Mercedes-Benz kompaniýasy Germaniýanyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna elektrikli G-Class modeline diňe bir suw päsgelçiliklerinden geçmäge däl, eýsem, suwda ýüzmäge hem mümkinçilik berjek tehnologiýa boýunça patent arzasyny berdi.
Häzirki wagtda G 580 with EQ Technology modeli 850 millimetre çenli çuňlukdaky suwly ýerlerden geçip bilýär. Täze ulgam bolsa ulaga suwuň ýüzünde hereket etmäge mümkinçilik berer.
Munuň üçin tigirleriň töwereginde ýerleşdirilýän ýörite elementleri ulanmak teklip edilýär. Olar çişirilýän howa ýassyklaryndan ýa-da köpürjikli poliuretandan ýasalar. Her tigirdäki şeýle elementiň göwrümini aýratyn sazlap bolar. Bu awtoulagyň deň derejede ýüklenmedik ýagdaýynda ýa-da suw akymyň täsirinde durnuklylygyny saklamaga kömek eder.
Şol bir wagtyň özünde tigirler gulplanman, gaýtam dolandyrylyp bilner. Olar awtoulagyň hereket edýän ugruny kesgitlär. Elektrikli G 580 modelinde ulgam dört sany biri-birinden garaşsyz dolandyrylýan elektromotor bilen utgaşdyrylyp bilner. Her tigriň aýlaw güýjüni üýtgetmek, hatda tigirleri dürli ugurlara aýlamak arkaly suwda awtoulagyň ugruny saklap, gerek wagty kenara çykyp bolar.
Patent ýüzýän elementleri ätiýaçdaky tigriň ýerleşýän ýerinde saklamagy hem göz öňünde tutýar. Olary işe girizmek üçin ulagyň öz kompressoryndan peýdalanmak teklip edilýär.
Hünärmenler Mercedes-Benz kompaniýasynyň bu tehnologiýa gyzyklanma bildirmegini hytaýly awtoöndürijilerde şuňa meňzeş çözgütleriň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýar. Şeýle-de bolsa, patent üçin ýüz tutulmagy şeýle G-Class-yň hökman önümçilige goýberiljekdigini aňlatmaýar. Häzirlikçe gürrüň diňe inženerlik çözgüdi we onuň mümkinçiliklerini öwrenmek hakynda gidýär. Kompaniýa ýüzýän awtoulagy önümçilige girizmek meýli barada resmi taýdan hiç zat yglan etmedi.