Üç sany Bugatti Bolide doňan kölüň üstünde synagdan geçirildi
07.02.2026 15:11
5.1k+

Üç sany Bugatti Bolide doňan kölüň üstünde synagdan geçirildi

Bugatti kompaniýasy özüniň täze Bolide giperkarlary üçin adatdan daşary synag sürüşini gurady. Bu täsirli waka Şweýsariýanyň meşhur kurortynda, doňan kölüň üstünde geçirilýän «ICE St. Moritz» festiwalyň çäginde boldy
BMW täze iX3 modellerinde 360 kamera üçin aýlyk töleg girizýär
07.02.2026 14:25
3.3k+

BMW täze iX3 modellerinde 360 kamera üçin aýlyk töleg girizýär

BMW awtomobile adaty eýelik etmegiň çäklerini ýene bir gezek barlaýar. Oturgyçlaryň we ruluň gyzdyrylmagy üçin abuna ýazylyşygyndan ýüz öwreninden soň, kompaniýa aýlyk tölegler meselesini doly ýapmady. Täze elektrik BMW iX3 modeli birbada birnäçe funksiýa eýe bolar, ýöne olar üçin awtomobili satyn alanyňyzdan soň aýratyn töleg tölemeli bolar
Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi
07.02.2026 14:18
6k+

Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi

Luwr muzeyi imperator zenan Ýewgeniýanyň täjine ogrulyk wagtynda zeper ýeten bolsa-da, onuň asyl durkunyň bitindigini, şoňa görä-de täji doly dikeldip boljakdygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda jenaýatçy topar muzeýden umumy gymmaty takmynan 88 million ýewro (104 million dollara) barabar bolan gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň şaý-seplerini ogurlapdy
NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi
07.02.2026 14:13
2.2k+

NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi

NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi
Hindistanly mugallym zenan 1 millon dollar bilen sylaglanyldy
07.02.2026 13:51
11k+

Hindistanly mugallym zenan 1 millon dollar bilen sylaglanyldy

Hindistanly mugallym zenan Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki «Global Teacher Prize» halkara baýragynyň eýesi boldy. Ol şeýle sylaga ýüzlerçe okuw merkezini döredeni hem-de garyp mähellelerdäki jaýlaryň diwarlaryna bilim maksatly suratlary çekmek ugrunda alyp baran işleri üçin mynasyp görüldi diýip, ClickOrlando neşiri ýazýar
Türkmenistanyň ilçisi Täze Zelandiýanyň Waýtangi gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy
07.02.2026 13:14
2.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Täze Zelandiýanyň Waýtangi gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň her ýylyň 6-njy fewralynda bellenilýän milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy
Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar
07.02.2026 13:10
7.5k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener
07.02.2026 12:58
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär
Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi
07.02.2026 12:51
1.5k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar
Tanat – komissiýany aradan aýyrýan marketpleýs
07.02.2026 10:52
5.1k+

Tanat – komissiýany aradan aýyrýan marketpleýs

Onlaýn söwda pudagynda uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Täze işe girizilen sanly marketpleýs platformasy Tanat, satyjylardan talap edilýän çökder komissiýalary we ýyllyk tölegleri düýbünden aýyrmagy maksat edinýär
Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi
07.02.2026 10:47
11k+

Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi

Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi
Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?
07.02.2026 09:33
4k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi
-10%-den +6%-e çenli: kümüşiň bazar bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hiňňildik uçmandy
07.02.2026 09:32
5.4k+

-10%-den +6%-e çenli: kümüşiň bazar bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hiňňildik uçmandy

Gymmatbaha metallaryň bazarynda durnuksyzlyk dowam edýär. Anna güni kümşüň bahasy ilki bilen 10% düşüp, bir unsiýa üçin 64 dollardan satyldy, soňra bolsa Aziýa söwda sessiýasynyň dowamynda büs-bütin ugruny üýtgedip, 6,2% galdy
Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap
07.02.2026 08:38
4.3k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar
BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady
07.02.2026 07:33
3k+

BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy
Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar
07.02.2026 02:25
5.2k+

Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar

Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler
Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy
07.02.2026 00:28
2.4k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola
2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler
07.02.2026 00:24
2k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi
Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär
07.02.2026 00:23
5.5k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýanwar aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi
06.02.2026 23:48
9.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýanwar aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy
06.02.2026 23:24
1.7k+

YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi
Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez
06.02.2026 20:32
7k+

Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez

Ýaponiýanyň Fudzi dagynyň golaýynda ýerleşýän Fudziýosida şäheriniň häkimiýetleri, syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagy we olaryň tertipsiz hereketleri sebäpli, sakuranyň güllemegi mynasybetli şu ýylky geçirilmeli festiwaly ýatyrmak barada karara geldiler
Toyota ABŞ-da ulaglaryň bahalarynyň gymmatlajakdygy we RAV4-iň gytçylygy barada duýdurdy
06.02.2026 19:48
7.2k+

Toyota ABŞ-da ulaglaryň bahalarynyň gymmatlajakdygy we RAV4-iň gytçylygy barada duýdurdy

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ABŞ-nyň bazarynda awtoulaglaryň nyrhlarynyň ýokarlanjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Kompaniýanyň Demirgazyk Amerika bölüminiň wise-prezidenti Endrýu Gillelandyň aýtmagyna görä, bahalaryň adaty bolşy ýaly ýylda iki gezek däl-de, eýsem üç tapgyrda gymmatlamagyna garaşylýar
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler
06.02.2026 19:41
3.9k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi
Mark Sukerberg Facebook-yň koduny ýazan wagty diňlän aýdymlaryny paýlaşdy
06.02.2026 19:02
3.7k+

Mark Sukerberg Facebook-yň koduny ýazan wagty diňlän aýdymlaryny paýlaşdy

Mark Sukerberg mundan 22 ýyl ozal Facebook-y işläp düzen döwründe diňlän aýdymlaryndan ybarat bolan pleýlistini Spotify platformasynda köpçülige hödürledi. ​Bu pleýlistde jemi bäş sany kompozisiýa bar: ​Trapt toparynyň
Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy
06.02.2026 17:57
8.5k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy
Ýura döwrüniň ýyrtyjy dinozawrlary öz kowumdaşlarynyň çagalary bilen iýmitlenipdir diýlip çaklanylýar
06.02.2026 17:19
4.2k+

Ýura döwrüniň ýyrtyjy dinozawrlary öz kowumdaşlarynyň çagalary bilen iýmitlenipdir diýlip çaklanylýar

Ýura döwrüniň ahyrlaryndaky ekoulgamda ýyrtyjy dinozawrlaryň esasy awy uly göwreli äpet jandarlar däl-de, eýsem zawropodlaryň çagalary bolupdyr. Londonyň uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren täze barlaglary şeýle netijä gelmäge esas döretdi
YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp,  Netflix-den öňe geçdi
06.02.2026 17:00
1.3k+

YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi

YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi
Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
06.02.2026 16:41
2.6k+

Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi
Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi
06.02.2026 16:36
5.9k+

Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi

Canal+ teleýaýlymynyň žurnalistleri XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini düzdüler. Birinji orny Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan nemes golkiperi Manuel Noýer eýeledi. Ikinji orunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň we Turiniň «Ýuwentus» toparynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon ýerleşdi
136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy
06.02.2026 16:31
5.4k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär
Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär
06.02.2026 16:27
3.1k+

Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi
Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi
06.02.2026 16:24
2.7k+

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar
06.02.2026 15:57
3k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamanyň çäklerinde dört ders: matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler
Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär
06.02.2026 15:41
17k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär
06.02.2026 15:18
13k+

Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär. Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar
Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi
06.02.2026 15:08
2.9k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy
Antarktida aşpezlere we agaç ussalaryna garaşýar: ýylda 40 müň dollardan gowrak tölemek wada berilýär
06.02.2026 14:24
10k+

Antarktida aşpezlere we agaç ussalaryna garaşýar: ýylda 40 müň dollardan gowrak tölemek wada berilýär

Britaniýanyň Antarktika gullugy (BAS) 2026-njy ýyl üçin yklymyň gözleg stansiýalaryna işgärleri kabul edýändigini yglan etdi. Zähmet haky ýylda 30 244 funt sterlingden (takmynan, 41 müň dollar) başlaýar we şol bir wagtyň özünde hojalyk çykdajylary doly diýen ýaly ýokdur diýip, IFLScience neşiri ýazýar
Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy
06.02.2026 14:14
1k+

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir
Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy
06.02.2026 14:10
2.9k+

Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar