Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

01.05.2025, 09:1915,929

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy.

Awtoulag 610 at güýji kuwwaty bolan goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol bäş sekuntda tizligini 100 km/sag-a ýetirip bilýär, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 280 km. Ulagyň gurluşynda uglerod süýümi we alýumin bölekleri ulanylýar, bu ulaga özünde ýokary öndürijilik bilen häzirki zaman dizaýnyny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu Dubaý polisiýasynyň Mansory bilen düzen ilkinji taslamasy däl. Ondan öň şuňa meňzeş üýtgeşik modifikasiýadaky Mersedes-AMG G63 bilen ulag parkynyň üsti ýetirilipdi, ol 3,7 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýärdi.
Şeýle ulaglar polisiýanyň diňe bir tehniki taýdan ýokary derejede üpjün edilendigini  görkezmeýär. Olar esasan syýahatçylary haýran galdyrmagy we olaryň öňünde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň oňyn keşbini döretmegi göz öňünde tutýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.