Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

05.03.2026, 15:0612,378
1 / 2

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de ylmy-tehniki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.