Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleri seçip alýar

21.02.2026, 16:149,981

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Resminamalary kabul etmek işi 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly – 8-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde amala aşyrylar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: Seçip alyş işine Türkmenistanyň umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli raýatlary gatnaşyp bilerler. Okuwa kabul edilende aşakdaky görkezijileri bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär:

  • Bakalawr maksatnamasy üçin: SAT, TOEFL ýa-da IELTS şahadatnamalary bolanlara;
  • Magistr maksatnamasy üçin: GMAT ýa-da GRE şahadatnamalary bolanlara;
  • Dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine we halkara bäsleşikleriniň gatnaşyjylaryna.

Dalaşgärler bellenen nusgadaky arza we sowalnamany, saglyk güwänamasyny hem-de bilim baradaky resminamalaryň tassyklanan terjimesini we beýleki resmi iş kagyzlaryny tabşyrmalydyr. Şeýle-de, iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde taýýarlanan terjimehal (CV) talap edilýär. Soralýan resminamalaryň doly sanawy bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.
Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 11-12-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde söhbetdeşlik geçiriler.
Hünärleriň sanawy, okuwa kabul etmegiň sany we şertleri baradaky giňişleýin maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Salgysy we habarlaşmak üçin:

  • Salgy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.
  • Tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25.
  • E-mail: admissioniuhd@gmail.com
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.