Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy
20.05.2025 10:31
2.5k+

Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy

Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady
“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy
20.05.2025 10:21
11k+

“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy

France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
20.05.2025 10:00
12k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyryp, Karara gol çekdi
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
20.05.2025 08:06
3.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

19-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny işe girişmegi mynasybetli gutlady
20.05.2025 07:58
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny işe girişmegi mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda Papa Leo XIV-niň bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi
Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň täze Prezidenti saýlandy
20.05.2025 07:51
5.7k+

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň täze Prezidenti saýlandy

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňdi. Resmi maglumatlara görä, býulletenler 100% işlenenden soň, ol 6,1milliondan gowrak ses (53,60%) aldy diýip, Associates Press habar berýär
Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi
20.05.2025 07:48
3.1k+

Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär
OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer
20.05.2025 07:46
3k+

OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer

«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler
20.05.2025 07:44
8.4k+

Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär
Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy
20.05.2025 07:41
1.4k+

Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy

«Autonomous Inc.» kompaniýasy «Brainy» atly täze iş stansiýasyny hödürledi. «Brainy» – bulut ulgamlaryna mätäç bolmazdan, emeli aň modellerini ýerli ýagdaýda işledip, türgenleşdirip bilýän kiçi ölçegli güýçli enjamdyr
Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi
20.05.2025 07:39
2.3k+

Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi

«Audi» kompaniýasynyň Wengriýanyň Dýor şäherindäki zawodynda «Q3» awtoulagynyň millionynjy nusgasy öndürildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanyşdyrylan ykjam awtoulag henizem kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar
Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady
20.05.2025 07:37
3.9k+

Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady

Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär. Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy
Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly
20.05.2025 07:20
5.1k+

Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly

Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi. Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar
Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler
20.05.2025 07:16
2k+

Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär. Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler
Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer
19.05.2025 22:42
5.3k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler
Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy
19.05.2025 22:36
6.4k+

Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy

«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler
Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi
19.05.2025 22:31
7.5k+

Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi
Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi
19.05.2025 19:06
8k+

Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi

“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy
Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi
19.05.2025 19:03
4.9k+

Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi

Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi. Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär
Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär
19.05.2025 19:01
5.7k+

Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär

EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi
Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady
19.05.2025 18:58
5.1k+

Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir. Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär
Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar
19.05.2025 18:55
4.2k+

Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär
Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi
19.05.2025 18:53
2.9k+

Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi

Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir
Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar
19.05.2025 18:18
2.6k+

Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar

Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Neýrobiolog: Nusgawy saz çyşyrymly meseläni çözmäge girişmezden ozal ünsüňi jemlemäge kömek edýär
19.05.2025 18:15
2.7k+

Neýrobiolog: Nusgawy saz çyşyrymly meseläni çözmäge girişmezden ozal ünsüňi jemlemäge kömek edýär

Nusgawy saz ünsüňi jemlemäge we işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu barada New York Post neşirine neýrobiolog we “Beýnä bähbitli iş ýeri: näme üçin zehinli adamlar işden çykyp gidýärler” kitabynyň awtory Friderike Fabrisius gürrüň berdi
Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler
19.05.2025 18:12
5k+

Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler

London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi. Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy
YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar
19.05.2025 18:09
2.2k+

YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar

Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer
Astronomlar ilkinji gezek Ýerden 155 ýagtylyk ýyly uzaklykda kristallaşan suw buzuny tapdylar
19.05.2025 17:55
3.9k+

Astronomlar ilkinji gezek Ýerden 155 ýagtylyk ýyly uzaklykda kristallaşan suw buzuny tapdylar

Astronomlar onlarça ýyl bäri doňan suwuň diňe bir Gün ulgamynda däl, eýsem onuň daşyndaky ýerlerde hem bolup biljekdigini çaklap gelýärdiler. Indi bolsa «Jeýms Uebb» teleskobynyň kömegi bilen ilkinji gös-göni subutnama alyndy – kristallaşan suw buzy «HD 181327» atly ýyldyzyň daşyndaky galyndy diskinde ýüze çykaryldy
«Intuitive Machines» kompaniýasy «Athena» aý modulynyň ýykylmagynyň üç sebäbini düşündirdi
19.05.2025 17:52
1.9k+

«Intuitive Machines» kompaniýasy «Athena» aý modulynyň ýykylmagynyň üç sebäbini düşündirdi

ABŞ-nyň «Intuitive Machines» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Athena» (Afina) aý moduly 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Aýa gonjak bolanda, tehniki näsazlyklar sebäpli, ýykylypdy. Kompaniýanyň baş direktory Stiw Altemus başa barmadyk synanyşygyň sebäplerini düşündirdi
“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler
19.05.2025 17:50
4.8k+

“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler

Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler. Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär
Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi
19.05.2025 17:45
1.6k+

Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi

Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman smart-sagatlaryny hem-de Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro modellerini hödürledi. Watch 5 sagady 42  we 46 mm korpus diametrleri bilen elýeterlidir. Olaryň ikisi-de eSIM-i goldaýar we sport bilen meşgullanmak, saglyk ýagdaýyňa gözegçilik etmek üçin laýyk gelýär
Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy
19.05.2025 17:17
2.4k+

Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garwardyň hukuk mekdebiniň kitaphanasynda 80 ýyl saklanan we Azatlyklaryň beýik hartiýasynyň nusgasy hasaplanyp gelen golýazmanyň asyl nusgadygy kesgitlenildi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär
Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi
19.05.2025 15:07
2.7k+

Acer akylly ýüzügi we ikitaraplaýyn terjime funksiýasy bolan nauşnigi görkezdi

Computex 2025 sergisiniň öňüsyrasynda Acer kompaniýasy özüniň emeli aňly ilkinji dakylýan gurluşlaryny hödürledi. Bu FreeSense Ring smart-ýüzügi we AI TransBuds nauşnigidir. FreeSense Ring ýüzügi ultra-ýeňil titan ergininden ýasaldy
London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi
19.05.2025 15:05
2.2k+

London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi

London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi
Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi
19.05.2025 15:04
1.9k+

Acer ýelek ýaly ýeňil, ýöne kuwwatly noutbuk hödürledi

Acer kompaniýasy Computex 2025 sergisinde täze Swift Edge 14 AI flagman noutbugyny görkezdi. Gurluş ykjam dizaýny we ýokary öndürijiligi birleşdirýär. Ol Microsoft Copilot+ programmasy boýunça döredildi we bu ony Windows 11-de EA bilen işlemek üçin amatly edýär
“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
19.05.2025 15:00
3k+

“Ahyrky nokat 6” $102 mln ýygnap, franşizanyň taryhynda iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar
“Galatasaraý” 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony boldy we bäşinji ýyldyzyny aldy
19.05.2025 14:54
6k+

“Galatasaraý” 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony boldy we bäşinji ýyldyzyny aldy

Stambulyň “Galatasaraý” futbol kluby 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony titulyny gazandy. Topar möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda birinji orny üpjün etdi. Türkiýäniň Superligasynyň 36-njy tapgyrynda “ýolbarslar” öz meýdançasynda “Bellona Kaýserispory” 3:0 hasabynda utdy
Karlos Alkaras finalda Ýannik Sinneri utup, Rimde “Mastersiň” çempiony boldy
19.05.2025 14:49
2.3k+

Karlos Alkaras finalda Ýannik Sinneri utup, Rimde “Mastersiň” çempiony boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Rimde geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 8 mln ýewrodan geçýär. Duşuşyk 7:6 (7:5), 6:1 hasabynda dünýä reýtinginiň üçünji belgili tennisçisi Alkarasyň peýdasyna tamamlandy
Maks Werstappen Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
19.05.2025 14:47
1.9k+

Maks Werstappen Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Italiýanyň Imola şäherinde geçirildi. Pellehana ikinji bolup “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris geldi
Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy
19.05.2025 10:16
14k+

Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy