Meta emeli aň sebäpli iş orunlaryny 20%-den gowrak azaltmagy meýilleşdirýär

15.03.2026, 10:231,939

Meta korporasiýasy emeli aň infrastrukturasyna goýulýan gymmat bahaly maýa goýumlaryň öwezini dolmak we işgärleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, işgärleriniň 20 göterimini ýa-da ondan hem köpüsini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.

Maglumatlara görä, korporasiýanyň ýokary ýolbaşçylygy öz meýilnamalary barada Meta-nyň bölümleriniň başlyklaryna habar berdi we olara çykdajylary azaltmak boýunça meýilnamalaşdyryş işlerine başlamagy tabşyrdy.

Ýatlap geçsek, mundan dört ýyl ozal hem Meta işgärleriniň sanyny 13% azaldyp, 11 müň adamy işden boşadypdy. 2023-nji ýylyň ýazynda Mark Sukerberg täze işden çykarmalaryň boljakdygyny mälim etdi — şonda korporasiýa 10 müň işgärini boşatmagy we ýene 5 müň sany boş iş ornuny ýapmagy göz öňünde tutupdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.