2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
17.01.2026 08:05
3.9k+

2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy
16.01.2026 23:47
8.9k+

Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär
Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi
16.01.2026 23:11
13k+

Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär
Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy
16.01.2026 23:02
5.8k+

Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi
Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi
16.01.2026 22:34
2.5k+

Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler
16.01.2026 22:23
5.7k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar
Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler
16.01.2026 21:53
1.7k+

Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar
Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
16.01.2026 21:46
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
16.01.2026 17:59
4.2k+

Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy
17-18-nji ýanwarda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
16.01.2026 17:47
4.9k+

17-18-nji ýanwarda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar. 18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan «Gurjagyň öýi» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar
YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady
16.01.2026 17:15
11k+

YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady

Bloger we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisini mümkin boldugyndan takyk gaýtalap bilendigini aýtdy. Ol tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz YouTube kanalynda ýerleşdirdi.   Bir hepdeden az wagtyň içinde wideo 5,3 mln tomaşa we 21 müňden gowrak teswir ýygnady
Ilkinji gezek energiýa uçup barýan uçardan şöhle görnüşinde Ýerdäki Gün panellerine geçirildi
16.01.2026 16:56
5k+

Ilkinji gezek energiýa uçup barýan uçardan şöhle görnüşinde Ýerdäki Gün panellerine geçirildi

Overwiew Energy startapy ilkinji gezek uçup barýan uçardan energiýany Ýerdäki adaty Gün panellerine simsiz geçirip bildi. Synag geljekde energiýanyň kosmosdan Ýere iberilmeginde uly ädim hasaplanýar. Kompaniýa pes kuwwatly we giň infragyzyl şöhläni ulandy
«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy
16.01.2026 16:52
2k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär
Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady
16.01.2026 16:46
3.4k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady
Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar
16.01.2026 16:44
1.6k+

Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar
16.01.2026 16:18
19k+

«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler
"God of War" oýnunyň filminde baş keşbi janlandyrjak aktýor belli boldy
16.01.2026 16:10
4.9k+

"God of War" oýnunyň filminde baş keşbi janlandyrjak aktýor belli boldy

«God of War» («Бог войны») wideo oýnuny ekranlaşdyrýan Amazon onuň serial görnüşinde spartanly uruş hudaýy Kratosyň keşbini Raýan Herstiň janlandyrjakdygyny yglan etdi. Täze taslama Wankuwerde deslapky önümçilik tapgyrynda we häzirki wagtda onuň kastingleri dowam edýär
«Kalmar oýnuny» döreden režissýor Netflix üçin täze serialyň üstünde işleýär
16.01.2026 16:05
3.4k+

«Kalmar oýnuny» döreden režissýor Netflix üçin täze serialyň üstünde işleýär

Netflix «Kalmar oýnuny» («Игра в кальмара») dörediji Hwan Don-hýokdan täze serialy sargyt etdi. Deadline-niň habar bermegine görä, taslama «Diler» («Дилер») diýlip atlandyrylýar. Serialy Hwan Don-hýoga degişli Firstman Studio tarapyndan surata düşüriler
Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy
16.01.2026 15:59
7.3k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy
Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi
16.01.2026 15:55
1k+

Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi

Microsoft Indigo Carbon bilen 2,85 million toprak uglerody üçin karz satyn almak barada şertnama baglaşdy. Reuters-iň degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu bazar boýunça iň uly şertnamadyr. Karzlar ABŞ-da topragy dikeltmek maksatly oba hojalyk taslamalary bilen baglanyşyklydyr
ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar
16.01.2026 15:47
10k+

ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny bermegi togtadýar diýip, Fox News departamentiň gulluk beýanyna salgylanyp habar berdi. Teleýaýlym tarapyndan gözden geçirilen içki resminama görä, ilçihanalaryň işgärleri arzaçylary barlamak we saýlamak işleri tamamlanýança wiza bermekden wagtlaýyn saklanmalydyrlar
Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler
16.01.2026 15:42
2.4k+

Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler

Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär
Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar
16.01.2026 15:32
1.5k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär
«Tagt oýunlarynyň» awtory Dunk we Eggiň başdan geçirmeleriniň dowamynyň boljakdygyny ýaňzytdy
16.01.2026 15:25
2.5k+

«Tagt oýunlarynyň» awtory Dunk we Eggiň başdan geçirmeleriniň dowamynyň boljakdygyny ýaňzytdy

HBO Max podkastynda çykyş eden Jorj Martin 18-nji ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» atly prikweliň çykmagyndan öň «Tagt oýunlarynyň» çygryny hem giňeltmek baradaky meýilnamasynyň bardygyny paýlaşdy. The Hollywood
Loro Piana 2026-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyna bagyşlanan kampaniýasyny hödürledi
16.01.2026 15:21
2.9k+

Loro Piana 2026-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyna bagyşlanan kampaniýasyny hödürledi

Loro Piana 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň toplumy üçin mahabat kampaniýasyny hödürledi. WWD-niň habaryna görä, täze toplumy surata düşürmek işleri Prowansalyň Sen-Pol-de-Wans obasynda, Kolombe d'Or myhmanhanasynda we hususy sungat gaznasy bolan Fondation Maeght-iň çäklerinde geçirildi
Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr
16.01.2026 15:17
5.9k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar
Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar
16.01.2026 15:12
3.6k+

Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar

Kosmosa uçuş astronawtlaryň bedenine täsir edip, olaryň myşsalarynyň ýitmegine, süňk dykyzlygynyň peselmegine we suwuklyk hem elektrolit deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Emma bu-da hemmesi däl. Alymlar mikrograwitasiýanyň täsirlerini öwrenenlerinden soň, älem giňişligine uçuşyň astronawtlaryň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigini-de anykladylar
Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar
16.01.2026 15:07
2.6k+

Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar

Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we  ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler
Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi
16.01.2026 12:30
4.9k+

Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi

Ýylyň başynda reňkli metallaryň bazarynda çalt ösüş hasaba alyndy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, galaýy we misiň bahalary taryhy rekord derejelerine ýetdi. Londonyň Metal Biržasynda (LME) galaýynyň bahasy 6% ýokarlanyp, bir tonnasy üçin 52 495 dollara ýetdi
Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy
16.01.2026 12:24
3.2k+

Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy

"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi
16.01.2026 12:19
6.5k+

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nemes professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär
16.01.2026 12:15
2.9k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nemes professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär

12 — 16-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahatynyň dowamynda bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara derejesinde hünärini ýokarlandyrmaga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär
Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler
16.01.2026 12:02
2.9k+

Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler

Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer
16.01.2026 11:53
1.4k+

Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer

30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi
Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar
16.01.2026 11:40
5k+

Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar
Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler
16.01.2026 11:25
2k+

Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
Wizasyz we serhetsiz dünýä: Henley dünýäniň iň «güýçli» pasportlarynyň reýtingini düzdi
16.01.2026 09:11
10k+

Wizasyz we serhetsiz dünýä: Henley dünýäniň iň «güýçli» pasportlarynyň reýtingini düzdi

Täze Henley Passport Index reýtingi haýsy pasportlaryň syýahatlarda has köp erkinlige ýol açýandygyny görkezdi. Sanawda öňdebaryjy Singapuryň pasporty boldy: onuň raýatlary wizasyz 192 ýurda we sebite baryp bilýär
Israel Adesanýa UFC-de indiki garşydaşyny bildi. Ol Jo Paýfer bolar
16.01.2026 09:08
4.9k+

Israel Adesanýa UFC-de indiki garşydaşyny bildi. Ol Jo Paýfer bolar

Orta agramda UFC-niň öňki çempiony Israel Adesanýa indiki söweşini amerikaly Jo Paýfere garşy geçirer. Söweş 29-njy marta geçilýän gije bolar we Sietlde UFC Fight Night 271 ýaryşynyň esasy wakasyna öwrüler. Jo Paýfer karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 17 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy
Dodge Charger we Hyundai Palisade «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobilleri» boldy
16.01.2026 09:07
3k+

Dodge Charger we Hyundai Palisade «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobilleri» boldy

Detroýtda geçirilen Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalonynda «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl baş baýraklary Dodge Charger, Ford Maverick Lobo we Hyundai Palisade aldy
2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi
16.01.2026 09:05
3.1k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär