Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular
01.06.2025 19:45
8.3k+

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar. 2025-nji ýylyň 28 – 30-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi
Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady
01.06.2025 19:40
13k+

Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady

31-nji maýda Aşgabatda 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy
Magtymguly adyndaky TDU-da Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara maslahat geçirildi
01.06.2025 19:36
2.1k+

Magtymguly adyndaky TDU-da Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara maslahat geçirildi

29-30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi
01.06.2025 19:29
3.6k+

Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir
2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” titulyna Tailandyň wekili mynasyp boldy
01.06.2025 19:22
14k+

2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” titulyna Tailandyň wekili mynasyp boldy

2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Tailanddan 21 ýaşly Suçata Çuangsri boldy. Bu titula 108 gatnaşyjy dalaş etdi diýlip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär. Çuangsri – halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby, model bolup işleýär, psihologiýa we antropologiýa bilen gyzyklanýar
Ýeriň ilatynyň tas ýarysy bir aýa barabar goşmaça yssy howany başdan geçirdi
01.06.2025 19:18
7.1k+

Ýeriň ilatynyň tas ýarysy bir aýa barabar goşmaça yssy howany başdan geçirdi

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda ýerleşýän «Climate Central» garaşsyz ylmy-barlag toparynyň hasabatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Ýeriň ilatynyň tas ýarysy aşa yssy howalaryň uzaga çekmegi bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr
Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi
01.06.2025 19:16
6.1k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar
Ol ýeke-täk… Aston Martin eksklýuziw DB12 plýaž kabrioletini hödürledi
01.06.2025 19:07
4.7k+

Ol ýeke-täk… Aston Martin eksklýuziw DB12 plýaž kabrioletini hödürledi

Aston Martin diňe bir nusgada döredilen, aýratyn «DB12 Volante Palm Beach Edition» atly kabrioletini hödürledi. Bu awtoulag ABŞ-nyň iň baý şäherleriniň biri bolan Palm-Biç üçin ýörite taýýarlandy. Bu model «Aston Martin Palm Beach» diler merkeziniň sargydy boýunça «Q» bölümi tarapyndan işlenip düzüldi
Ýewropada kitleriň süňkünden ýasalan iň gadymy gurallar tapyldy. Awçylar olary 20 müň ýyl ozal ulanypdyrlar
01.06.2025 19:05
4.5k+

Ýewropada kitleriň süňkünden ýasalan iň gadymy gurallar tapyldy. Awçylar olary 20 müň ýyl ozal ulanypdyrlar

Arheologlar Biskaý aýlagynyň kenaryndan kitleriň azyndan bäş görnüşiniň süňklerinden ýasalan süňk gurallary tapdylar. Olaryň ýaşy 20 müň ýyl töweregi, diýmek, olar şunuň ýaly görnüşdäki gurallaryň iň gadymysydyr diýip, New Scientist neşiri ýazýar
Programma işläp düzüjiler 2024-nji ýylda App Store arkaly 406 mlrd dollar gazandy
01.06.2025 18:52
1.9k+

Programma işläp düzüjiler 2024-nji ýylda App Store arkaly 406 mlrd dollar gazandy

Apple kompaniýasy App Store programmalar dükanyndaky girdejiler boýunça garaşsyz barlagyň netijelerini hödürledi. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda programmalaryň işläp düzüjileri «App Store» ekoulgamy arkaly 406 mlrd dollar gazanypdyr
Geohimikler altynyň gelip çykyşyny düşündirdiler: ol Ýeriň özeninden syzylyp çykýar
01.06.2025 18:47
5.4k+

Geohimikler altynyň gelip çykyşyny düşündirdiler: ol Ýeriň özeninden syzylyp çykýar

Germaniýanyň Göttingen uniwersitetiniň geohimikleri görlüp-eşidilmedik açyş etdiler. Olaryň barlaglary altynyň we beýleki gymmatly metallaryň üstki gatlaga Ýeriň özeninden syzylyp çykýandygyny subut etdi. Nature žurnalynda çap edilen ylmy makalada bu prosesiň milliardlarça ýyllap dowam edýändigi aýdylýar
Paleontologlar Ispaniýada stegozawryň gowy saklanyp galan kelleçanagyny tapdy
01.06.2025 13:56
3.5k+

Paleontologlar Ispaniýada stegozawryň gowy saklanyp galan kelleçanagyny tapdy

Ispan paleontologlary möhüm tapyndy barada habar berdi. Ýurduň gündogaryndaky Teruel welaýatynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda stegozawryň kelleçanagy tapyldy – ol örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr
Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy
01.06.2025 13:53
4.7k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi
Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler
01.06.2025 13:51
3.1k+

Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde gumanoidleriň ilkinji Halkara olimpiadasy geçiriler. Adam şekilli robotlar sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çeýeligi, tizligi we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezer
Režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zady auksiona çykarylar
01.06.2025 13:50
3.4k+

Režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zady auksiona çykarylar

Julien’s Auctions auksion öýi Turner Classic Movies bilen bilelikde režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zadyny satuwa çykarar diýip, Variety habar berýär. The David Lynch Collection atly auksion 18-nji iýunda Kaliforniýada onlaýn görnüşde geçiriler
“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi
01.06.2025 13:47
4.3k+

“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi

“Liwerpul” Lewerkuzeniň “Baýeriniň” sag goragçysy Žeremi Frimpongyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Klubuň web sahypasynda 24 ýaşly niderlandly futbolçynyň iňlis kluby bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşandygy habar berildi
“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy
01.06.2025 02:49
16k+

“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy
Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar
31.05.2025 19:45
5.7k+

Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar

Çaganyň tomusky dynç alyş möwsümini nädip hem peýdaly, hem gyzykly geçirmeli? Sport ýerine düşen çözgüt bolup biler. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar
Aşgabatda 300 çaga Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi
31.05.2025 18:14
10k+

Aşgabatda 300 çaga Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi

1-nji iýunda – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 300 çaga däp bolan küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Bu çäre ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky
Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy
31.05.2025 17:42
8.5k+

Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy

Ispan arheologlary San-Lasaro gowagynda (Ispaniýa) adamyň ýüzüni ýada salýan uzyn daş tapdylar. Daşyň edil ortasynda, ähtimal, burny aňladýan gyzyl nokat bar. Geçirilen seljermeler bu nokadyň ohra (gyzylymtyl tebigy mineral boýag) batyrylan barmak bilen goýlandygyny görkezdi
Uill Smit aýdym-saz syýahatyna çykar we bile düşen suraty üçin janköýerlerinden 550 dollar alar
31.05.2025 17:39
8.2k+

Uill Smit aýdym-saz syýahatyna çykar we bile düşen suraty üçin janköýerlerinden 550 dollar alar

Aktýor we sazanda Uill Smit özüniň Based on a True Story atly täze albomyny goldamak üçin aýdym-saz syýahatyna çykýandygyny habar berdi. Daily Mail-iň habar bermegine görä, artist Beýik Britaniýanyň şäherlerinde, şol sanda Londonda, Skarboroda we Wulwerhemptonda çykyş eder
Audi sport ulagynyň äheňindäki oýun oturgyçlaryny çykardy
31.05.2025 17:38
5.2k+

Audi sport ulagynyň äheňindäki oýun oturgyçlaryny çykardy

Audi kompaniýasy Vertagear şereketi bilen bilelikde hem iş, hem-de kibersport üçin amatly ofis oturgyçlaryny çykardy. Täze önümler awtoulag öndürijisiniň sport ulaglarynyň oturgyçlary görnüşinde bezeldi. Bezegde markanyň awtoulaglarynyňka meňzeş ýa-da edil şonuň ýaly materiallar ulanylýar
Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?
31.05.2025 17:36
10k+

Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?

Apple indi iPhone-laryň daşky görnüşini ownuk üýtgeşmeler bilen däl-de, her ýyl has uly özgertmeler bilen täzeläp başlar. Bu barada komponent üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere salgylanyp, Digital Chat Station insaýderi habar berdi
Ştrausyň «Mawy Dunaý» walsy kosmosa iberiler
31.05.2025 17:34
1.6k+

Ştrausyň «Mawy Dunaý» walsy kosmosa iberiler

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny kompozitor Iogann Ştrausyň doglan gününiň 200 ýyllygy bilen bilelikde bellemäge karar berdi. Bu iki möhüm senäniň hormatyna, meşhur kompozitoryň «Ajaýyp mawy Dunaýda» atly walsy radiosignal görnüşinde kosmosa iberiler diýip, «Phys
Pikaçu, Naýki, Pu... Ýaponiýada anime gahrymanlarynyň stilindäki çylşyrymly atlaryň dakylmagyna garşy göreşýärler
31.05.2025 17:33
5.9k+

Pikaçu, Naýki, Pu... Ýaponiýada anime gahrymanlarynyň stilindäki çylşyrymly atlaryň dakylmagyna garşy göreşýärler

Ýaponiýa çagalaryň atlarynyň hytaý harplary - kandzi bilen ýazylan aýdylyşynyň täze düzgünlerini girizdi. Japan Today -iň habar bermegine görä, bu köplenç animeden we pop medeniýetden ylham alýan adaty bolmadyk we okamasy kyn aýdylyş usullaryny aradan aýyrmak üçin edildi
Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy
31.05.2025 17:28
6.4k+

Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy

Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi. Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy
Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler
31.05.2025 16:39
2.6k+

Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi
Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar
31.05.2025 16:23
2.2k+

Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar

Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly
Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy
31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar
Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi
31.05.2025 16:19
3.4k+

Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi

«D3O» kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek nenýuton materialyndan taýýarlanan podkladkaly motosikl şlemini işläp düzdi. Adaty ýagdaýda ol ýumşak bolýar, emma urgy wagtynda tiz wagtda gatap, goragy üpjün edýär. Täze önümiň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar diýip, «ITHome» habar berýär
NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy
31.05.2025 16:17
3.5k+

NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy

NASA-nyň öňki inženeri Mark Rober kosmosdan selfi etmäge mümkinçilik berýän mugt hyzmaty ýola goýdy. Surata Sat Gus hemrasynda oturdylan kamera arkaly düşürilýär diýip, CrunchLabs kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär
Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri
31.05.2025 15:59
7.3k+

Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri

Environmental Photography Award 2025 bäsleşiginiň (“Daşky gurşawyň fotosuraty baýragy 2025”) guramaçylary ýeňijileri we finalçylary yglan etdi. Baýrak ekologiýa, tebigaty goramak we ýitip barýan görnüşleri goramak meselelerine ünsi çekmek üçin Monakonyň knýazy Alber II-niň gaznasy tarapyndan döredildi
Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi
31.05.2025 15:51
2.6k+

Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi

Britaniýaly strit-art (köçe sungaty) suratkeşi Benksi täze işini hödürledi. Instagramda ýerleşdirilen suratda goňras diwaryň ýüzüne trafaret bilen çekilen maýak görünýär. Onuň üstünde bolsa: «Men siziň mende görýän zadyňyz bolasym gelýär» diýlip ýazylan
Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy
31.05.2025 15:49
3k+

Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy

Netflix striming hyzmaty «Pyçaklar çykaryldy: Oýan, merhum» («Wake Up Dead Man: A Knives Out Mystery») atly filme degişli iki sany tizer paýlaşdy. Bu meşhur detektiw Benua Blank barada düşürilýän franşizanyň üçünji bölümi bolup, onuň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär
Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji
31.05.2025 15:23
5.1k+

Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji

Land Rover 2026-njy ýyl üçin täzelenen Defender modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Carscoops» habar berýär. Täze model täze görnüşli LED çyralar we garaldylan yzky yşyklar bilen enjamlaşdyrylan. Täze reňk görnüşleriniň goşulmagy bilen, ulagyň daşky görnüşi has-da özüne çekiji boldy: «Woolstone», «Borasco» we «Sargasso» ýaly täze öwüşginler goşuldy
Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi
31.05.2025 15:15
1.7k+

Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi

29-njy maýda Hytaýyň Space Epoch kompaniýasy YXZ-1 göteriji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi. Geçen ýyl ol Alibaba Group bilen gaýtadan ulanylýan raketalary ulanyp, tutuş dünýä boýunça harytlary dessin eltmek barada şertnama baglaşdy
Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar
31.05.2025 15:00
1.7k+

Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar

Apple kompaniýasy operasion ulgamlary belgileýiş usulyny düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň sözlerine görä, Apple-yň indiki operasion ulgamlary wersiýa belgisi boýunça däl-de, çykaryljak ýylyndan soňky ýyl boýunça atlandyrylar
Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy
31.05.2025 14:57
3.9k+

Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy

e.l.f. Beauty kompaniýasy bir milliard dollara amerikaly model Heýli Biber tarapyndan esaslandyrylan Rhode gözellik brendini satyn aldy diýip, CNN habar berýär. Şertnama e.l.f. Beauty-ä 800 million dollara düşdi, galan 200 million dollary kompaniýa Biber-e satuwlaryň bahasy ýokarlanan ýagdaýynda tölär
Ilaty has bilimli ýurtlaryň reýtingi çap edildi
31.05.2025 14:55
12k+

Ilaty has bilimli ýurtlaryň reýtingi çap edildi

Ýurduň abadançylygy köp babatda zähmete ukyply ilatyň bilim derejesine baglydyr. Bilimli hünärmenler köplenç ýokary netijeliligi gazanýarlar, innowasiýalary ornaşdyrýarlar we ykdysady ösüşe goşant goşýarlar. Olaryň goşandy döwletiň ösüşi üçin durnukly esas döredýär
“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler
31.05.2025 13:58
1.8k+

“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler

Warner Bros. kompaniýasy Tom & Jerri Gokko anime serialynyň treýlerini – syçan bilen pişigiň tükeniksiz oňşuksyzlygy hakyndaky meşhur “Tom we Jerri” multserialynyň täze wersiýasyny hödürledi. Bu treýlerde gahrymanlar, nusgawy multserialdaka garanyňda, biraz dostlukly gatnaşyklara ýykgyn edýärler