Aýdymçy Teýlor Swift we amerikan futbolynyň ýyldyzy Trewis Kelsi resmi taýdan nikalaşdylar. Bu şanly waka mynasybetli «Medison-skwer-garden» arenasynda «JUST&T MARRIED» («Täze nikalaşanlar!», T&T — Teýlor we Trewis) diýen ýazgyly ekran peýda boldy, «Empaýr-steýt-bilding» binasy bolsa günbatar däp-dessurlarynda nika baglaşmagy aňladýan gök reňk bilen öwüşgin atdy.
Ýaş çatynjalar «Christian Dior» brendiniň egin-eşiklerinden geýindiler. Olar üçin aýakgaplary «Christian Louboutin» brendi, gelniň şaý-seplerini bolsa «Cartier» kompaniýasy taýýarlady.
Jübüt däp bolan gyzyň joralaryny we giýewiň dostlaryny çagyrmazlygy makul bildiler. Nika dabarasynda alyp baryjy hökmünde ýaş çatynjalaryň köne dosty, meşhur aktýor Adam Sendler çykyş etdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, ikisi hem 36 ýaşynda bolan ýaşlar «ýakyn adamlaryň kiçijik toparynyň» öňünde kasam etdiler. Dabara haçan we nirede geçirilendigi takyklanmaýar.
Häzir olar uly dabara taýýarlyk görýärler. Toýa müňe golaý myhman çagyryldy, olaryň arasynda köp sanly ýyldyzlar bar: Jiji Hadid, Bredli Kuper, Dakota Jonson, aýaly Çerri Siborn bilen Ed Şiran, uýalar Haýim , Benson Bun, «The Chicks» topary, Hýu Grant, Zoýe Krawis, Jeýson Sudeýkis, Itan Houk, Jimmi Fellon we Tommi Hilfiger.
Çäre üçin Manhetteniň esasy magistrallarynyň biri bolan Ýedinji awenýunyň dört kwartaly ýapyldy. Myhmanlar arenanyň ýanyna garaňkylandyrylan ýolsuz awtoulaglarda geldiler.
Häzirki wagtda nika dabarasyndan hiç hili surat köpçülige ýaýradylmady.
Nikalaşmazdan ozal ýaşlar 26 million dollary haýyr-sahawat maksatlary üçin bagyş etdiler. Bu serişdeler haýwanlara kömek edýän gulluklar, azyk banklary, bilim gaznalary we üç sany çagalar klinikasyny öz içine alýan 20 sany amerikan guramasynyň arasynda paýlandy.
Açlyk bilen göreşýän «City Harvest» ynsanperwer guramasynyň wekilleri ýyldyzlardan 1 million dollar alanlyklaryny tassykladylar we bu puluň Nýu-Ýorkuň mätäç ýaşaýjylaryny goldamaga gönükdiriljekdigini habar berdiler. Teýlor üçin bu adaty tejribedir: özüniň ägirt uly «Eras Tour» turnesiniň dowamynda ol konsertleri geçiren şäherlerindäki ýerli azyk banklaryna yzygiderli pul geçirerdi, şeýle hem çagalar hassahanalaryna, haýwanlar üçin gaçybatalgalara we tebigy betbagtçylyklardan ejir çekenlere yzygiderli kömek ederdi.