologik gazuw-agtaryş işlerinde mahalynda edildi diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan Daily Mail habar berýär
NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi
07.06.2025 11:23
3.2k+

NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi

NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) inženerleri Europa Lander robotynyň prototipini (nusgasyny) görkezdiler. Hünärmenler bu işläp düzmäniň üstünde 10 ýyl bäri işleýärler diýip, Science Robotics žurnalyna salgylanýan Phys
Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler
07.06.2025 11:21
2.4k+

Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler

Rus, eýran we fransuz himikleri birnäçe metalyň grafenine we oksidlerine esaslanýan katalizator döretdiler. Ol kömürturşy gazyny metilbutanola we beýleki senagat taýdan gymmatly spirtlere we ketonlara 77% netijelilik bilen öwürmäge mümkinçilik berýär
Astrobiologlar Saturnyň hemrasy Enselada ýaşaýyş «ýokuşdyrmagy» teklip edýärler
07.06.2025 11:20
2.4k+

Astrobiologlar Saturnyň hemrasy Enselada ýaşaýyş «ýokuşdyrmagy» teklip edýärler

Kosmos enjamlarynyň, esasan-da, gonuş apparatlaryň sterilizasiýasy (arassalanmagy) halkara kosmonawtikanyň hökmany talabydyr. Maksat Ýerdäki mikroorganizmleriň beýleki planetalara ýaýramagynyň öňüni almak bolup durýar
Hytaýyň eksport çäklendirmeleri Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawodynyň işini togtatdy
07.06.2025 11:18
6.2k+

Hytaýyň eksport çäklendirmeleri Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawodynyň işini togtatdy

Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawody we önümçilik tapgyrlary seýrek ýerüsti elementleriniň ýetmezçiligi sebäpli, işini togtatmaga mejbur boldy. Munuň sebäbi bolsa, Hytaýyň bu çig mallaryň eksportyna girizen çäklendirmeleri boldy diýip, Ýewropanyň «CLEPA» awtokomponentler assosiasiýasyna salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady
06.06.2025 16:07
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr
Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi
06.06.2025 16:00
3.9k+

Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi

YouTube iOS üçin programmany 20.22.1 wersiýa çenli täzeledi. Indi ony gurnamak üçin iOS 16 ýa-da has täze operasion ulgam gerek diýip, MacRumors habar berýär. Bu täzelenme sebäpli programma 15-nji wersiýadan ýokary iOS-y goldamaýan köne iPhone modellerinde işlemegini bes etdi
Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi
06.06.2025 15:57
2.5k+

Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi

Adobe Android üçin täze Photoshop programmasyny resmi taýdan hödürledi. Önüm ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda anons edildi. Häzir programma başlangyç beta-synagyň çäklerinde mugt elýeterli boldy. Kompaniýa Photoshop-yň mobil wersiýasynyň üstünde köp wagtlap işledi
Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
06.06.2025 15:56
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler
Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
06.06.2025 15:52
13k+

Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi
Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy
06.06.2025 15:41
9.1k+

Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalynda Fransiýany 5:4 hasabynda utdy. Oýun Ştutgartda geçirildi. Oýnuň dowamynda ispanlar iki gezek hasapda dört gol tapawudy saklady (4:0 we 5:1), ýöne soňky minutlarda has rahatlanyp, fransuzlara tas kambek etmäge mümkinçilik beripdi
Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
06.06.2025 15:38
15k+

Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar 5-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýundan soň ýaryşda özüne ýer kepillendirdi
Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy
06.06.2025 09:30
11k+

Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy

Italiýaly hünärmen Simone Indzagi Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 49 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder
Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy
06.06.2025 09:27
11k+

Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy
Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy
06.06.2025 09:26
2.6k+

Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy

Telegram birnäçe täze funksiýalar bilen uly täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar ses habarlaryny redaktirläp, ýagny ýazgy edilenden soň, olary kesip, gerekmejek böleklerini aýryp, ýazgyny pauza goýup bilýär. Bu ähli aýtmaly zady bir dublda ýazmak zerurlygy bolmazdan, uzyn ses habarlaryny döretmegi ýeňilleşdirýär
11 ýaşly Kaleb Stýuard dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker diýlip ykrar edildi
06.06.2025 09:16
7.3k+

11 ýaşly Kaleb Stýuard dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker diýlip ykrar edildi

ABŞ-dan 11 ýaşly Kaleb Stýuard resmi taýdan dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişi ýaly, ol ynanmak barada özüniň ilkinji sözüni Tallahassidäki ALARM halkara buthanasynda 3 ýyl 307 gün ýaşynda aýtdy
Ýuwaş ummanynda Hytaýdan üç müň ulag getirýän gämi ýandy
06.06.2025 09:13
18k+

Ýuwaş ummanynda Hytaýdan üç müň ulag getirýän gämi ýandy

Ýuwaş ummanynda Hytaýdan Meksika üç müň awtomobil alyp barýan Morning Midas ýük gämisi ýandy. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, bortda Chery Automobile Co. we Great Wall Motor ýaly hytaý awtoöndürijileriniň ulaglary bardy
Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi
06.06.2025 09:09
4.3k+

Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi

2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi
Samsung 31-nji iýuldan başlap hereketsiz akkauntlary pozup başlar
06.06.2025 09:04
3k+

Samsung 31-nji iýuldan başlap hereketsiz akkauntlary pozup başlar

Samsung 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyndan azyndan 24 aýlap girilmedik hasap ýazgylaryny (akkauntlary) pozup başlar. Bu barada ulanyjylara kompaniýanyň metbugat gullugy ýatlatdy. Samsung-yň akkaunty Galaxy enjamlaryndaky firma programmalaryna girmek üçin gerek
Toyota Fudosan 33 milliard dollara Toyota Industries-i satyn alar
06.06.2025 09:02
5.5k+

Toyota Fudosan 33 milliard dollara Toyota Industries-i satyn alar

Toyota konserni Toyota Industries-iň paýnamalaryny satyn alar. Olar konserniň başlygy Akio Toýodanyň ýolbaşçylygyndaky Toyota Fudosan bölümine geçiriler diýip, Reuters habar berýär. Satyn alyş bahasy 33 milliard dollar bolar
Jeýms Kemeron ýyrtyjy elflere garşy göreş hakyndaky “Şeýtanlar” romanyny ekranlaşdyrýar
06.06.2025 08:58
2k+

Jeýms Kemeron ýyrtyjy elflere garşy göreş hakyndaky “Şeýtanlar” romanyny ekranlaşdyrýar

“Titanik”, “Terminator” we “Awatar” filmleriniň döredijisi Jeýms Kemeron “Şeýtanlar” (“Дьяволы”) atly täze fentezi taslamasynyň edebi esasyny ýazar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Film iňlis ýazyjysy Jo Aberkrombiniň adybir romany esasynda dörediler