Spotify ulanyjylara öz saz isleglerini sazlamaga mümkinçilik berer

16.03.2026, 11:27658

Spotify ulanyjylaryň şahsy maslahatlarynyň emele geliş tertibini dolandyrmaga mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi. Goşundyda ähli diňlenen maglumatlar — sazlar, podkastlar we audiokitaplar baradaky maglumatlary saklaýan aýratyn bölüm peýda bolar.

Ulanyjylar öz profillerini özleri redaktirläp, haýsy kontenti has köp ýa-da has az görmek isleýändiklerini görkezip bilerler. Üýtgeşmeler girizilenden soň, goşundynyň esasy sahypasy derrew täzelener we täze isleglere laýyklykda sazlanar.

Bu funksiýanyň şahsy ýygyndylary has takyk emele getirmäge, şeýle-de tötänleýin saýlanan trekleriň we emeli aň arkaly döredilen audiokontentleriň sanyny azaltmaga kömek etmegine garaşylýar.

Täze aýratynlygyň ornaşdyrylmagy beta-synag tertibinde başlar. Oňa ilkinji bolup Täze Zelandiýadaky «Premium» abunaçylar eýe bolar. Bu funksiýanyň beýleki ýurtlarda haçan elýeterli boljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.