12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy
31.01.2026 22:19
2.9k+

12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy

Apple kompaniýasy audio maglumatlary işläp taýýarlamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny döredýän Ysraýylyň Q.AI startapyny satyn alandygyny yglan etdi. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň resmi metbugat beýanatyny çap etmändigi sebäpli şertnamanyň jikme-jiklikleri entek nämälimligine galýar
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi
31.01.2026 20:10
4.7k+

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi

2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy
31.01.2026 19:26
17k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär
ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy
31.01.2026 18:36
2.9k+

ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy

ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär.  Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär
Taryhy rekord: Apple bir çärýekde 143,8 milliard dollar girdeji aldy
31.01.2026 18:36
1.8k+

Taryhy rekord: Apple bir çärýekde 143,8 milliard dollar girdeji aldy

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda tamamlanan täze maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça 143,8 milliard dollar girdeji gazanyp, öz taryhynda rekord goýdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% köpdür we seljerijileriň çaklamalaryndan has ýokarydyr
OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer
31.01.2026 18:17
1.3k+

OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy
31.01.2026 18:16
2.6k+

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy

25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy
D. Azady adyndaky TMDDI ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryny geçirer
31.01.2026 18:12
3k+

D. Azady adyndaky TMDDI ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryny geçirer

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin dil olimpiadalaryna gatnaşmak barada arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi
Mars gijesiniň seýrek suraty: Curiosity emeli yşyklandyryşda surat düşürdi
31.01.2026 18:11
4k+

Mars gijesiniň seýrek suraty: Curiosity emeli yşyklandyryşda surat düşürdi

Marsyň üstüni öwrenýän "Curiosity" apparaty "gyzyl" planetanyň gijeki görnüşiniň seýrek suratyny almagy başardy. ​Bu surat 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda, apparatyň Marsdaky işiniň 4740-njy  gününde düşürildi
«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi
31.01.2026 18:06
2.2k+

«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik
Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi
31.01.2026 17:47
8.7k+

Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi

Onýyllyklaryň dowamynda Coca-Cola markasy bilen baglanyşdyrylan ak aýy garaşylmadyk ýagdaýda tarapyny üýtgetdi we Pepsi-niň täze mahabatynyň baş gahrymanyna öwrüldi. Pepsi kompaniýasy Superboul-2026 üçin «Saýlaw» (The Choice) atly wideoşekilli mahabatyny çykardy
Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi
31.01.2026 17:28
8.7k+

Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi

CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar
ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy
31.01.2026 17:10
5.3k+

ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi
ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi
31.01.2026 16:33
3k+

ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi

Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär
Iň datly  tagamlary bolan ýurtlaryň sanawy bilen tanyş boluň
31.01.2026 16:16
7.5k+

Iň datly tagamlary bolan ýurtlaryň sanawy bilen tanyş boluň

World Population Review portaly ýylyň netijeleri boýunça dünýä ýurtlarynyň iň lezzetli we iň datsyz milli aşhanalarynyň reýtingini çap etdi. Bu gezek datly tagamyň muşdaklarynyň sanawynda Gresiýa birinji orna çykdy
Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy
31.01.2026 15:26
3.6k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär
Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar
31.01.2026 14:47
2.8k+

Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar

Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär
Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
31.01.2026 14:33
7.9k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär
«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler
31.01.2026 14:04
2.1k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär
Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy
31.01.2026 13:40
2.7k+

Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy

2025-nji ýylda Tesla kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek umumy ýyllyk girdejisiniň 3% peselendigini hasaba aldy — öndürijiniň çärýekleýin hasabat resminamalaryna görä, ol 94,8 mlrd dollara barabar boldy. Awtomobil segmentindäki oňyn däl dinamikanyň (girdejiler 10% peselip, 69,5 mlrd dollara düşdi) energetika ugrunyň we hyzmatlar edarasynyň görkezijileriniň ösmegi netijesinde bölekleýin öwezi dolundy
Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar
31.01.2026 13:38
4.8k+

Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär
«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy
31.01.2026 13:06
2.3k+

«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy

Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr
Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi
31.01.2026 12:04
2.8k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi
Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar
31.01.2026 11:47
2.3k+

Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar

Tesla kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Model S we Model X elektromobillerini öndürmegi bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen telefon arkaly maslahatda aýtdy diýip, CNN habar berýär
Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär
31.01.2026 11:38
4.5k+

Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär

Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar. FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi
Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi
31.01.2026 11:33
1.3k+

Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi
Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy
31.01.2026 11:10
5.8k+

Ýerden 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş üçin ýaramly planeta tapyldy

Halkara astronomlar topary ýaşaýyş üçin ýaramly bolmagy mümkin bolan täze bir planetany ýüze çykardylar. Ol Ýer şaryndan takmynan 146 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu açyş barada The Guardian neşiri Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaga salgylanyp habar berýär
Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär
31.01.2026 10:53
3.2k+

Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär

Apple TV telekompaniýasy HBO-nyň üstünligini ozup geçmäge hyýallanýar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, striming hyzmaty ýazyjy Brendon Sandersonyň kitaplary esasynda fentezi-älemini döretmek üçin ägirt uly şertnama baglaşdy
UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
31.01.2026 10:36
4.8k+

UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer
Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler
31.01.2026 09:49
2.6k+

Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler

Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag  hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär
Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar
31.01.2026 09:29
3.2k+

Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar

Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy
Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar
31.01.2026 09:16
1.2k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär
Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy
31.01.2026 09:10
4.9k+

Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy

2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
31.01.2026 09:07
2.8k+

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
Haýsy döwlet ylmy-barlaglar üçin köp çykdajy edýär? 25 ýylyň infografikasy
31.01.2026 08:52
2.7k+

Haýsy döwlet ylmy-barlaglar üçin köp çykdajy edýär? 25 ýylyň infografikasy

Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine (NIOKR /R&D) gönükdirilýän global çykdajylar ep-esli artdy. 2000-nji ýylda bu görkeziji 1 trillion dollardan hem az bolan bolsa, 2024-nji ýyla çenli 3 trillion dollara golaýlady
«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy
31.01.2026 03:56
16k+

«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy

«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar
Türkmenistanda talyplaryň arasynda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» hakaton bäsleşigi geçiriler
31.01.2026 03:36
1.6k+

Türkmenistanda talyplaryň arasynda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» hakaton bäsleşigi geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20–21-nji aprel aralygynda onlaýn formatda «IT-Zehin: Sanly Synag – 2026» atly talyplar hakatonyny geçirer. Bu barada maglumaty ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy berýär
Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady
31.01.2026 03:34
2.7k+

Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär. Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi
Altyn bilen kümüş birden arzanlady
31.01.2026 03:24
14k+

Altyn bilen kümüş birden arzanlady

Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy
Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar
31.01.2026 02:46
2.7k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy