Mercedes-Benz 2026-njy ýylda onlarça täze modelini çykarmagy meýilleşdirýär

15.02.2026, 08:464,450
1 / 3

Mercedes-Benz täze modellerini çykarmagyň giň gerimli meýilnamasyny tanyşdyrdy. Motor1 neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli azyndan 16 awtomobili, 2027-nji ýylda bolsa ýene şonça täze modeli köpçülige hödürlär.
2026-njy ýylda görkeziljek modelleriň arasynda, esasan, şu aşakdakylar tapawutlandyrylýar:

·         Maybach S-Class (restaýling) – ýakyn wagtda (täzelenen S-Class-dan soň) garaşylýar;

·         GLS (restaýling) – ýylyň dowamynda çykarylar; onuň Maybach görnüşiniň hem tiz wagtdan yzyndan çykmagyna garaşylýar;

·         G-Class Cabriolet ýa-da AMG-model (mysal üçin, V8 hereketlendirijili CLE);

·         EQS we EQS SUV (restaýling) – elektrik modelleri;

·         AMG elektrik supersedany – GT 4-Door Coupe modeliniň gytaklaýyn oruntutary;

·         C-Class (sedan we uniwersal, restaýling) – modeliň ýaşaýyş döwrüniň ortasyndaky täzeleme;

·         GLC we GLC Coupe (restaýling) – içinden ýandyrylýan hereketlendirijili görnüşler, elektrik GLC bilen utgaşdyrylar;

·         C-Class EV – ilkinji doly elektrik C-Class;

·         Täze nesil GLA – şol sanda «EQ Technology» belgili elektrik wersiýasy.

Şol bir wagtyň özünde, Motor1 neşiriniň habar bermegine görä, Mercedes-Benz-iň iki modeli (EQE we EQE SUV) 2026-njy ýylda önümçilikden aýrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.