BAE-de sürüjilere bir günde 9 sagatdan artyk ulag sürmek gadagan ediler

Düýn, 20:533,452

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) sürüjilere bir günde 9 sagatdan köp ulag sürmek gadagan ediler. Bu düzgün Ministrler Kabinetiniň kararynda berkidildi. Gulf Business neşiriniň habar bermegine görä, çäklendirme uçdantutma ähli sürüjilere degişlidir.

Federal ýol hereketi geňeşi zerur bolan ýagdaýynda bellenen wagt çägini üýtgedip biler. Şeýle-de bolsa, esasy talap ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bolup galýar. Eger sürüjiniň ýadawlygy ulag dolandyrmak ukybyna täsir edýän bolsa, onda ol 9 sagatlyk çäge ýetmedik ýagdaýynda-da ulagyny saklamalydyr.

Täze çäklendirmeler aşa ýadawlyk we ukusyzlyk sebäpli ýüze çykýan ýol-ulag hadysalarynyň sanyny azaltmaga gönükdirildi. Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda BAE-de sürüjileriň argynlygy we ukusyzlygy sebäp bolan 20 sany ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy.

Oktýabr aýynda Emirates Road (E611) gara ýolunda bolup geçen ýol-ulag hadysasyndan soň, Dubaýyň polisiýasy sürüjiler üçin resmi duýduryş çykardy. Şol hadysada ýük ulagynyň sürüjisi ruluň başynda uklap, demir germewi süsdi. Netijede, ol ýeňil şikes aldy. Dubaýyň polisiýasynyň Ýol hereketi müdirliginiň ýolbaşçysy, brigada generaly Jumaa Salem bin Suwaýdan sürüjileri ýola çykmazdan öň gowy dynç almaga we ýadawlygyň ilkinji alamatlaryna hem biperwaý garamazlyga çagyrdy.

«RoadSafetyUAE» guramasynyň hünärmenleri ýadawlygyň adamyň öz erkini elden bermegine sebäp bolup biljekdigini belleýärler. Ýadawlygyň esasy alamatlarynyň arasynda ýygy-ýygydan pallamak, gözleriň awuşamagy, hereketlere haýal jogap gaýtarmak, ulagyň öz-özünden bir zolakdan beýlekisine geçmegine ýol bermek we geçilen ýoluň soňky birnäçe kilometrini ýatdan çykarmak bar. 

Hünärmenler sürüjilere ýola çykmazdan öň azyndan 7–8 sagat ýatyp ukyny doly almagy, şeýle hem her iki sagatdan 15 minutlyk arakesme etmegi maslahat berýärler. Ukusy tutanda sürüji ulagyny howpsuz ýerde saklap, dynç almalydyr.