DoorDash amerikan eltip bermek hyzmaty $3,9 mlrd dollara Deliveroo britan hyzmatyny satyn alar
09.05.2025 12:29
4.1k+

DoorDash amerikan eltip bermek hyzmaty $3,9 mlrd dollara Deliveroo britan hyzmatyny satyn alar

DoorDash amerikan kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Deliveroo nahar eltip bermek hyzmatyny 2,9 mlrd funt sterlinge (takmynan, 3,9 mlrd dollara) satyn almak boýunça ylalaşdy. Ylalaşyga görä, DoorDash Deliveroo-nyň her bir paýnamasy üçin 180 pens töleýär, bu bolsa onuň häzirki bahasyndan 44% köpdür
Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagyndan öň ABŞ-nyň söwda defisiti rekord $140,5 mlrd dollara ýetdi
09.05.2025 12:27
7.3k+

Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagyndan öň ABŞ-nyň söwda defisiti rekord $140,5 mlrd dollara ýetdi

ABŞ-nyň söwda balansynyň defisiti mart aýynda fewral bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 140,5 milliard dollara ýetdi. Bu maglumatlary Ykdysady seljeriş býurosy mälim etdi. 2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, bu defisit iki esse diýen ýaly artdy – 92,6%
Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär
09.05.2025 12:24
1.5k+

Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi
Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler
09.05.2025 12:06
7.2k+

Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler

Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler
Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy
09.05.2025 11:46
17k+

Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşynda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
09.05.2025 11:24
1.9k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

8-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary okatmak üçin dalaşgärleri kabul edýär
09.05.2025 11:06
10k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary okatmak üçin dalaşgärleri kabul edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly uçarman käri boýunça Türkiýäniň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwyň dowamlylygy 4 ýyl
Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer
09.05.2025 10:59
2.5k+

Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk hem-de InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergilerine gatnaşar. Sergiler 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriler
Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi
09.05.2025 10:53
3k+

Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

5-7 maýda aralygynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
09.05.2025 10:49
5k+

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy we wise-premýerler şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdiler
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
09.05.2025 10:44
7.4k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenobahyzmat”
Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady
09.05.2025 10:41
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär
Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy
09.05.2025 10:35
7.7k+

Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy

Ýewropa ligasynyň finala duşuşygyna iňlis klublary — «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» çykdy. Konferensiýalar ligasynda bolsa final duşuşygynda «Çelsi» bilen Ispaniýanyň «Betis» kluby güýç synanyşar. «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda Bilbaodan «Atletik» klubuny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady
09.05.2025 10:21
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. "Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys
Samsung 13-nji maýda örän inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürlär
09.05.2025 10:12
3.9k+

Samsung 13-nji maýda örän inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürlär

Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Model Galaxy S25 hatarynyň üstüni ýetirer we resmi taýdan 13-nji maýda hödürlener. Öň internet torunda smartfonyň suratlary, şeýle-de onuň käbir aýratynlyklary barada maglumatlar peýda bolupdy
iPhone 18 hatarynda alty dürli model bolar
09.05.2025 10:05
5.1k+

iPhone 18 hatarynda alty dürli model bolar

Apple kompaniýasy iPhone 18 hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Adaty we flagman wersiýalardan başga-da, oňa Air, “e” modelleri, şeýle-de kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony girer. Smartfonlaryň premýerasy birnäçe tapgyrda geçer
Britaniýaly aýal dynç güni işden boşadylandygy üçin kompaniýadan 33 müň dollar öwez tölegini aldy
09.05.2025 10:04
10k+

Britaniýaly aýal dynç güni işden boşadylandygy üçin kompaniýadan 33 müň dollar öwez tölegini aldy

Beýik Britaniýada bir aýalyň işden boşadylmagy onuň hukugynyň kemsidilmegi hökmünde ykrar edilenden soň, kazyýetiň karary bilen iş beriji kompaniýa şol aýala 25 müň funt sterling (takmynan, 33 müň dollar) öwez tölegini tölemäge borçly edildi
ABŞ-da 8-nji maý resmi taýdan Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip tassyklandy
09.05.2025 09:56
10k+

ABŞ-da 8-nji maý resmi taýdan Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip tassyklandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýy Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Resminama Ak tamyň web sahypasynda çap edildi. Jarnamada şol gün amerikanyň halkynyň gurban bolanlaryň hemmesini hatyralap sarpalaýandygy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we dünýäniň howpsuzlygyny, azatlygyny we abadançylygyny goramak borjuna wepalylygyny tassyklaýandygy aýdylýar
Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy
09.05.2025 09:48
4.3k+

Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy

Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady
Xiaomi täze Mix 5 bilen Mix smartfon hataryny dikeldýär
09.05.2025 09:44
2k+

Xiaomi täze Mix 5 bilen Mix smartfon hataryny dikeldýär

Xiaomi kompaniýasy Mix smartfonlarynyň hataryna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Bu barada hytaýly insaýder Digital Chat Station habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa täze Xiaomi Mix 5 modeliniň önümçiligine taýýarlanyp başlady
Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar
09.05.2025 09:40
7.8k+

Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar

Şotlandiýada Solueý-Fert aýlagynyň golaýynda iň gadymy futbol meýdançasynyň galyndylary tapyldy. Bu barada sport taryhçysy, Şotlandiýanyň futbol muzeýiniň esaslandyryjysy Ged O’Braýene salgylanyp, Independent habar berýär
BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy
09.05.2025 09:31
7.7k+

BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy

Germaniýanyň BMW awtokonserni öz önümleriniň hataryny giňeldýär. Kompaniýa iki sany täze atyr hödürledi – Amberness we Bergamood. Bu hoşboý yslar Widal maşgalasyna degişli bolan Mavive italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi
“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy
09.05.2025 09:29
3.7k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk” (Мир Юрского периода: Господство) filmi kinematograf taryhynda iň gymmat film boldy. Universal-yň Beýik Britaniýadaky salgyt resminamalaryna laýyklykda, filmiň önümçiligi 584 mln dollara (453 mln funt) düşdi
Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy
09.05.2025 09:24
5.2k+

Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy

8-nji maýda Watikanda konklaw tamamlandy. Täze Rim papasy hökmünde Çikagodan (ABŞ) Robert Frensis Prewo saýlandy. Ol taryhda 267-nji papa boldy we özüne Şir XIV adyny aldy. Täze papanyň saýlanandygy Sikstin kapellasynyň üçegindäki turbadan ak tüsse goýberilmegi bilen yglan edildi – bu dalaşgärleriň biriniň kardinallardan zerur ses sanyny alandygynyň we täze papa bolmaga razy bolandygynyň alamatydyr
Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar
09.05.2025 01:43
6.5k+

Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar

Lamborghini Rotterdam diler merkezinde aýratyn Lamborghini Revuelto satuwa çykaryldy. Awtomobil müşderilere üýtgeşik reňkleri, materiallary we bezegi saýlamaga mümkinçilik berýän Ad Personam programmasy boýunça döredildi
Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi
09.05.2025 01:37
1k+

Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenen “Başlat” (Start) menýusyny hödürledi. Indi ol sazlap bolýan makete we Phone Link programmasy bilen baglanyşyga eýe boldy. Menýunyň täze funksiýalary barada ilkinji yşaratlar bir aý mundan öň peýda boldy, şol wagt kompaniýanyň programmalar sanawyny esasy menýu bilen birleşdirjek bir umumy interfeýsiň üstünde işleýändigi belli boldy
Germaniýada gadymy rimlileriň söweş atlarynyň aramgähi tapyldy
09.05.2025 01:33
8.6k+

Germaniýada gadymy rimlileriň söweş atlarynyň aramgähi tapyldy

Arheologlar Germaniýada Rim imperiýasy döwrüniň atlarynyň mazarlygyny tapdy. Bu barada The Independent gazeti habar berýär. Taryhçylar bu jandarlaryň ala diýlip atlandyrylan II asyryň atly goşun bölümine gulluk edendigini anyklady
Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada dabaraly harby ýörişe gatnaşar
08.05.2025 17:03
26k+

Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada dabaraly harby ýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly rotasy 9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek Ýeňiş baýramynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi
Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi
08.05.2025 16:57
20k+

Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar
OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi
08.05.2025 16:49
3.2k+

OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi

ChatGPT-ni döreden OpenAI amerikan kompaniýasy täjirçilik däl guramanyň dolandyryşynda galar. Muny kompaniýanyň baş direktory Sem Altman 5-nji maýda işgärlere ýazan hatynda resmi taýdan yglan etdi. Onuň sözlerine görä, OpenAI çäklendirilen jogapkärçilikli täjirçilik däl kompaniýa bolmagyndan jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek boýunça korporasiýa  öwrüler
BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy
08.05.2025 16:46
5.1k+

BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy

Ikinji jahan urşunyň gutarmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirada BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite mejlisi geçirildi. Ol mart aýynda Russiýanyň teklibi bilen kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda geçirildi
Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder
08.05.2025 16:42
4.8k+

Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder

Hyundai Jorjiýa ştatyndaky Metaplant America zawodynda adam şekilli Atlas robotlaryny ulanyp başlar. Bu iki aýakly maşynlar Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we öň adamlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenýär
Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar
08.05.2025 16:41
6.3k+

Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar

Amerikaly neýrohirurglar göz hanasyndan aralaşmak arkaly kelleçanagyň düýbündäki çişi aýyrmak bilen özboluşly operasiýany amala aşyrdylar. Operasiýa 19 sagat dowam etdi we munuň üçin ýokary takyklyk gerek boldy
Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady
08.05.2025 16:38
1.9k+

Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady

Google-yň Gemini 2.5 Pro emeli aňy 1996-njy ýylda çykan Pokémon Blue oýnuny üstünlikli tamamlady. Gemini Plays Pokémon atly taslamany Google bilen baglanyşykly bolmadyk programmist gurady. Görkezilen oýun kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda baş direktor Sundar Piçainiň  ünsüni özüne çekdi, ol bu üstünligi sosial ulgamlarda örän täsirli diýip atlandyrdy
Sankt-Peterburgda dünýäde ikinji beýik gökdirän binanyny gurmak meýilleşdirilýär
08.05.2025 16:36
10k+

Sankt-Peterburgda dünýäde ikinji beýik gökdirän binanyny gurmak meýilleşdirilýär

Sankt-Peterburgda iki sany täze gökdirän binanyň gurluşygyna taýýarlyk işleri dowam edýär. “Gazprom” JPJ olary Ýewropanyň iň beýik binasy (462 m) bolan “Lahta Merkeziniň” gapdalynda gurmagy meýilleşdirýär. Täze binalaryň beýikligi 555 we 703 metr bolar
Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy
08.05.2025 16:33
9.9k+

Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy

Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň inženeri Li Biniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dronlar arkaly bulutlara täsir etmek boýunça synag geçirdiler. Bir günüň dowamynda, 8 müň inedördül kilometr meýdanda ýagşyň mukdary 4% artdy
Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi
08.05.2025 16:17
11k+

Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi

Azerbaýjanyň ADOG kompaniýasy bilen Halkara Zira porty Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklibini orta atdy. Bu barada azerbaýjan maglumat portaly «Minval Politika» habar berýär. Taslamada diametri 10 metr bolan tuneliň gurluşygy göz öňünde tutulýar
ABŞ bikanun migrantlaryň watanyna dolanmagy üçin ýol biletlerini satyn alyp berer we 1000 dollar tölär
08.05.2025 16:15
13k+

ABŞ bikanun migrantlaryň watanyna dolanmagy üçin ýol biletlerini satyn alyp berer we 1000 dollar tölär

ABŞ-nyň Içeri Howpsuzlyk ministrliginiň (DHS) duşenbe güni habar bermegine görä, ABŞ-nyň hökümeti bikanun migrantlaryň (ýurda bikanun girenleriň) öz watanyna dolanmagy üçin, biletleriň nyrhyny tölär we ýurduň çäginden çykandygyny tassyklandan soň, olara 1000 dollar möçberinde pul berler
Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar
08.05.2025 16:11
3.1k+

Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň döremegine we ýangyna sebäp bolup biler
Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi
08.05.2025 15:56
2.2k+

Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) SpaDeX missiýasynyň çäklerinde özboluşly synag geçirdi. Iki emeli hemra, SDX 01 we SDX 02, 470 km belentlikde sagatda 28,8 müň km tizlik bilen hereket edip, golaýlamak manýowryny ýerine ýetirdi