Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

09.05.2025, 10:413,501

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany hatynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mers ýurduň taryhynda onunjy kansler boldy. Ol Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (GSDP) bilen koalisiýa hökümetine ýolbaşçylyk eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.