Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy
05.11.2025 12:16
14k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy
Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi
05.11.2025 12:02
4.5k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi

5-nji noýabrda söwdalaşyklaryň barşynda bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi. Muňa Binance kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Gije Aşgabat wagty bilen 01:18-de esasy kriptowalýutanyň bahasy 99600 dollar çenli düşdi
“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi
05.11.2025 11:54
6.9k+

“Ýewropada ýylyň awtomobili-2026” baýragynyň finalçylary yglan edildi

Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň emin agzalary 2026-njy ýylyň baş tituly üçin finalçylary yglan etdi. Gysga sanawa eýýäm ÝB-niň bazarynda elýeterli bolan ýa-da tiz wagtdan satuwa çykjak ýedi täze model girdi
ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi
05.11.2025 11:19
4.1k+

ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi

Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynyň çäginde her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä gününi belläp geçmek hakynda karar kabul edildi. Bu sene türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birligini alamatlandyrar
Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär
05.11.2025 11:08
15k+

Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine girişýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär
Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi
05.11.2025 11:03
3.1k+

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapuwlary geçirildi. Bedewler dürli aralykdan on gezek çapuwa goşuldy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Güýzki möwsümiň ýapylyşy mynasybetli guralan at çapyşyklary ikiýaşar atlaryň 1000 metr aralykdaky ýaryşy bilen badalga aldy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy
05.11.2025 10:59
3.9k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy
05.11.2025 10:48
8.8k+

Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler. «Liwеrрul» – «Real» 1:0 «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy
Ýapon alymlary meduzanyň täze görnüşini tapdylar we oňa samuraýyň adyny dakdylar
05.11.2025 10:14
3k+

Ýapon alymlary meduzanyň täze görnüşini tapdylar we oňa samuraýyň adyny dakdylar

Ýaponiýanyň Sendaý aýlagynda fizaliýa diýlip atlandyrylýan zäherli meduzanyň täze görnüşi tapyldy. Kobalt-gök reňkli bu jandar öz adyny ýerli meşhur samuraý — feodal Date Masamuneniň hormatyna aldy. Täze görnüşe Physalia mikazuki (“ýarymaýly tuwulga geýen adam”) diýlip at berildi
Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi
05.11.2025 10:07
3.7k+

Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi

Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär
40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy
05.11.2025 10:00
6.6k+

40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy

Beýik Britaniýada uzak wagt bäri ýok bolup giden görnüş hökmünde hasaplanýan kiçijik möý goraghananyň diňe gaýyk arkaly baryp bolýan çet ýerinde gaýtadan gabat gelindi. Uaýt adasynda tapylan bu görnüş mämişi aýakly Aulonia albimana diýlip atlandyrylýan möjek-möýlere degişli
Mansory üç sany tüsseçykary, uglerod süýümi we 838 at güýji bolan BMW M5-i tanyşdyrdy
05.11.2025 09:54
5.9k+

Mansory üç sany tüsseçykary, uglerod süýümi we 838 at güýji bolan BMW M5-i tanyşdyrdy

Germaniýanyň Mansory meşhur awtobezeg studiýasy täzeden işlenen BMW M5 gibrid sedan wersiýasyny görkezdi. Täzelenen model köp mukdarda uglerod süýümli elementler, Honda Civic Type R äheňinde merkezde ýerleşýän üç sany tüsseçykary bolan özboluşly gaz çykaryş ulgamy hem-de güýçlendirilýän güýç toplumy bilen tapawutlanýar
Honda täze elektrik “0” maşgalasyndan ikinji krossowerini görkezdi
05.11.2025 09:43
3.1k+

Honda täze elektrik “0” maşgalasyndan ikinji krossowerini görkezdi

Honda kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde adynda «alfa» nyşany bolan Honda 0 krossoweriniň prototipini ilkinji gezek görkezdi. Bu model täze elektrikleşdirilen “0” maşgalasynyň üçünji modeli bolup, ondan öň 0 Saloon atly sedan we has uly göwrümli 0 SUV krossoweri tanyşdyrylypdy
Newada ştatynda eşidilýän geň güňleç ses ilatda howsala döredip, ýerasty şäheriň gurluşygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy
05.11.2025 09:37
12k+

Newada ştatynda eşidilýän geň güňleç ses ilatda howsala döredip, ýerasty şäheriň gurluşygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Newada ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylary Mid kölüniň golaýynda eşidilen näbelli güýçli güňleç sesler sebäpli howsala düşdüler. Las-Wegasyň 39 kilometr gündogarynda, Kolorado derýasynyň üstünde ýerleşýän bu uly suw howdanynyň töweregindäki kanýonlarda adaty bolmadyk güýçli we depginli sesleriň ýaňlanýandygy aýdyldy
"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi
05.11.2025 06:49
7.9k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy
Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi
04.11.2025 23:24
1.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi

zTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýeti 30-31-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen "Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri" atly XXX Halkara ylmy-tehniki maslahatyna gatnaşdy
Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi
04.11.2025 21:05
6.8k+

Google dolulygyna emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji mahabat wideosyny görkezdi

Emeli aň mahabat wideolaryny döretmek üçin işjeň ulanylyp başlandy we olar eýýäm sosial ulgamlarda hem telewideniýede görkezilýär. Olaryň önümçiligi üçin OpenAI Sora we Google Veo 3 ýaly kuwwatly modeller ulanylýar
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler
04.11.2025 20:54
4.5k+

Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler

Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde türkmen we german kompaniýalary maslahat beriş, logistika, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler
Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar
04.11.2025 20:47
8.1k+

Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär
CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi
04.11.2025 20:43
2.7k+

CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy
Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri
04.11.2025 20:33
3.1k+

Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri

3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi
Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi
04.11.2025 20:21
9.1k+

Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi

  Nature žurnalynda 17 görnüşli Afrika ýylanlarynyň zäherinden goraýan we ýylan çakmalaryndan deridäki zeperlenmeleri azaldýan täze derman serişdesiniň döredilendigi barada barlag çap edildi. Häzirlikçe bu derman syçanlarda synag edildi
Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler
04.11.2025 19:53
10k+

Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler

Grenlandiýa kitleri (Balaena mysticetus) ýer ýüzüniň iň uzak ýaşaýan haýwanlarynyň biri bolup, olaryň ömri 200 ýyldan gowrak dowam edip bilýär. Alymlar olaryň uzak ýaşamagynyň CIRPB diýlip atlandyrylýan ýörite belok bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar
Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi
04.11.2025 19:42
3.9k+

Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi

Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär
Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi
04.11.2025 19:35
7.5k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy
Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
04.11.2025 19:30
6.9k+

Türkmenistanda bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda deslapky tapgyrlarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan ýeňiji bolan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy
04.11.2025 19:08
3.7k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy
Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler
04.11.2025 19:00
1.6k+

Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular
04.11.2025 18:55
7.5k+

Britaniýaly fermerler kädilerden “Garaňkylygyň şazadasynyň” portretini ýygnap, rekord goýdular

Beýik Britaniýada fermerler Hellouini şeýle bir uly gerimde bellediler welin, hatda kädilerden we kabaçoklardan Black Sabbath toparynyň lideri, sazanda Ozzi Osbornyň ägirt portretini ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi
04.11.2025 18:48
5k+

Rolls-Royce spirtde işleýän dünýäde ilkinji gämi hereketlendirijisini döretdi

Häzirki günde deňiz gatnawlary ähli ulag serişdeleriniň arasynda atmosferany esasy hapalaýjy çeşmeleriň biri bolup galýar. Gämileriň aglabasy häzirem dizel ýangyjyny ulanýar, ol bolsa ýanan wagty atmosfera diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem beýleki köp sanly hapalaýjy maddalary zyňýar
Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar
04.11.2025 18:46
6.2k+

Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar

Lexus kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde diňe bir LS awtomobilleriniň futuristik konseptini däl, eýsem ulaglaryň çäginden çykýan ösüş strategiýasyny görkezdi. Indi kompaniýa gämilere, binagärlige we ýaşaýyş jaýlarynyň dizaýnyna ünsi jemleýär
Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy
04.11.2025 18:41
7.6k+

Dünýäde oktýabrda iň gymmatlan we arzanlan harytlar belli boldy

Oktýabrda dünýä bazarlarynda uly baha üýtgemeleri hasaba alyndy. Iň uly ösüşi kobalt görkezdi: onuň bahasy 28,5% ýokarlandy we bu hem metaly bu döwürde dünýäde iň gymmat haryda öwürdi. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär
Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy
04.11.2025 18:38
7.8k+

Rimiň merkezinde orta asyryň Konti binasy ýumruldy

Rimiň merkezinde şäheriň iň görnükli binalarynyň biri bolan Konti binasy bölekleýin ýumruldy diýip, Corriere della Sera habar berýär. Binada abatlaýyş işleri alnyp barylýardy. Waka bolan wagty binanyň içinde dört gurluşykçy işleýärdi
Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy
04.11.2025 15:19
5.7k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy
TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar
04.11.2025 15:02
3.2k+

TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar

TikTok programmasynda awtomatik taýdan uzyn wideolary gysga dik wideolara öwrüp bilýän täze emeli aň guraly peýda bolar diýip, The Verge habar berýär. Smart Split atly funksiýa bir minutdan gowrak dowam edýän wideolar üçin niýetlenýär we podkastlar hem wideobloglar üçin has peýdaly bolar
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
04.11.2025 14:46
11k+

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Şu gün, 4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky (C5+1) Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner
04.11.2025 14:37
8k+

ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner

ABŞ-nyň awiasiýa pudagyndaky ýagdaý dowam edýän şatdaun sebäpli barha kynlaşýar. Ulag ministri Şon Daffi CNBC bilen söhbetdeşlikde uçuşlar howpsuz däl diýlip hasaplanan ýagdaýynda hökümetiň ýurduň howa giňişligini ýapyp biljekdigini aýtdy
Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy
04.11.2025 14:34
3.8k+

Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy

Jeep kompaniýasy meşhur Grand Cherokee krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Täzelenen model 3,6 litrlik V6 Pentastar hereketlendirijisiniň ýerine, Stellantis konserniniň täze, has güýçli we has tygşytly diýlip mälim edilýän Hurricane maşgalasyndan dört silindrli hereketlendirijini aldy
SEMA Show 2025 sergisinde aýratyn ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Honda Passport taýýarlandy
04.11.2025 14:28
2.2k+

SEMA Show 2025 sergisinde aýratyn ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Honda Passport taýýarlandy

Las-Wegasda geçiriljek SEMA Show 2025 týuning sergisinde Honda Racing Corporation (HRC) kompaniyasy ýolsuz ýerlerde agyr şertlerde sürmek üçin ýörite taýýarlanan Honda Passport TrailSport HRC wnedorožniginiň aýratyn wersiýasyny tanyşdyrar
Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi
04.11.2025 14:20
3.8k+

Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.