Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy

05.06.2025, 10:0910,603

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok.

Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy. Klubuň sanawda dört oýunçysy bar.

“Altyn top” – 2025-e dalaşgärleriň ilkinji onlugy:

  1. Usman Dembele (“PSŽ”, 1-nji orunda galdy);
  2. Lamin Ýamal (“Barselona”, 2-nji orundady);
  3. Rafinýa (“Barselona”, 3-nji orundady);
  4. Mohamed Salah (“Liwerpul”, 5-nji orundan ýokary galdy);
  5. Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”, öň 8-nji orundady);
  6. Dezire Due (“PSŽ”, ozal onluga girmeýärdi)
  7. Hwiça Kwarasheliýa (“PSŽ”, reýtingde ilkinji gezek);
  8. Aşraf Hakimi (“PSŽ”, onlukda ilkinji gezek);
  9. Pedri (“Barselona”, 6-njy orundan aşak düşdi);
  10. Harri Keýn (“Bawariýa”, ozal 7-nji orundady).

Onlukdan şular çykdy: “PSŽ-niň” derwezebany Janluiji Donnarumma (4-nji orundady), “Interiň” hüjümçisi Lautaro Martines (9-njy orun), şeýle-de ozal onlugy jemlän “Barselonadan” Robert Lewandowski.
2024-nji ýylyň “Altyn topunyň” eýesi “Mançester Sitiniň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižde geçirildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.