iPhone-lar adaty awtoulag açarlarynyň deregini tutup başlady
10.02.2026 10:03
2.4k+

iPhone-lar adaty awtoulag açarlarynyň deregini tutup başlady

Apple korporasiýasy iPhone we Apple Watch enjamlaryny doly derejeli sanly awtoulag açaryna öwürýän Apple Car Keys tehnologiýasyny giň gerimde ornaşdyryp başlady. Bu ulgam smartfon gapynyň ýanynda ýa-da salonyň içinde bolanda, ulagy awtomatiki açmaga, ýapmaga we hereketlendirijini otlamaga mümkinçilik berýär
Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler
10.02.2026 09:48
2.3k+

Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler

Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär
Kia-nyň ABŞ-daky satuwy 13% ýokarlandy: Isleg krossowerlere we miniwenlere tarap süýşýär
10.02.2026 09:31
2.8k+

Kia-nyň ABŞ-daky satuwy 13% ýokarlandy: Isleg krossowerlere we miniwenlere tarap süýşýär

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, Kia ABŞ-da jemi 64 502 awtoulag satmagy başardy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ösüşi aňladýar. Emma brendiň elektrik ulaglary (EV) segmentinde garaşylmadyk pese gaçyş hasaba alyndy
Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy
10.02.2026 09:22
1.9k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy
Mercedes-AMG C-klass modellerine alty silindrli hereketlendirijileri gaýtaryp getirýär
10.02.2026 09:21
2.6k+

Mercedes-AMG C-klass modellerine alty silindrli hereketlendirijileri gaýtaryp getirýär

Mercedes-AMG özüniň meşhur C-klass modellerini 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijilere geçirmek synanyşygynyň garaşylan netijäni bermändigini boýun aldy. Kompaniýa müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, ýene-de uly göwrümli hereketlendirijilere dolanmak kararyna geldi
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder
10.02.2026 08:30
2.9k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir
66 sany güýçli partlama: Günüň ýüzündäki bir işjeň sebit XXI asyryň rekordyny täzeledi
10.02.2026 00:37
4k+

66 sany güýçli partlama: Günüň ýüzündäki bir işjeň sebit XXI asyryň rekordyny täzeledi

Ýerden göni synlap bolýan 4366-njy işjeň sebit Gündäki güýçli partlamalaryň sany boýunça XXI asyryň täze rekordyny goýdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (İKI RAN) Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan TASS habar berýär
Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler
10.02.2026 00:22
2.5k+

Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer
Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy
09.02.2026 21:04
6.6k+

Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy

Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär
TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)
09.02.2026 19:57
7.5k+

TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)

TimeOut neşiri dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasynyň reýtingini hödürledi. Sanaw žurnalyň dürli ýurtlardaky awtorlarynyň we redaktorlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Saýlamakda pizzanyň hili we kafeleriň nusgawy reseptlere bolan gatnaşygy göz öňünde tutuldy
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
09.02.2026 19:21
2.1k+

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
Aşgabatdaky söwda merkezlerde «Arkadag» — «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan fan-zonalar açyldy
09.02.2026 18:56
18k+

Aşgabatdaky söwda merkezlerde «Arkadag» — «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan fan-zonalar açyldy

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud-Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda, paýtagtyň «Arkaç» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýörite fan-zonalar işläp başlady
11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler
09.02.2026 18:56
18k+

11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär
Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär
09.02.2026 18:55
10k+

Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär
«Watan» kinokonsert merkezinde jazz konserti geçiriler
09.02.2026 18:30
1.8k+

«Watan» kinokonsert merkezinde jazz konserti geçiriler

28-nji fewralda Aşgabadyň «Watan» kinokonsert merkezinde Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky «Jazz till dawn» jaz orkestriniň konserti bolar. Baýramçylyk maksatnamasynda zehinli aýdymçylar Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa we Täzegül Baýramowa dagy solist hökmünde çykyş eder
«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler
09.02.2026 17:54
22k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlym merkezinde «“Arkadag” futbol kluby – türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly media-forum öz işine başlady. Çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan abraýly sport hünärmenleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşýar
Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy
09.02.2026 16:16
2.2k+

Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy

Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar
Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi
09.02.2026 16:11
7.4k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär
Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy
09.02.2026 15:46
8.3k+

Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy

Steam sanly platformasynda awtoserwis dolandyrmak boýunça simulýator (öýkünme oýny) bolan "Car Service Together" atly oýun irki elýeterlilikde köpçülige hödürlendi. Taslama öz awto-ussahanaňy ýekelikde hem, birbada dört adam bolup hem ösdürmäge mümkinçilik berýär
Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar
09.02.2026 15:28
8.3k+

Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar
Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi
09.02.2026 15:19
7.1k+

Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi

Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby taýýarlykdan geçip başlady we ýurduň ýaragly güýçleriniň ätiýaçlykdaky düzümine ýazyldy. Asly Argentinaly bolan şa zenany harby okuwlary tamamlanyndan soň, ätiýaçlykdaky harby gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirip biler
Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi
09.02.2026 15:19
1.7k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar
Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy
09.02.2026 15:17
1.6k+

Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy

Android ulgamy üçin Telegram-yň 12.4 wersiýasy doly täzelenen interfeýs bilen çykdy. AndroidInsider.ru neşiriniň belleýşi ýaly, goşundynyň daşky görnüşi düýpli özgerdilip, ozal iPhone wersiýasynda ulanylan «Liquid Glass» stiline eýe boldy
"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?
09.02.2026 15:11
1.6k+

"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?

Superboul — ABŞ-nyň Milli Futbol Ligasynyň (NFL) möwsüminiň final duşuşygy bolup, dünýäniň iň iri sport wakalarynyň biridir. Diňe bir ABŞ-nyň özünde bu oýna ýurduň her üçünji ýaşaýjysy tomaşa edýär. Ýeňiji topar amerikan futbolynyň baş baýragy bolan Lombardi kubogyny alýar
Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar
09.02.2026 14:55
1.1k+

Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar

GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr. Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy
Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler
09.02.2026 14:15
12k+

Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler

Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy
Türkmen erkin göreşijileri Groznyda geçirilen ýetginjekleriň ýaryşynda bäş medal gazandy
09.02.2026 13:59
6.4k+

Türkmen erkin göreşijileri Groznyda geçirilen ýetginjekleriň ýaryşynda bäş medal gazandy

Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dürli derejeli bäş sany medala mynasyp boldy. Türkmen toparynda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi
Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi
09.02.2026 13:47
16k+

Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi

8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy. Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy
Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda
09.02.2026 12:38
3.8k+

Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda

​«Ýakyn aralykdan düşürýän ýylyň suratçysy» (Close-Up Photographer of the Year, CUPOTY) halkara bäsleşiginiň eminleri geçen ýylyň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan etdiler. Baýraklar makroformatda düşürilen haýwanat dünýäsini, ösümlikleri, mör-möjekleri we tebigy peýzažlary öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça gowşuryldy
Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda
09.02.2026 12:17
2k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar
Birža söwdalarynyň jemi: geleşikleriň jemi bahasy 7 million dollardan aşdy
09.02.2026 11:33
1.9k+

Birža söwdalarynyň jemi: geleşikleriň jemi bahasy 7 million dollardan aşdy

 Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.  Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C
09.02.2026 11:05
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda  şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar
Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy
09.02.2026 10:42
1.7k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy
Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi
09.02.2026 10:34
2.2k+

Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi

Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy (LDP) parlamentdäki 465 orundan 316-syny eýeledi. Mundan ozal ol 198 orna eýedi. Nikkei neşiriniň ýazmagyna görä, LDP Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri bir partiýanyň gazanan iň köp orun sanyna eýe boldy
iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar
09.02.2026 09:58
4.8k+

iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar

Apple kompaniýasy täze iPhone-yň sessiz-üýnsüz çykyşyna taýýarlanýar. Macwelt-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm 19-njy fewralda diňe metbugat beýanatyny neşir eder we iPhone 17e-niň satuwyna başlar. Bu model «arzan» hatary dowam etdirýär, ýöne käbir aýratynlyklar bar
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady
09.02.2026 09:35
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
09.02.2026 09:06
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi
Şahly kelleçanaklaryň ýygyndysy neandertallarda öz däp-dessurlarynyň bolandygyny görkezdi
09.02.2026 08:44
4.4k+

Şahly kelleçanaklaryň ýygyndysy neandertallarda öz däp-dessurlarynyň bolandygyny görkezdi

Ispaniýanyň merkezinde arheologlar şahly haýwanlaryň kelleçanaklaryndan ybarat bolan, ýörite tertipde ýerleşdirilen 35 sany eksponaty tapdylar. Geçirilen barlaglar bu ýygyndyny neandertallaryň hojalyk maksatlary üçin däl-de, eýsem, ýörite niýet bilen ýygnandygyny we ýerleşdirendigini görkezdi
Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler
09.02.2026 07:36
1.2k+

Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler

Apple kompaniýasy ykjam goşundylaryny barlamak kadalaryny täzeledi we anonim ýazyşma häsiýetli hem-de «çat-ruletka» görnüşli hyzmatlary AppStore dükanynda ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar
Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär
09.02.2026 07:35
913

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin