Mercedes-Benz kompaniýasy C-Class modeliniň tutuş taryhynda iň uly tehniki täzelemäni amala aşyrdy. Awtoulag ChatGPT, Microsoft Bing we Google Gemini utgaşdyrylan täze MB.OS operasion ulgamyna, goşmaça sürüjä kömek ulgamlaryna, döwrebaplaşdyrylan hereketlendirijilere we başga-da birnäçe täze tehnologiýalara eýe boldy.
MBUX wirtual kömekçisi indi köp tapgyrly gürrüňdeşligi goldap, gepleşigiň mazmunyny ýadynda saklaýar. Ol şeýle hem umumy soraglara jogap berip, gyzykly ýerleri gözläp biler hem-de sözleri ýa-da äheňi boýunça aýdym-sazy tapyp biler.

Awtoulag 12,3 dýuýmlyk sanly enjamlar paneli we 11,9 dýuýmlyk merkezi ekran bilen üpjün edildi. Goşmaça hökmünde AR proýeksiýaly ekran hem teklip edilýär. Şeýle hem Dolby Atmos we 15 dinamigi bolan Burmester 3D ses ulgamy elýeterlidir.
Amerikan wersiýasy 48 woltlyk ýumşak gibrid ulgamy bolan täzelenen 2,0 litrlik turbinaly hereketlendirijä eýe boldy. Benzinli hereketlendiriji 255 at güýjüni we 400 N·m öndürýär, starter-generator bolsa ýene-de 23 at güýjüni we 205 N·m goşýar. Elektrik kömekçi kompressory pes aýlawlarda jogaby gowulandyrýar, overboost funksiýasy, takmynan, 20 sekundyň dowamynda netijeliligi ýene-de 27 at güýjüne artdyryp biler.
Ýewropada C-Class benzinli we dizel dört silindrli hereketlendirijiler, şeýle hem uniwersal görnüşde we C 400 e 4MATIC wersiýasynda elýeterli bolar. Zarýad berilýän gibrid peýdaly sygymy 19,53 kWt·sag bolan batareýany aldy we WLTP aýlawy boýunça elektrik ýoly bilen 100 kilometre çenli ýol geçmäge ukyplydyr.
Ýewropaly alyjylara şeýle hem yzky tekerleri 2,5 gradusa çenli öwrülýän doly dolandyryşly şassi hödürlener. Bu öwrülme diametrini 43 sm kemeldip, 10,64 metre çenli getirýär.

Daşarky üýtgeşmeleriň arasynda täze radiator gözenegini, merkezdäki Mercedes ýyldyzynyň yşyklandyrylyşyny, täze buferleri we yşyklandyryş grafikasyny görkezse bolar. Goşmaça Digital Light faralarynda mikro-ýarymgeçiriji (micro-LED) çyralary bar. Mercedes-iň tassyklamagyna görä, ol 50%-e çenli az energiýa sarp edýär.
Täzelenen C-Class-yň bahalary heniz mälim edilmedi. Ulag ABŞ-da awtoulag dilerlerine 2027-nji ýylyň birinji ýarymanda gelip gowşar.