Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär

12.03.2026, 18:045,567

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu döwrebap platforma bilim edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we ata-eneler bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşygy täze derejä çykarmak maksady bilen döredildi.

Ulgamyň esasy aýratynlygy okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýänligidir. «E-mekdep» arkaly okuwçynyň alan bahalary, okuw sapaklaryna gatnaşygy, dersleriň rejesi, öwrenilen temalar, öý işleri we mugallymyň ýörite bellikleri barada onlaýn tertipde maglumat alyp bolýar.

Ata-enelere çagalarynyň bilim alşyna islendik ýerde we islendik wagtda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän bu ulgamda birnäçe peýdaly hyzmatlar jemlenendir:

  • Gündelik we baha: Okuwçy ähli dersler boýunça öz bahalaryny görüp, çärýeklik bahalarynyň nähili boljakdygy bilen tanşyp biler. Şeýle-de, okuwçy bellibir sebäbe görä okuw sapaklaryny sypdyran ýagdaýynda, degişli bölümlere girip, haýsy sahypalary okamalydygyny we öýe nähili ýumuş berlendigini görüp biler.
  • Dessine duýduryş: Okuwçynyň okuwa gatnaşygy baradaky maglumatlar ykjam goşundy arkaly sanly duýduryş ýa-da SMS görnüşinde ata-enelere dessine ugradylýar.
  • Ukyplary seljermek: Ulgam algoritmleriň üsti bilen okuwçynyň bahalaryny seljerip, onuň haýsy okuw derslerine has köp höwesiniň we ukybynyň bardygyny ýa-da haýsy derslerden has tijenmelidigini kesgitlemäge kömek edýär.
  • Mugallymlar bilen aragatnaşyk: Ata-eneler okadýan mugallymlar barada maglumatlar bilen tanşyp we olaryň berýän maslahatlaryny, belliklerini yzarlap, mugallymlar bilen döwrebap usulda aragatnaşyk gurap bilýär.

Okuwçylar, mugallymlar we ene-atalar üçin niýetlenen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy mekdeplerde kagyz işlerini ýeňilleşdirmek we ene-atalaryň mekdep bilen gatnaşygyny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda Türkmenistanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm ädimdir. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.