Emeli aň inženerleri ABŞ-ny terk edip, Hytaýa gaýdyp gelýärler

17.04.2026, 10:336,093

Hytaýda ABŞ-dan yzyna gaýdyp gelýän emeli aň hünärmenleriniň sanynyň görnetin artandygy bellenilýär. Gürrüň ozal Google DeepMind we OpenAI ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtlerinde işlän onlarça tejribeli inženerler we barlagçylar barada gidýär.

​Hünärmenleriň watanyna dolanmagynyň sebäpleriniň arasynda diňe bir bäsleşige ukyply zähmet şertleri däl, eýsem, täze oýlap tapyşlary durmuşa geçirmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hem bar. Hytaýda, aýratyn-da, Şençžen ýaly tehnologiýa merkezlerinde emeli aň çözgütleri senagatdan robototehnika çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has tiz ornaşdyrylýar.

​Şunlukda EA hünärmenleriniň Hytaýda işlemek islegine täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyş depgininiň ýokarylygy we ABŞ-nyň girizýän wiza düzgünleriniň, býurokratik bökdençlikleriň we syýasy basyşlaryň bu ýurtda işlemek höwesini peseltmegi sebäp bolýar diýip bellenilýär.

Görnüşi ýaly, Hytaý kem-kemden emeli aň ulgamynda dünýäniň özbaşdak merkezine öwrülýär we iň güýçli kadrlary özüne çekmegi başarýar.

Bu ýagdaý dünýäniň tehnologiýa bazarynda güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemegine we Hytaýyň emeli aň bäsleşigindäki ornunyň has-da berkemegine esas bolup biler.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.