Mercedes-Benz aýratyn Mythos tapgyrynyň ikinji modelini — CLE 646 Special Edition kupesini tanyşdyrdy. Awtoulag 646 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji, düýpli kämilleşdirilen gurluş we bary-ýogy 30 ulagdan ybarat çäkli önümçilik tapgyry bilen tapawutlanýar. Ulaglaryň ählisi eýýäm satylyp gutardy.
Kupede döwrebaplaşdyrylan 4,0 litrlik, goşa turbinaly M177 EVO V8 hereketlendirijisi ulanyldy. Ol 646 at güýjüni we 2 500–4 500 aýlaw/min aralygynda 850 Nm aýlaw güýjçni berýär. Hereketlendiriji dokuz basgançakly awtomatik transmissiýa bilen işleýär we ulag diňe yzky tigirlerinden hereketlenýär.
Awtoulag 100 km/sag tizlige 3,9 sekuntda, 200 km/sag tizlige bolsa 11,4 sekuntda ýetýär. Şeýle hem oňa elektron dolandyrylýan öz-özüni gulplaýan differensial, dört dürli sazlamaly amortizasiýa ulgamy, karbon-keramiki tormozlar we Akrapovic kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanan titan çykaryş ulgamy oturdyldy.
Adaty CLE-den bu görnüş giňeldilen tigir arkalary, karbon süýüminden ýasalan aerodinamiki elementleri we yzky berk ganaty bilen tapawutlanýar. Awtoulag üçin 20 dýuýmlyk ýörite ýasalan ýeňil tigir diskleri taýýarlanypdyr. Onuň tigirleri bolsa AMG One giperkarynda ulanylan tehnologiýanyň esasynda işlenip düzülipdir.

Ýeňil materiallaryň ulanylmagy we doly herekete getirijiden ýüz öwrülmegi netijesinde awtoulagyň agramy, takmynan, 170 kilogram ýeňledi. Muňa garamazdan, ulagyň umumy agramy 1 895 kilograma barabardyr. Salonda bedene gysby kürsüler oturdyldy, yzkylary bolsa aýryldy. Şeýle hem karbon panelli gapylar we ýeňilleşdirilen ses ulgamy ulanyldy.

Mythos tapgyrynyň ilkinji ulagy 2024-nji ýylda tanyşdyrylan AMG SL PureSpeed boldy. Ulagyň bary-ýogy 250 nusgasy öndürilip, onuň bahasy 1 million dollar töweregi bolupdy.
Mercedes-Benz täze ulagyň resmi bahasyny, adatça bolşy ýaly, aýan etmeýär. Sebäbi öndürilen ulaglaryň ählisi ýapyk tertipde öňünden kolleksionerler tarapyndan satyn alyndy.