Indi iki sany Bugatti giperkaryny LEGO konstruktorlary görnüşinde gurup bolar
16.01.2026 08:38
2.1k+

Indi iki sany Bugatti giperkaryny LEGO konstruktorlary görnüşinde gurup bolar

Bugatti kompaniýasy LEGO bilen täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bugatti Chiron Pur Sport we Bugatti Vision Gran Turismo giperkarlarynyň nusgalaryny düzüp boljak iki sany täze toplum döredildi
Lenovo öz-özi aýlanýan ekranly köpçülikleýin öndürilýän noutbukyny tanyşdyrdy
16.01.2026 08:33
1.5k+

Lenovo öz-özi aýlanýan ekranly köpçülikleýin öndürilýän noutbukyny tanyşdyrdy

Lenovo kompaniýasy birnäçe täze önümlerini hödürledi, olaryň arasynda, esasan hem, ThinkBook Plus Gen7 Auto Twist noutbugy aýratyn ünsi çekýär. Ilkinji gezek 2024-nji ýylda diňe bir konsept (taslama) hökmünde görkezilen bu model indi köpçülikleýin önümçilige goýberildi
Renault täze Filante krossowerini tanyşdyrdy
16.01.2026 08:22
2.5k+

Renault täze Filante krossowerini tanyşdyrdy

Renault kompaniýasy özüniň täze Filante krossowerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu model Geely kompaniýasynyň CMA platformasynda guruldy. Awtoulagyň satuwy şu ýylyň mart aýynda Günorta Koreýada başlanar, soňra bolsa model Günorta Amerika we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykar
Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady
16.01.2026 08:16
2.7k+

Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady

"Blumhouse" we "Warner Bros." kompaniýalary "Mumiýa" filminiň ilkinji tizerini köpçülige hödürlediler. Taslamanyň režissýory Li Kronin ("Eýmenç ölüleriň gozgalaňy" filmi bilen tanalýan) täze eseri "Poltergeýst" ruhundaky gorkuly film (horror) bilen Dewid Finçeriň stilindäki garaňky detektiwiň gibridi hökmünde häsiýetlendirýär
Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi
16.01.2026 08:10
4.3k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi
LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar
16.01.2026 08:06
1.2k+

LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar

LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar
Kia täze K4 Sportswagon uniwersalyny tanyşdyrdy
16.01.2026 08:03
4.3k+

Kia täze K4 Sportswagon uniwersalyny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy resmi taýdan K4 Sportswagon uniwersalyny tanyşdyrdy. Bu model eýýäm sedan we hetçbek görnüşleri bolan K4 maşgalasyna goşular hem-de şu ýyl Ýewropa bazaryna çykar. Täze uniwersal Volkswagen Golf we Skoda Octavia ýaly bäsdeşler bilen bäsleşmek üçin niýetlenendir
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy
16.01.2026 00:09
17k+

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň tehnikalaryň 148 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
15.01.2026 23:57
1.8k+

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy
15.01.2026 22:30
11k+

«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy

Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär. «Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi
Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy
15.01.2026 22:21
3.4k+

Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy

Günorta Koreýanyň wonasy 2009-njy ýyldaky global maliýe çökgünliginden bäri iň pes derejä gaçdy. Milli walýutanyň gowşamagynyň dowam etmegi kapitalyň ýurtdan çykýan döwründe hümmeti durnuklaşdyrmagyň usullaryny gözleýän ýurt häkimiýetlerine basyşy güýçlendirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berdi
Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär
15.01.2026 22:14
4.3k+

Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär

Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
Apple has "akylly" Siri-ni döretmek üçin Google Gemini tehnologiýasyny saýlady
15.01.2026 22:08
1.5k+

Apple has "akylly" Siri-ni döretmek üçin Google Gemini tehnologiýasyny saýlady

Apple we Google kompaniýalary köp ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde Gemini emeli aň modeli Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasyny döretmek üçin ulanylar. Siri-niň täze görnüşini şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmak meýilleşdirilýär
Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy
15.01.2026 21:57
5.6k+

Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär
Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
15.01.2026 21:50
3.2k+

Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy
Cirium dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýalary we howa menzillerini saýlady
15.01.2026 21:43
4.2k+

Cirium dünýäde wagtyna has jür awiakompaniýalary we howa menzillerini saýlady

Cirium analitiki kompaniýasy «2025-nji ýylda wagtynda ýerine ýetirmegiň görkezijilerine syn» hasabatyny hödürledi we onda tertipnamanyň berjaý edilişi boýunça awiakompaniýalaryň hem howa menzilleriniň reýtingini hödürledi
Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady
15.01.2026 21:31
7.8k+

Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady

Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär
Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy
15.01.2026 21:26
2.9k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi
«Altyn malina-2026» anti-baýragy üçin dalaşgärler yglan edildi
15.01.2026 17:37
3.5k+

«Altyn malina-2026» anti-baýragy üçin dalaşgärler yglan edildi

Kinoda iň ýaramaz işler üçin berilýän «Altyn malina» anti-baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. 2025-nji ýylda bu baýragyň eýeleri martda, adatça bolşy ýaly, «Oskardan» bir gün öň yglan ediler diýip, World of Reel portaly belleýär
Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi
15.01.2026 16:35
7.4k+

Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilelikde urlup çalynýan saz gurallarynda BTS toparynyň «Dynamite» we «Keý-pop melgun awçylary» multfilminden aýdymlaryň sazlaryny ýerine ýetirdi
Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi
15.01.2026 16:31
4.3k+

Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi

SpaceX amerikan kompaniýasynyň köp gezeklik Crew Dragon kosmos gämisi Crew 11 missiýasynyň ekipažy bilen şu gün Kaliforniýanyň günorta kenaryndaky Ýuwaş ummana üstünlikli gondy. Bu barada NASA habar berýär. NASA
«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy
15.01.2026 16:09
14k+

«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy

Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final oýnunda Madridiň «Realy» «Albaseteden» 2:3 hasabynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Aýgytly gol oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtda geçirildi. Duşuşyk Albasete şäherindäki «Karlos Belmonte» stadionynda boldy
Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi
15.01.2026 15:32
5.8k+

Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi

2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di
Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy
15.01.2026 11:55
2.7k+

Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy

Britaniýaly aktýor Kallum Týorner 007 agenti Jeýms Bonduň keşbi üçin franşizanyň täze filminde esasy dalaşgär boldy. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, hut ol Deniel Kreýgiň ornuny çalşar. Çeşmeler 34 ýaşly aktýoryň töweregindäkileriň eýýäm onuň tassyklanyp bilmegini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar
Tankytçylar «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» horror filmine haýran galma bilen seslendi
15.01.2026 11:50
4.1k+

Tankytçylar «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» horror filmine haýran galma bilen seslendi

Internetde «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» (28 лет спустя: Храм костей) horror filmine ilkinji halkara synlar peýda boldy. Film 16-njy ýanwarda kinoteatrlarda görkeziler. Habar çykan wagty filmiň Rotten Tomatoes-de reýtingi 93%-di
BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar
15.01.2026 11:45
4.4k+

BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar

BTS keý-pop topary dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahaty barada yglan etdi. Ol aprelde Günorta Koreýanyň Koýan şäherinden başlap, 2027-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. Bu barada Associated Press habar berýär
Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar
15.01.2026 11:42
4.3k+

Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar

Afrika milletleriniň kubogynyň finalçylary kesgitlendi. Titul ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen ýaryşyň ýer eýesi Marokko göreşer. Tanžer şäherinde geçirilen birinji ýarym final oýnunda senegallylar az hasap bilen (1:0) ýaryşyň esasy toparlarynyň birini – Müsüriň milli ýygyndysyny utdy
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi
14.01.2026 18:53
33k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir
Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi
14.01.2026 18:08
11k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar
Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi
14.01.2026 18:01
5.7k+

Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi

Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi. «Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi
Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar
14.01.2026 17:56
6k+

Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar

Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylygy derňeýän derňewçiler jenaýatkärleriň gymmatbaha zatlary ogurlap göni getirip gizlän garažynyň üstünden bardylar
«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy
14.01.2026 17:41
5.7k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar
Miu Miu deri önümlerini emeli ýol bilen köneltmek usulyny hödürledi
14.01.2026 17:32
5.2k+

Miu Miu deri önümlerini emeli ýol bilen köneltmek usulyny hödürledi

Miu Miu deri önümini emeli usulda köneltmek usulyna bagyşlanan «Könäni döretmek» («Making of Old») taslamasyny işe girizdi. Kampaniýanyň çäginde brend täze önümleriň nähili gadymy görnüşe eýe bolýandygyny jikme-jik görkezýär
«Dostluk bozuldy!»: Hans Zimmer «Altyn Globusyň» guramaçylaryny kompozitorlara hormatsyzlykda tankytlady
14.01.2026 17:22
4.5k+

«Dostluk bozuldy!»: Hans Zimmer «Altyn Globusyň» guramaçylaryny kompozitorlara hormatsyzlykda tankytlady

Kompozitor Hans Zimmer «Iň gowy saz» baýragynyň gowşurylyşyny teleýaýlymda görkezmändikleri üçin «Altyn Globusyň» guramaçylaryny tankytlady. Deadline bilen söhbetdeşlikde Zimmer bu hereketiň nadanlyga çalym edýändigini-de ýaňzytdy
Wikipedia kümüş ýaş toýuny belleýär: Başlangyç pikirden dünýäniň iň uly ensiklopediýasyna çenli geçilen 25 ýyllyk ýol
14.01.2026 12:13
5.3k+

Wikipedia kümüş ýaş toýuny belleýär: Başlangyç pikirden dünýäniň iň uly ensiklopediýasyna çenli geçilen 25 ýyllyk ýol

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipedia esaslandyrylan gününiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu ýubileý ýylyň dowamynda bütin dünýäde dabaralandyrylar. "Wikipediýa meýletinçiler tarapyndan bütin dünýäniň adamlary üçin döredilen erkin ensiklopediýa baradaky uly maksatdan başlandy
Beýik Britaniýada giçki Rim döwrüne degişli süňkden ýasalan täsin gutujyk tapyldy
14.01.2026 12:03
4.1k+

Beýik Britaniýada giçki Rim döwrüne degişli süňkden ýasalan täsin gutujyk tapyldy

Beýik Britaniýanyň Wusterşir graflygynyň Brodweý şäherindäki giçki Rim döwrüniň mazarlygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar keýik süňkünden ýasalan oýma nagyşly täsin gutujygy ýüze çykardylar. Arheologlar öň hiç haçan şeýle tapynda duş gelmändiklerini belleýärler
Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy
14.01.2026 12:00
5.2k+

Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
14.01.2026 11:56
9k+

Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy

Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadan 45 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Bişoftu şäherinde Bişoftu halkara howa menziliniň (BIA) gurluşygyna girişildi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu howa menzili Afrika yklymyndaky iň uly awiasiýa merkezine öwrüler
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän TOPIK synagyna gatnaşmak üçin arzalar alnyp başlandy
14.01.2026 11:39
1.9k+

Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän TOPIK synagyna gatnaşmak üçin arzalar alnyp başlandy

Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän 105-nji synag (TOPIK) geçiriler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi. Synaga gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle hem arzanyň nusgasyny ýükläp almak üçin ilçihananyň saýtyna girip bilersiňiz
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy
14.01.2026 11:35
8.8k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Çäre mugallymlaryň milli bilim we terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryny ykrar etmäge bagyşlandy