Rolls-Royce kompaniýasy özüniň flagman sedany bolan Phantom modeliniň Regatta atly eksklýuziw görnüşini hödürledi. Angliýanyň günorta kenaryndaky ýelkenli gämileriň ýaryşlaryndan ylham alnyp döredilen bu awtoulag uzaldylan Phantom Extended modeliniň esasynda guruldy.
Sedanyň uzynlygy 5982 mm bolup, bu görkeziji Cadillac Escalade ESV ulagynyňkydan tas 25 sm uzyndyr. Awtoulagyň kuzowy el zähmeti bilen iki reňkde — Regatta Blue we English White reňklerinde boýaldy. Taslama boýunça, reňkleri bölýän çyzyk ýelkenli ýahtanyň suw çyzygyny (waterline) ýatladýar. Ulagyň daşky keşbini 22 dýuýmlyk tigir diskleri has-da bezeýär.

Deňiz tematikasy ulagyň salonynda hem öz beýanyny tapdy. Salonyň öň tarapy ak reňkli tikin bilen goýy gök deri, iki reňkli rul we öň paneldäki el zähmeti bilen ýasalan bezeg kompozisiýasy bilen bezelipdir. Yzky oturgyçlar bolsa goýy gök gyraly «Grace White» ak derisi bilen örtülipdir.

Yzky ýolagçylar üçin niýetlenen açylyp-ýapylýan stoljagazlar ýahtanyň palubasynyň stilinde taýýarlanypdyr. Olaryň hersini ýasamak üçin, takmynan, 120 sagat wagt sarp edilýär we patyşalyk hoz agajyndan 16 plastina hem-de gara boliwar agajyndan bölekler ulanylýar.

Ulagyň beýleki aýratynlyklarynyň arasynda yşyklandyrylan gapy panelleri we Waýt adasynyň töweregindäki daşgyn akymlarynyň şekilini janlandyrýan, 1307 sany optiki süýümli elementden ybarat bolan «Starlight Headliner» potology bar.
Tehniki taýdan Phantom Regatta adaty Phantom Extended modelinden tapawutlanmaýar. Ulag 571 at güýjüne we 900 N·m aýlanma pursatyna eýe bolan 6,75 litrlik V12 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň sagatda 96 km tizlige ýetmegi üçin 5,2 sekunt ýeterlik, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 250 km bilen çäklendirilýär.