«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy
11.02.2026 17:50
5.3k+

«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy

Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi
TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar
11.02.2026 17:26
5.9k+

TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar

Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar
ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi
11.02.2026 16:16
12k+

ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi

ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi. Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar
9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady
11.02.2026 16:02
7.4k+

9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady

2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy
Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar
11.02.2026 15:33
3.2k+

Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar

Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar
11.02.2026 15:11
4.1k+

Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar
Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi
11.02.2026 14:50
4.9k+

Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi

Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
11.02.2026 14:40
9.3k+

Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi

Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
Jastin Biber NFT maýa goýumlarynda 1 million dollardan gowrak pul ýitirdi
11.02.2026 13:57
4.9k+

Jastin Biber NFT maýa goýumlarynda 1 million dollardan gowrak pul ýitirdi

Meşhur amerikan aýdymçysy Jastin Biber «Bored Ape Yacht Club» (BAYC) kolleksiýasyndan bolan NFT-lere maýa goýup, 1 million dollardan gowrak serişdesini ýitirdi. Bu barada Happy Coin News neşiri habar berýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bored Ape #3001» atly NFT üçin aýdymçy 500 efirium (ETH) sarp edipdi
Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
11.02.2026 13:11
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
11.02.2026 13:09
9.1k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy
11.02.2026 12:45
3.4k+

Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy

10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Halkara guramalarynyň wekillerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok
11.02.2026 11:54
26k+

«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar
Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady
11.02.2026 11:52
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
11.02.2026 11:51
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi
11.02.2026 11:25
8.1k+

Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi

Toyota meşhur Highlander modeliniň 2027-nji ýyl üçin niýetlenen täze neslini tanyşdyrdy. Bu gezek Toyota düýpli ädim ädip, Highlander-iň benzinli we gibrid wersiýalaryndan doly ýüz öwürdi we ony diňe elektrikli (BEV) model hökmünde hödürledi
«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar
11.02.2026 10:34
4.5k+

«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar

Disney dünýä belli «Karib deňziniň garakçylary» filminiň dowamyny surata düşürmäge taýýarlanýar we ony ýakyn wagtda amala aşyrmaly esasy täze taslamalaryň hatarynda görýär. Bu barada studiýanyň öz çeşmelerine salgylanyp, tanymal insaýder Jeff Snaýder habar berdi
Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi
11.02.2026 10:07
2.1k+

Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen Fluorite atly hususy oýun hereketlendirijisini işläp düzmäge başlady. Bu taslama Toyota-nyň sanly hyzmatlar we interfeýsler üçin jogapkär bölümi bolan Toyota Connected North America tarapyndan amala aşyrylýar
MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy
11.02.2026 09:54
2.1k+

MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy

Dünýäniň iň meşhur ýutubçysy Jimmi "MrBeast" Donaldsonyň eýeçiligindäki Beast Industries kompaniýasy ýetginjeklere we ýaşlara hyzmat edýän Step bank goşundysyny satyn alandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu ylalaşyk Donaldsonyň şahsy maliýe serişdelerine we maýa goýumlaryna bagyşlanan täze YouTube kanalyny açmagynyň yzýanyndan baglaşyldy
Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler
11.02.2026 09:31
1.6k+

Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler

Humanoid kompaniýasy robotlaryň tutuş toplumy üçin ýeke-täk karar kabul ediş merkezi hökmünde işleýän KinetIQ dolandyryş ulgamyny tanyşdyrdy. Bu platforma senagat we durmuş gurşawynda ammar araba-robotlaryndan başlap, iki aýakly gumanoidlere çenli gurluşy we maksady dürli-dürli bolan enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär
Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?
11.02.2026 09:21
7.2k+

Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?

Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar
Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
11.02.2026 00:20
8.3k+

Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nemes dogy tohumyndan bolan  Minni lakamly it dünýäniň iň uly iti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça erkek  itler daýaw bolýar diýlip hasap edilse-de, boýy gerişden ölçelende 97,5 santimetre ýetýän Minnini-de olardan kemlär ýaly däl
Henizem giç däl: TMBIZ mega ýaryş yglan edip, her kimi baýrak almaga çagyrýar
10.02.2026 22:04
59k+

Henizem giç däl: TMBIZ mega ýaryş yglan edip, her kimi baýrak almaga çagyrýar

Türkmenistanda TikTok we Instagram ýaly platformalaryň bäsdeşi bolan TMBIZ-de Mega ýaryş güýçli depginde dowam edýär. Bu barada biz ozal hem habar beripdik. Ýöne ýaryşa gatnaşmak henizem giç däl. Oňa gatnaşmak üçin platformany öz ykjam telefonuňyza ýükläp alyň
ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi
10.02.2026 21:40
12k+

ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi

Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna bahreýnli eminler bellenildi
10.02.2026 20:23
17k+

«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna bahreýnli eminler bellenildi

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 final tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga Bahreýnli eminler topary bellenildi
TMCell Töleg ýakynlaryňyzyň balansyna gözegçilik etmek we tiz töleg hyzmatyny hödürleýär
10.02.2026 19:43
14k+

TMCell Töleg ýakynlaryňyzyň balansyna gözegçilik etmek we tiz töleg hyzmatyny hödürleýär

Telefon belgileriniň balansyny doldurmak we dürli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak üçin niýetlenen TMCell Töleg ykjam goşundysynda täze mümkinçilikler peýda boldy. Indi ulanyjylar diňe bir öz belgileriniň däl, eýsem ýakynlarynyň hem hasabynda näçe pul galandygyny görüp bilerler
Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi
10.02.2026 19:32
3.1k+

Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi

Hytaýyň dizaýner oýunjaklaryny öndürýän Pop Mart kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda Labubu brendi bilen öndürilen önümleriň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirinde bellenilýär
«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi
10.02.2026 18:19
5.8k+

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi

«Barselonanyň» häzirki prezidenti Žoan Laporta we müdirler geňeşiniň birnäçe agzasy 15-nji martda geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärliklerini hödürlemek üçin wezipelerinden çekildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
10.02.2026 17:52
3.1k+

Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Tailandyň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Niderlandlarda himiýa kanunlaryny inkär edýän we öz-özüni dikeldýän plastik döredildi
10.02.2026 15:07
3.1k+

Niderlandlarda himiýa kanunlaryny inkär edýän we öz-özüni dikeldýän plastik döredildi

Niderlandlaryň Wageningen uniwersitetiniň barlagçylary, professor Ýasper wan der Guhtyň ýolbaşçylygynda, materialyň düýpgöter täze görnüşini oýlap tapdylar we oňa «kompleksimer» diýip at dakdylar. Onuň üýtgeşikligi, öň biri-birine düýbünden çapraz gelýär diýlip hasap edilen häsiýetleri-de özünde jemlemegindedir
Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi
10.02.2026 13:53
3.7k+

Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi

Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady
BMW 2026-njy "At ýylyna" bagyşlanan çäkli sanly X5 modelini hödürledi
10.02.2026 13:00
7.2k+

BMW 2026-njy "At ýylyna" bagyşlanan çäkli sanly X5 modelini hödürledi

BMW kompaniýasy özüniň meşhur krossoweriniň ýöriteleşdirilen görnüşini — BMW X5 "Year of the Horse Limited Edition" modeliniň resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu awtoulag gündogar senenamasy boýunça At ýylyna bagyşlanyp taýýarlanyldy
Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär
10.02.2026 12:47
7.4k+

Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr
Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar
10.02.2026 11:20
9.5k+

Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär
"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli
10.02.2026 11:19
2.8k+

"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli

9-njy fewrala geçilen gije ABŞ-da Milli Futbol Ligasynyň finaly bolan 60-njy "Superboul" geçdi. Dünýä jemgyýetçiligi üçin bu waka diňe bir sport däl, eýsem iň garaşylýan filmleriň täze treýlerleriniň görkezilýän meýdançasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
10.02.2026 10:47
2.5k+

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady diýip, TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlag hatyny ýollady
Serdar Berdimuhamedow ýazky ekişi geçirmek boýunça wezipeleri belledi
10.02.2026 10:44
8.6k+

Serdar Berdimuhamedow ýazky ekişi geçirmek boýunça wezipeleri belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebit maksatnamalaryny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T
Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi
10.02.2026 10:42
3.8k+

Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy
Ilkinji sürüjisiz Toyota Platinum 4X önümçilikden çykdy
10.02.2026 10:30
6.1k+

Ilkinji sürüjisiz Toyota Platinum 4X önümçilikden çykdy

GAC Toyota zawodynda Pony.ai kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen, L4 derejeli özbaşdak dolandyrylýan (sürüjisiz) ilkinji Platinum 4X awtoulagy önümçilik çykdy. Bu waka iki ägirdiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň synag tapgyryndan köpçülikleýin senagat önümçiligine geçendigini alamatlandyrýar
YouTube Music mugt ulanyjylar üçin aýdymyň sözlerine çäklendirme girizýär
10.02.2026 10:09
1k+

YouTube Music mugt ulanyjylar üçin aýdymyň sözlerine çäklendirme girizýär

YouTube Music striming platformasy tölegli abunasy bolmadyk ulanyjylar üçin täze we düýpli çäklendirmeleri girizip başlady. Indi mugt hasaplaryň eýeleri bir aýyň dowamynda diňe bäş sany aýdymyň doly tekstini görüp bilerler