Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady
02.05.2025 18:09
18k+

Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady

Chery kompaniýasy özüniň täze Tiggo 8 CSH gibrid krossoweri üçin “awtomobil diňi” synagyny geçirdi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. Synagda bu brendiň ýedi awtomobili biri-biriniň üstünden dik goýuldy we netijede 12 metrlik “diň” emele geldi
Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy
02.05.2025 18:01
12k+

Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy

Toyota ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň täzelenen Camry ulagyny hödürledi. Esasy täzelik – SE we XSE wersiýalaryna esaslanan Nightshade Edition boldy. Nightshade wersiýasynyň esasy aýratynlygy garaňky stil bolup, radiator gözeneginde, aýnalarda, gapy tutarlarynda, spoýlerde we yzky bamperde gara detallar hem-de 19 dýuýmlyk gara diskler we garaldylan nyşanlar bilen tapawutlanýar
Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi
02.05.2025 17:54
24k+

Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Tailanda syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin Tailandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplar güýje girdi. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar beripdi
Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi
02.05.2025 17:03
12k+

Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi
Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi
02.05.2025 16:46
6.5k+

Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar
Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy
02.05.2025 16:38
8.7k+

Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy
02.05.2025 16:31
17k+

Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir
«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
02.05.2025 16:22
8.4k+

«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar
02.05.2025 16:13
8.4k+

Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar

2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy guralar
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
02.05.2025 16:06
5.9k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
02.05.2025 15:57
9.1k+

Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler
Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy
02.05.2025 15:45
8.9k+

Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy

Hindistanyň Kerala ştatynda dini däp-dessurlarda robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy. Aýna süýümden we rezinden ýasalan metal karkasly bu mehaniki jandarlar hakyky pilleriň hereketlerini we sesini gaýtalap bilýär diýip, Goodnet habar berýär
Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
02.05.2025 13:11
9.4k+

Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy
Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler
02.05.2025 13:07
6.6k+

Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler

Müsür Giza piramidalarynyň durkuny täzelemek işlerine 51 mln dollar bölüp berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti eýýäm birnäçe wagtdan bäri dolandyryşyň pesligi, iriziji söwdagärler, adamlaryň köp bolmagy we haýwanlara ýowuz daralmagy sebäpli tankyt edilýär diýip, DailyExpress habar berýär
Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär
02.05.2025 13:05
17k+

Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär

Saud Arabystany 10-njy iýuna çenli dowam etjek haj döwründe musulmanlar üçin mukaddes ýerlere – Mekgä we Medinä barmagyň täze düzgünleri barada habar berdi. Indi giriş diňe ýörite haj wizasy bilen mümkindir. Ýurduň Içeri işler ministrligi ygtyýarnamasyz haj parzyny ýerine ýetirmek synanyşygy üçin 20 000 saud rialyna (takmynan, 5 300 dollar) çenli jerimäniň göz öňünde tutulandygyny duýdurýar
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy
02.05.2025 12:59
8.8k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy

2-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby myhmançylykda Ispaniýanyň “Atletik” toparyny utdy
Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar
02.05.2025 12:45
12k+

Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar

1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk bilen bagly meselelere garalyp geçildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
Raşid Meredow BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy
01.05.2025 23:51
4.1k+

Raşid Meredow BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

30-njy aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahi bilen duşuşyk geçirdi
Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy
01.05.2025 23:43
17k+

Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy

Amerikaly aýdymçy Beýonse ABŞ we Ýewropa boýunça Cowboy Carter konsert syýahatyna başlady. Onuň çäklerinde ilkinji konsert Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçirildi we bu ýerde ol özüniň tehnologiki taýdan çylşyrymly çykyşy bilen muşdaklary haýran galdyrdy
Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
01.05.2025 23:35
8.6k+

Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
01.05.2025 23:28
2.1k+

Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýar
Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy
01.05.2025 20:57
23k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi
Bilermenler Ispaniýadaky tok öçmesiniň zyýanyny 4,5 mlrd ýewro diýip çaklaýarlar
01.05.2025 20:22
6.9k+

Bilermenler Ispaniýadaky tok öçmesiniň zyýanyny 4,5 mlrd ýewro diýip çaklaýarlar

28-nji aprelde Ispaniýada elektrik togunyň sebit derejesinde öçmegi ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirip biler. RTVE bilen geçirilen gürrüňdeşlikde bilermenleriň aýtmagyna görä, ýeten zyýanyň möçberi 1 mlrd – 4,5 mlrd ýewro aralygynda üýtgeýär
Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler
01.05.2025 20:10
7.2k+

Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler

3-nji maýdan 18-nji maý aralygynda Brýusseldäki Poelaert meýdançasynda The View syn ediş çarhynda mugt aýlanmak bolýar. Bu aksiýa Samsung tarapyndan täze Galaxy S25 smartfonlaryny mahabatlandyrmagyň çäklerinde gurnaldy
Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez
01.05.2025 20:08
4.8k+

Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez

Nepal Ewereste çykýan alpinistleriň sanyny çäklendirer. Indi çykmak üçin ygtyýarnamany diňe ozal ýurduň 7 müň metr beýiklikdäki daglarynyň, iň bolmanda, birine çykan alpinistler alyp biler. Bu çözgüt dünýäniň iň beýik dagynda howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi
WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär
01.05.2025 20:04
9.3k+

WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy
Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi
01.05.2025 15:26
20k+

Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi

116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär
Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy
01.05.2025 14:37
6.3k+

Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy

29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy
Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy
01.05.2025 14:34
14k+

Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy
UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar
01.05.2025 14:27
13k+

UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy
Hytaýda 10 ýyldan soň dünýäniň iň beýik “taşlanan” binasynda gurluşyk işleri dikeldildi, bina 117 gatly
01.05.2025 14:24
15k+

Hytaýda 10 ýyldan soň dünýäniň iň beýik “taşlanan” binasynda gurluşyk işleri dikeldildi, bina 117 gatly

Hytaýyň Týanszin şäherinde 597 metrlik Goldin Finans 117 binasynyň gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlanýar. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär. Doly gurlup gutarylmadyk bina 2015-nji ýyldan bäri boş ýatyr
Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder
01.05.2025 14:19
16k+

Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy
Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?
01.05.2025 14:01
4.8k+

Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?

Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de,  “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar
Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy
01.05.2025 13:35
6k+

Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy

Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär
Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi
01.05.2025 13:29
11k+

Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalynda “Kawasaki Frontale” ýapon topary Saud-Arabystanyndan “Al-Ahli” bilen duşuşar. 30-njy aprelde geçen ýarym final oýnunda “Kawasaki” Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan “Al-Nasr” toparyny utdy
Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy
01.05.2025 13:07
7.5k+

Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär
Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar
01.05.2025 13:04
10k+

Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar

Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär
Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy
01.05.2025 13:01
3.3k+

Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi
Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder
01.05.2025 12:56
3.5k+

Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder

«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär
ABŞ-da we Germaniýada bitkoin gazyp almak indi düşewüntli däl
01.05.2025 12:52
6.6k+

ABŞ-da we Germaniýada bitkoin gazyp almak indi düşewüntli däl

CoinShares-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi boýunça hasabatyna görä, bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Munuň sebäbi, her blok üçin baýragyň 3,125 bitkoine (BTC) çenli azalmagy, tordaky kynçylygyň artmagy, elektrik energiýasynyň gymmatlamagy we güýçli enjamlara zerurlygyň döremegi bilen baglanyşykly diýip, «PCWorld» neşiri habar berýär