Emeli aň himiýa senagatynda işläp taýýarlamalary çaltlaşdyrdy: täze laklardan ekologik gaplamalara çenli
30.01.2026 15:08
1k+

Emeli aň himiýa senagatynda işläp taýýarlamalary çaltlaşdyrdy: täze laklardan ekologik gaplamalara çenli

Generatiw emeli aň diňe bir tekstleri, suratdyr wideolary däl, eýsem himiýa senagatynda-da täze materiallary döretmekde öz mümkinçiliklerini giňden görkezip başlady. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär
SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar
30.01.2026 14:25
3.2k+

SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar

Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar
Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar
30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl
Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi
30.01.2026 12:48
5.2k+

Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi

Amerikaly Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeläp, Arman Sarukýany ikinji orna düşürdi. Bu barada promouşeniň resmi saýty habar berýär. Sanawdaky üýtgeşmeler Las-Wegasda geçirilen UFC 324 ýaryşyndan soň bolup geçdi
Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler
30.01.2026 12:22
2.4k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär
Adamlar pikirleri çapraz gelse-de, bilermenleriň dipfeýklerine ynanmaga köp ýykgyn edýärler
30.01.2026 12:20
3.4k+

Adamlar pikirleri çapraz gelse-de, bilermenleriň dipfeýklerine ynanmaga köp ýykgyn edýärler

​Diňleýjiler abraýy uly bolan adamlaryň çykyşlaryndaky audio-dipfeýklerine (emeli aň arkaly döredilen ses ýazgylaryna), hatda olaryň sözlerinde many taýdan çaprazlyk bolan ýagdaýynda-da ynanmaga has köp ýykgyn edýärler diýip "NeuroImage" žurnaly habar berýär
Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi
30.01.2026 11:52
6.9k+

Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi
Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi
30.01.2026 11:41
9.8k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär
Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»
30.01.2026 11:34
3.9k+

Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»

LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar
Uçýan gurbaga, bir gözli ýolbars... ​"Capturing Ecology" halkara bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
30.01.2026 11:16
4.9k+

Uçýan gurbaga, bir gözli ýolbars... ​"Capturing Ecology" halkara bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Britaniýanyň ekologiýa jemgyýeti her ýyl geçirilýän "Capturing Ecology" (Ekologiýany surata düşürmek) atly fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi. Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden ekologlar we fotosuratçylar gatnaşdylar
PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde
30.01.2026 11:14
16k+

PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde

Usman Nurmagomedow agram derejesine garamazdan PFL-iň iň gowy söweşijileriniň taryhda ilkinji resmi reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berdi. Guramanyň Combat Registry portaly bilen bilelikde girizen orunlary paýlamak ulgamy erkekleriň ýedi we zenanlaryň bir diwizionyny öz içine alýar
WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar
30.01.2026 11:02
1.6k+

WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar

Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar
101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar
30.01.2026 10:57
5.4k+

101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar

Argentinanyň “Riwer Pleýt” futbol kluby öz öý meýdançasy bolan “Monumental” stadionyny giňeltmek taslamasyna badalga berlendigini yglan etdi. Durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, arenanyň sygymy 85 müňden 101 müň tomaşaça çenli artar
Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy
30.01.2026 10:48
4.1k+

Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy

UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyry tamamlandy. 30-njy ýanwara geçýän gije tamamlan oýunlaryň netijeleri boýunça ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy. Iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galanlary bolsa utulan-çykdy oýunlarynda güýç synanyşarlar
Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi
30.01.2026 10:44
1.2k+

Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi

Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy
Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar
30.01.2026 10:35
2.1k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi
Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...
30.01.2026 09:44
10k+

Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...

Duýdansyz gelen «Kristin» harasaty Portugaliýada suw joşgunlaryna, weýrançylyklara we elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine sebäp boldy. BBC gullugynyň habar bermegine görä, tupanda azyndan bäş adam heläk boldy
Uky beýniden öň döräpdir. Muny meduzalar subut etdi
30.01.2026 08:37
2.6k+

Uky beýniden öň döräpdir. Muny meduzalar subut etdi

Meduzalar hem gije-gündiziň dowamynda adamlar ýaly takmynan sekiz sagat ýatýan ekenler. Bu barada Nature Communications žurnaly Bar-Ilan uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp habar berýär. Lior Appelbaumyň ýolbaşçylygynda işleýän neýrobiologlar boşiçegeliler toparyna degişli jandarlary öwrenip, şeýle netijä geldiler
$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolynyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi
30.01.2026 06:43
5k+

$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolynyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda dünýäniň futbol klublary transferler üçin rekord derejedäki pul möçberini — 13,08 milliard dollary sarp etdiler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hasabatynda bellenilýär. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, çykdajylar 52,3% ýokarlandy
Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi
30.01.2026 04:18
6.8k+

Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi

Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, her biri 24 maşgala niýetlenen iki sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy
Jeýms Webb garaňky materiýanyň iň takyk kartasyny döretdi
30.01.2026 03:49
1.3k+

Jeýms Webb garaňky materiýanyň iň takyk kartasyny döretdi

Jeýms Webb kosmos teleskopunyň maglumatlaryny işleýän alymlar garaňky materiýanyň şu güne çenli döredilen iň takyk kartalarynyň birini düzdiler. Gözlegiň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi. Täze karta — yşyk saçmaýan we görünmeýän maddyýet bolan garaňky materiýanyň adaty maddyýet bilen nähili baglanyşyklydygyny we  älemiň «kosmos karkasyny» (gurluşyny) nähili emele getirýändigini görkezýär
LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy
30.01.2026 03:19
1.9k+

LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy

LEGO Icons seriýasynda «Sauronyň tuwulgasy» atly täze toplum peýda boldy. 538 bölekden ybarat bolan bu toplum, meşhur epopeýanyň esasy ganymynyň tikenli tuwulgasynyň nusgasyny gaýtalaýar. Tuwulganyň taýýar modeliniň beýikligi takmynan 33 santimetre deňdir
Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler
30.01.2026 03:15
2.7k+

Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler

Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC Irvine) barlagçylary maglumatlary sekuntda 120 Gbit (takmynan sekuntda 15 gigabaýt) tizlikde geçirmäge ukyply simsiz kabul ediji-geçirijini işläp düzdüler. Deňeşdirmek üçin: «Wi-Fi 7» ulgamynyň nazary taýdan iň ýokary çägi 30 Gbit/s töweregi, «5G mmWave» aragatnaşyk ulgamynyňky bolsa 5 Gbit/s çenli ýetýär
Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy
30.01.2026 03:01
1.6k+

Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy

Şanhaýda adamşekilli robotlar üçin elleriň, aýaklaryň we beýleki «beden agzalarynyň» hereketine jogap berýän bogunlary öndürmäge ýöriteleşdirilen dünýäde ilkinji zawod işe girizildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi
29.01.2026 21:08
4.6k+

Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi

Collider neşiri häzire çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny hödürledi. Bilermenleriň bellemegine görä, gowy ylmy-fantastik filmler tomaşaçyny ýeňil galpyldyda saklaýar, toslanan dünýäniň ýönekeý düzgünlerini we ýyllar geçse-de könelmeýän pikirleri özünde jemleýär
CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi
29.01.2026 20:39
8.8k+

CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy
Çagalar bakja baglary peýdaly bakteriýalaryň esasy çeşmesi bolup çykdy
29.01.2026 20:16
2.4k+

Çagalar bakja baglary peýdaly bakteriýalaryň esasy çeşmesi bolup çykdy

Halkara alymlar topary çagalaryň bakja-baglara gitmeginiň olaryň içege mikrobiomasynyň kemala gelmegine öý şertlerinden has güýçli täsir edýändigini anykladylar. Bary-ýogy birnäçe aýdan soň, çagalar peýdaly bakteriýalary ene-atalaryna garanyňda, öz deň-duşlary bilen has işjeň alyş-çalyş edip başlaýarlar
Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder
29.01.2026 19:40
4.5k+

Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder

Singapur emeli aň ulgamynda gözlegleri we işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmegiň Milli meýilnamasyna (NAIRD) 1 mlrd Singapur dollaryndan ($786 mln) gowrak serişde gönükdirer. Bu barada Singapuryň Sanly ösüş we maglumat ministrligi (MDDI) habar berýär diýip, Channel News Asia belleýär
Matematik alym tas iki asyrdan bäri çözülmeze dönen deňlemäni çözdi
29.01.2026 18:18
8.3k+

Matematik alym tas iki asyrdan bäri çözülmeze dönen deňlemäni çözdi

Russiýaly matematik Iwan Remizow differensial deňlemeler nazaryýetine degişli bolan we 190 ýyldan gowrak wagt bäri analitiki usul bilen çözüp bolmaýar diýlip hasaplanan meseläniň çözgüdini tapdy. Habarda häzirki zaman ylmynyň esasy gurallarynyň biri bolan üýtgeýän koeffisiýentli ikinji tertipli differensial deňlemeler barada gürrüň gidýär
Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy
29.01.2026 17:40
5.1k+

Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy
Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy
29.01.2026 17:21
5k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar
Eýesiniň yzyna özi düşüp ýörýän uçýan saýawan döredildi
29.01.2026 16:22
7.4k+

Eýesiniň yzyna özi düşüp ýörýän uçýan saýawan döredildi

YouTube-daky "I Build Stuff" kanalynyň awtory, inžener Jon Sze ýagyş ýaganda adamyň yzyna özbaşdak eýermäge ukyply awtonom uçýan saýawan oýlap tapdy. Enjam dron tehnologiýalaryna esaslanyp bolup, adamyň depesinde pasyrdaýar we saýawany elde saklap durmak zerurlygyny aýyrýar
Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
29.01.2026 16:03
4.5k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy
Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi
29.01.2026 15:46
2.9k+

Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi

Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy
29.01.2026 15:36
2.7k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy
2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy
29.01.2026 15:25
9.9k+

2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy

Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi
Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy
29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar
ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär
29.01.2026 13:56
4.4k+

ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu ädim her bir çaganyň sagdyn bolmagyny, bilim almagyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir
Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy
29.01.2026 13:43
2k+

Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy

Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda energiýa sarp edilişini sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 essä çenli azaldýan analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir
Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar
29.01.2026 13:24
8.1k+

Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar

Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. «Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.