96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär
24.01.2026 11:53
9.4k+

96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär

Dünýäniň iň uzyn barlaghana tejribeleriniň biri Awstraliýada bir asyra golaý wagt bäri dowam edýär. Alymlar onda guýguçdan şepbik damyşyny synlaýarlar. Şepbik diýlip, süýnüjiligi ýokary bolan suwuklyga aýdylýar
Caviar Unitree robotyny görmegeý Aladdine öwürdi
24.01.2026 10:39
2.2k+

Caviar Unitree robotyny görmegeý Aladdine öwürdi

Caviar rus lyuks brendi, adatça, smartfonlar (esasan iPhone) we beýleki enjamlar, şeýle-de aksessuarlar üçin gymmatbaha metallardyr daşlar bilen bezelen kaşaň dizaýnlary hödürleýärdi. Indi bolsa bu kompaniýa robotlary bezemegi hem öz üstüne aldy
Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär
24.01.2026 10:23
7.7k+

Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler
Analitikler 2026-njy ýylyň meşhur bolup biljek syýahatçylyk ugurlaryny aýtdy
24.01.2026 10:19
3k+

Analitikler 2026-njy ýylyň meşhur bolup biljek syýahatçylyk ugurlaryny aýtdy

Kayak syýahatçylyk meta-gözleg ulgamynyň analitikleri «What the Future» hasabatyny hödürläp, onda 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk pudagynyň esasy tendensiýalaryny çaklady. Kompaniýanyň statistikasyna we Z nesliniň hem milleniallaryň 14 müň wekilinden pikir soraşmalara esaslanan gözleglere görä, syýahatçylykda esasy trend emeli aňyň ulanylmagy bolar
Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär
24.01.2026 09:49
1k+

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär
Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy
24.01.2026 09:44
2.2k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär
Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi
24.01.2026 09:42
1.7k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi
ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar
24.01.2026 09:40
1.5k+

ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär
Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi
24.01.2026 09:32
2.6k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
24.01.2026 09:22
3.1k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi
«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipler makullandy
24.01.2026 09:15
3.4k+

«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipler makullandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullady. Degişli teklipleri wise-premýer B.Annamämmedow 23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hödürledi
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar
24.01.2026 09:13
2.5k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar

Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi
Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi
24.01.2026 04:08
2.2k+

Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.  Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy
Mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si halkara internet olimpiadalaryny geçirer
24.01.2026 03:55
4.8k+

Mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si halkara internet olimpiadalaryny geçirer

2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde halkara olimpiadalar geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Hususan
Fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi yglan edildi
24.01.2026 03:48
29k+

Fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi yglan edildi

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» makullady
24.01.2026 03:40
7.2k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» makullady

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi
24.01.2026 03:26
7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy
Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollara bardy
24.01.2026 03:22
4.5k+

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollara bardy

Kümşüň bahasy taryhda ilkinji gezek 100 dollar görkezijiden geçip, geçen ýylyň dekabr aýynda başlanan çalt ösüşini dowam etdirdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. 23-nji ýanwarda geçirilen söwdalaryň barşynda kümşüň bahasy 4,74% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 101,11 dollara ýetdi
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi
24.01.2026 03:18
4.6k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi
Jeýms Uebb teleskoby Ulitka dumanlygyny jikme-jikliklikleri bilen surata düşürdi
24.01.2026 01:20
1.9k+

Jeýms Uebb teleskoby Ulitka dumanlygyny jikme-jikliklikleri bilen surata düşürdi

NASA Jeýms Uebb teleskopy tarapyndan düşürilen Ulitka dumanlygynyň täze suratlaryny çap etdi. Ulitka dumanlygy iň meşhur planetar dumanlyklaryň biridir. Ol Gün ulgamymyzdan takmynan 655 ýagtylyk ýyly uzaklykda, Daluw ýyldyz toplumynda ýerleşýär
ÝB ýolagçylara çemodanlaryny plastik plyonka bilen örtmegi gadagan etmekçi bolýar
24.01.2026 01:02
6.9k+

ÝB ýolagçylara çemodanlaryny plastik plyonka bilen örtmegi gadagan etmekçi bolýar

Ýewropa Bileleşigi howa ýolagçylaryna dahylly täze çäklendirmeleri taýýarlaýar. Olara laýyklykda, howa menzillerinde çemodanlary plastik plýonka bilen örtmegi gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu düzgün daşky gurşawa täsirleri azaltmaga gönükdirilendir
Chanel Koko Şaneliň willasynda surata düşürilen 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kampaniýasyny görkezdi
24.01.2026 00:41
3.6k+

Chanel Koko Şaneliň willasynda surata düşürilen 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kampaniýasyny görkezdi

Chanel 2026-njy ýylyň ýaz-tomus mahabat kampaniýasyny görkezdi. Bu kompaniýa moda öýüniň täze döredijilik direktory Matýe Blaziniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kampaniýadyr diýip, WWD habar berýär. Surata düşürmek işleri Lazur kenarlaryndaky «La Pauza» willasynda geçirildi
Brit Awards 2026 aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi
24.01.2026 00:30
1.5k+

Brit Awards 2026 aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi

2026-njy ýylyň Brit Awards 2026 aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji fewralda Mançesterde geçiriler. Mundan öň, dabara tas 50 ýyla golaý wagt bäri Londonda geçirilýärdi
PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar
24.01.2026 00:25
1.3k+

PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar

McLaren sport geýimlerini we enjamlaryny öndüriji PUMA bilen köp ýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Şertnama laýyklykda, PUMA Formula 1 sürüjileri bolan Lando Norris we Oskar Piastri üçin ýörite eşikleri öndürer
Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
23.01.2026 23:33
5.1k+

Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde Aşgabatda üç günlük okuw maslahatyny gurady. Maslahatyň çäklerinde 23-nji ýanwarda "Ýyldyz" myhmanhanasynda Aşgabatda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
Russiýanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi
23.01.2026 20:55
2.8k+

Russiýanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

22-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň DIM-nde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeler 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde guraldy
Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar
23.01.2026 20:46
9k+

Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar

Dubaýda Inaura gökdiräniň taslamasy tanyşdyryldy. Şäheriň täsin binalary öň ýetik hem bolsa, täze bina olardan özboluşly aýratynlygy – ýokarky gatlarynyň arasyndaky ýagty saçýan sferasy bilen tapawutlanar. Bu teklip MVRDV binagärlik firmasy tarapyndan işlenip düzüldi
Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler
23.01.2026 20:40
4.8k+

Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär
Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär
23.01.2026 20:24
2.5k+

Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär
Dünýäniň iň güýçli radioteleskopy Älemi öňküsindenem has içgin «synlap» başlar
23.01.2026 20:18
2.9k+

Dünýäniň iň güýçli radioteleskopy Älemi öňküsindenem has içgin «synlap» başlar

Dünýäniň iň güýçli radioteleskopy bolan Atacama Large Millimeter Array (ALMA) 145 täze kriogen signal güýçlendirijisini aldy. Gallium indium arsenid çiplerinde gurlan bu teleskoplar galmagaly köpeltmezden, signaly 300 esse güýçlendirýär
Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi
23.01.2026 20:13
2.3k+

Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi

Kia kompaniýasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda Günorta Koreýada peýda bolan Niro krossoweriniň täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Restaýlingden soň modeliň daşky görnüşi indi Kia-nyň elektrik awtoulaglaryna meňzedildi
Solak mawy we garamtyl garaly: Pinterest 2026-njy ýylyň iň moda reňklerini saýlady
23.01.2026 20:10
1.8k+

Solak mawy we garamtyl garaly: Pinterest 2026-njy ýylyň iň moda reňklerini saýlady

Pinterest platformasynyň seljerijileri 2026-njy ýylda trendde boljagy çaklanylýan reňkleriň sanawyny çap etdiler. Olaryň pikirine görä, bu ýyl solak mawy, nefrit we garamtyl garaly reňkleri öňe çykar. Kompaniýa asuda we öçügsi reňkleriň meşhurlygyny kem-kemden ýitirýändigini belleýär
Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy
23.01.2026 20:06
7.3k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
23.01.2026 18:32
9.2k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär
«Tagt oýunlarynyň» ruhy dowamy: «Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna ilkinji seslenmeler
23.01.2026 18:28
3.3k+

«Tagt oýunlarynyň» ruhy dowamy: «Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna ilkinji seslenmeler

«Buzuň we oduň aýdymy» äleminde täze sahypa açyldy: 19-njy ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» (A Knight of the Seven Kingdoms) serialynyň ilkinji bölümi ekrana çykdy. Jemi 30 minut dowam edýän birinji bölüm eýýäm tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy
Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde
23.01.2026 15:56
4k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy
Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord
23.01.2026 15:51
2.4k+

Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi. Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi
Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar
23.01.2026 15:48
4.4k+

Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar

Portugaliýada dünýäde ilkinji 1 megawatt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Taslama ýurduň demirgazyk kenarynda ýerleşer.  Desganyň gurluşygy amatly tolkun şertleriniň bardygy  tassyklanandan we meýdançanyň taslamasy jikme-jik işlenip düzülenden soň başlandy, - diýip, Interesting Engineering habar berýär
Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar
23.01.2026 15:47
3.3k+

Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar

2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter
Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler
23.01.2026 15:37
2.4k+

Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler

Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi. Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi