Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar

31.05.2025, 19:455,737

Çaganyň tomusky dynç alyş möwsümini nädip hem peýdaly, hem gyzykly geçirmeli? Sport ýerine düşen çözgüt bolup biler.

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar.
Kikboks türgenleşikleri:

  • Fiziki işjeňligi, tizligi we çydamlylygy ösdürmäge;
  • Urgy tehnikalaryny özleşdirmäge;
  • Beden taýýarlygyňy taplamaga;
  • Çempion derejä baryp ýetmäge kömek edýär.

Türgenleşikleri kikboks boýunça ussat tälimçiler alyp barýar.
Isleg bildirýänler türgenleşikler üçin özüne laýyk günleri hem wagty saýlap bilerler. Türgenleşikler 1-3-5 günlerde, şeýle hem 2-4-6 günlerde geçirilýär.
Wagty 19:00 — 21:00-da hem-de 09:00-10:30-da.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 65 68-68-30

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.