Ýutubçy zibilden kuwwaty 250W bolan el lazerini gurnady. Ol hatda göwheri hem ýakyp bilýär
06.06.2025 08:56
4.5k+

Ýutubçy zibilden kuwwaty 250W bolan el lazerini gurnady. Ol hatda göwheri hem ýakyp bilýär

Styropyro lakamy bilen tanalýan amerikaly ýutubçy we himik Dreýk Entoni kuwwaty 250W bolan elde göterilýän lazer enjamyny gurnady we synagdan geçirdi. Enjam adaty lazeriň görkezijisinden 50 müň esse güýçlüdir. Enjamy döretmek üçin ol eBay ýaly onlaýn platformalaryndan satyn alnan köne bölek şaýlary ulandy
Gazagystan özüniň ultra-ýeňil raketasyny döretmegi meýilleşdirýär
06.06.2025 08:53
1.6k+

Gazagystan özüniň ultra-ýeňil raketasyny döretmegi meýilleşdirýär

Gazagystan ownuk hemralary orbita uçurmak üçin öz ultra-ýeňil raketa göterijisini döretmekçi bolýar. Bu barada Gazagystanyň Mejlisiniň Senatynyň agzasy Andreý Lukiniň beren beýanyna salgylanýan Informburo.kz habar berýär
1987-nji ýylyň ýoň bolan aýdymy täzeden janlandy. Spotify-da ol 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi
06.06.2025 08:52
4.9k+

1987-nji ýylyň ýoň bolan aýdymy täzeden janlandy. Spotify-da ol 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi

Britaniýaly aýdymçy Rik Estliniň 1987-nji ýylda çykaran «Never Gonna Give You Up» aýdymy täzeden meşhurlyk gazandy we Spotify platformasynda 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi. Aýdym internetde dörän gyzyklanmasy sebäpli, ýene-de meşhur boldy
Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?
06.06.2025 08:46
3.1k+

Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?

Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar
STAR1 hytaý roboty börek bişirmegi we taýajyklar bilen naharlanmagy öwrendi
06.06.2025 08:43
2.1k+

STAR1 hytaý roboty börek bişirmegi we taýajyklar bilen naharlanmagy öwrendi

Robotera hytaý kompaniýasy «STAR1» atly gumanoid roboty hödürledi. Ol däp bolan naharlary bişirmegi hem-de taýajyklar bilen naharlanmagy başarýar. Kompaniýanyň «YouTube» kanalynda bu görkezmäniň wideosy ýerleşdirildi
Kosta-Rikanyň we Panamanyň daglarynda orhideýanyň seýrek usul bilen köpelýän üç sany täze görnüşi tapyldy
06.06.2025 08:43
2.5k+

Kosta-Rikanyň we Panamanyň daglarynda orhideýanyň seýrek usul bilen köpelýän üç sany täze görnüşi tapyldy

Kosta-Rikanyň we günbatar Panamanyň daglarynda orhideýanyň üç sany täze görnüşi tapyldy. Olar Talamanka gerşiniň sowuk we çygly ýerlerinde deňiz derejesinden 1400-2550 metre çenli beýiklikde ösýär diýip, Phys.org ýazýar
«Elden Ring Nightreign» ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy
06.06.2025 08:36
1.4k+

«Elden Ring Nightreign» ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy

«FromSoftware» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Elden Ring Nightreign» kooperatiw ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy. Bu barada oýnuň işläp düzüjileri habar berdi. Bu san diňe sanly görnüşdäki satuwlary däl, eýsem fiziki göterijileriň üpjünçiligini hem öz içine alýar
Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy
05.06.2025 16:35
14k+

Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi
Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar
05.06.2025 16:05
4.6k+

Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar

Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy
Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady
05.06.2025 15:57
3.7k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady

Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi
Hakyky robot-transformer döredildi: ol uçýar, ýöreýär we şekilini üýtgedip bilýär
05.06.2025 15:54
8.9k+

Hakyky robot-transformer döredildi: ol uçýar, ýöreýär we şekilini üýtgedip bilýär

Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň (Caltech) hünärmenleri şekilini üýtgedip, ýerde ýöräp bilýän «Aerally Transforming Morphobot» (ATMO) atly uçýan roboty işläp düzdüler. Bu barada New Atlas neşiri ýazýar. Robot uçuş wagty hem transformirlenip bilýär
Ledi Gaganyň Braziliýadaky konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
05.06.2025 15:52
10k+

Ledi Gaganyň Braziliýadaky konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň Kopakabana kenaryndaky mugt konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda zenan sazandalaryň arasynda iň köp tomaşaçy ýygnan ýekelikdäki çykyş hökmünde ykrar edildi
Birwagtlar Ýerde pil ýaly äpet leniwesler bolupdyr. Olary ýok eden zat howanyň üýtgemegi däl
05.06.2025 15:50
10k+

Birwagtlar Ýerde pil ýaly äpet leniwesler bolupdyr. Olary ýok eden zat howanyň üýtgemegi däl

Takmynan, mundan 15 müň ýyl ozal Amerikada Megatherium atly ägirt uly leniwesler ýaşap geçipdir. Ululygy Aziýa pilleriniňki ýaly bolan bu süýdemdirijiler agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenipdir, olary özleriniň çeýe dilleri bilen ýolup alypdyrlar
Nissan 16,5 müň dollardan çarçuwaly pikap çykardy. Ýangyç sarp edişi - 100 km üçin 1,9 litr, kuwwaty – 435 a.g.
05.06.2025 15:45
8.3k+

Nissan 16,5 müň dollardan çarçuwaly pikap çykardy. Ýangyç sarp edişi - 100 km üçin 1,9 litr, kuwwaty – 435 a.g.

Gibrid ulgamly täze «Dongfeng-Nissan Z9» çarçuwaly pikap tanyşdyryldy. Bu barada «Autohome» habar berýär. «Z9» modeliniň PHEV wersiýasy 1,5 litrlik benzinli turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol generator hökmünde işleýär we iki sany elektromotor bilen bilelikde hereket edýär
Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy
05.06.2025 12:03
8.7k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi
05.06.2025 11:47
10k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler
Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna badalga berildi
05.06.2025 11:42
5k+

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna badalga berildi

4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary bu jogapkärli işe 11-nji iýunda goşularlar. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň gallaçylaryna
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
05.06.2025 11:39
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
05.06.2025 11:33
3.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Russiýa
Türkmenistan 2026-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy
05.06.2025 10:28
2.2k+

Türkmenistan 2026-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy

4-nji iýunda Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de guramanyň resmi saýtynda habar berildi
“Ýetginjeklik döwri” mini-serialy Gotham TV Awards-yň baş baýragyny aldy
05.06.2025 10:22
2.5k+

“Ýetginjeklik döwri” mini-serialy Gotham TV Awards-yň baş baýragyny aldy

Netflix-iň “Ýetginjeklik döwri” (Adolescence / Переходный возраст) mini-serialy Gotham TV Awards dabarasynda üç baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Nýu-Ýorkda geçirildi diýip, Variety habar berýär
Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi
05.06.2025 10:20
7.3k+

Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi

Stambulda ýolagçy akymy boýunça ikinji orny eýeleýän Sabiha Gýokçen howa menzili bir günde gatnawlaryň rekord sanyna hyzmat etdi. Bu barada howa duralgasynyň administrasiýasy habar berdi. Habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda howa menziliniň üsti bilen 784 gatnaw amala aşyryldy – bu onuň taryhynda iň ýokary görkezijidir
Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder
05.06.2025 10:17
9.5k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar
IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi
05.06.2025 10:14
11k+

IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli
Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady
05.06.2025 10:12
10k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi
Marsyň üstündäki Perseverance enjamy tozan tüweleýiniň täze suratyny aldy
05.06.2025 10:10
5.4k+

Marsyň üstündäki Perseverance enjamy tozan tüweleýiniň täze suratyny aldy

NASA-nyň Marsdaky Perseverance enjamy Ýere Gyzyl planetanyň üstünden täze selfi iberdi. Surata “tozan arwahy” düşdi – planetanyň üstündäki gyzgyn howa akymlarynyň täsiri bilen emele gelýän uly bolmadyk, aýlanýan tüweleýler şeýle diýlip atlandyrylýar
Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy
05.06.2025 10:09
10k+

Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok. Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy
Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner
05.06.2025 10:05
10k+

Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner

Şu hepde Saharadan uly tozan buludy Atlantik ummanynyň üstünden geçip, Karib basseýnini örtdi we indi ABŞ-a tarap barýar. Tozan bulutlary her ýyl Sahara howa gatlagy diýlip atlandyrylýan atmosfera hadysasynyň netijesinde emele gelýär diýip, Science Alert habar berýär
Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar
05.06.2025 10:03
2.1k+

Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar

Samsung eplenýän smartfonlaryň hatarynda Galaxy Z Fold 7 Ultra adyny alyp biljek “kitapça” görnüşli täze modeliň peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Ozal bu hatarda kompaniýa diňe adaty wersiýalary çykarypdy
Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady
05.06.2025 09:35
4.1k+

Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady

Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi. Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi
66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy
04.06.2025 16:13
11k+

66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy

1-nji iýunda sagat 5:00 töweregi başlanan magnit tupanlary 3-nji iýunda 23:00 töweregi tamamlandy. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, olaryň umumy dowamlylygy 66 sagat boldy
“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi
04.06.2025 16:12
9k+

“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi

Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy. Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi
Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy
04.06.2025 16:10
10k+

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy
The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy
04.06.2025 15:50
2k+

The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär
Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy
04.06.2025 15:47
4.5k+

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar
04.06.2025 15:44
3.1k+

Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar

Dolce & Gabbana işini giňeltmek üçin 150 million ýewro (170 million dollar) möçberinde goşmaça maliýe serişdesini aldy. Bu barada BOF neşiri habar berdi. Kompaniýa birnäçe aý bäri bank karz berijileri bilen gepleşik geçirýär
Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr
04.06.2025 15:41
4.2k+

Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr

Taryh okuw kitaplarynda heýwere keseliniň Täze Dünýä ispaniýaly deňizde ýüzüji Kristofer Kolumbyň yklymy açmagy bilen ýewropaly kolonizatorlar we XV asyrda ispan basybalyjylary tarapyndan getirilen diýip hasaplanýar
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar
04.06.2025 15:36
2.4k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy
Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär
04.06.2025 15:35
16k+

Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär

2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär
Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy
04.06.2025 15:29
7.5k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr