Teýlor Swiftiň «The Life of a Showgirl» albomy 2025-nji ýylyň iň meşhur albomy diýlip ykrar edildi

23.02.2026, 07:551,599

​Fonogramma öndürijileriniň halkara federasiýasy (IFPI) 2025-nji ýylyň iň meşhur on sany albomynyň reýtingini çap etdi. Global sanawda birinji orny «The Life of a Showgirl» albomy bilen Teýlor Swift eýeledi.

​Reýting düzülende fiziki göterijileriň (kompakt-diskler we winil plastinkalary) satylyşy, sanly göçürmeler hem-de striming platformalaryndaky diňlenme sany hasaba alyndy.
2025-nji ýyl üçin IFPI-iň global albom çartynyň ilkinji onlugy:

  • ​Taylor Swift — «The Life of a Showgirl»
  • ​Morgan Cole Wallen — «I’m The Problem»
  • ​«K-pop demon awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilminiň saundtreki
  • ​Bad Bunny — «Debí Tirar Más Fotos»
  • ​Sabrina Carpenter — «Short n’ Sweet»
  • ​Stray Kids — «Karma»
  • ​SZA — «SOS»
  • ​Billie Eilish — «Hit Me Hard and Soft»
  • ​Lady GaGa — «Mayhem»
  • ​Mrs. Green Apple — «10»

​Teýlor Swiftiň bu albomy fiziki göterijilerde satylmak boýunça hem öňe saýlandy. Aýdymçy eýýäm dördünji ýyl yzygiderli winil plastinkalarynyň satylyş möçberi boýunça öz şahsy rekordyny täzeleýär.
​Mundan ozal Swift «The Life of a Showgirl» albomyndaky «Opalite» singli üçin wideo klip çykarypdy. Klipiň surata düşürilişine Killian Mýorfi, Donall Glison, Greta Li, Jodi Terner-Smit we Lýuis Kapaldi ýaly meşhurlar gatnaşdy. Olar oktýabr aýynda Teýlor Swift bilen bilelikde «Grem Norton şüweleňine» (The Graham Norton Show) myhman bolupdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.