ChatGPT-ni döreden kompaniýa millardlap ýitgiden soň baryp 2029-njy ýylda girdejä çykyp biler
OpenAI 2029-njy ýylda 14 mlrd dollar möçberde arassa girdejä çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Information neşirine salgylanyp, PC Gamer portaly habar berýär. Işläp düzüjiniň içerki resminamalaryna görä, 2023-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda garaşylýan umumy ýitgiler 44 mlrd dollar bolar, ýitgileriň iň ýokary derejesi bolsa 2026-njy ýyla düşüp, 14 mlrd dollara ýeter