Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

20.05.2025, 10:0012,214

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyryp, Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, önümçilik we ekin dolanyşygy agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýlar.
Bu resminama ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.