Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär
12.12.2025 12:08
8k+

Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar
Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 11:57
7.6k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy
12.12.2025 11:42
2.5k+

Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy

Şweýsariýada 2026-njy ýyl üçin Prezident hökmünde ykdysadyýet ministri Gi Parmelen saýlandy. Ol bu wezipäni 2021-nji ýylda-da eýeläpdi. Ýurduň parlamentinde habar berlişi ýaly, ol berlen 228 býulletenden Federal ýygnagyň deputatlaryndan 203 ses aldy
Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy
12.12.2025 11:09
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara
Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady
12.12.2025 11:01
2.6k+

Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.12.2025 10:56
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady
12.12.2025 09:45
6.5k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady

Şu gün - 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
12.12.2025 01:44
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar
Serdar Berdimuhamedow Yragyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
12.12.2025 01:31
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we “Daewoo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
12.12.2025 01:24
4.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we “Daewoo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co
Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi
11.12.2025 22:30
6.9k+

Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi

Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamasy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada gutarnykly çözgüt 11-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi
Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
11.12.2025 22:24
12k+

Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi

Şu gün Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Dabaralara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetler gatnaşdy
Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler
11.12.2025 22:20
13k+

Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler

Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşyjylary kabul edýär. Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp sanly ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanlary gelýär
Stokgolmda we Osloda 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
11.12.2025 19:12
4.2k+

Stokgolmda we Osloda 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Stokgolmda fizika, himiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet we edebiýat ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäre Stokgolmyň konsert zalynda geçdi we oňa Şwesiýanyň patyşalyk maşgalasynyň agzalary, premýer-ministr Ulf Kristersson, hökümet we partiýa wekilleri, daşary ýurt myhmanlary, şeýle-de laureatlar we çagyrylan myhmanlar gatnaşdy
Porsche Taycan-yň döredijisi Mercedes-AMG-yň ýolbaşçysy bolar
11.12.2025 18:35
5.7k+

Porsche Taycan-yň döredijisi Mercedes-AMG-yň ýolbaşçysy bolar

Elektromobil pudagynda hünärmen Ştefan Wekbah Mercedes-AMG bölüminiň täze ýolbaşçysy hökmünde bellendi. Ozal ol Porsche Taycan-y döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk edipdi, şeýle-de Cayenne-niň elektrik wersiýasynyň döredilmegine gatnaşdy
Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer
11.12.2025 18:33
2.9k+

Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer

Google we Apple tehnologiýa kompaniýalary Android bilen iOS operasion ulgamlarynyň arasynda geçmek prosesini ýönekeýleşdirmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar enjamlaryň we hyzmatlaryň biri-biri bilen gabat gelijiligini ýokarlandyryp, smartfon çalşylanda maglumatlaryň aňsat geçirilmegini üpjün eder
FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi
11.12.2025 18:31
6.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlarynda her ýarymyň ortasynda oýunçylaryň suw içmegi üçin üç minutlyk hökmany arakesmäniň girizilendigini habar berdi. Arakesmeler ähli gatnaşyjy toparlar üçin deň şertleri üpjün eder ýaly howanyň nähilidigine garamazdan yglan ediler
BMW baş direktoryny çalyşdy
11.12.2025 18:28
4k+

BMW baş direktoryny çalyşdy

BMW konserni täze baş direktoryň bellenendigini habar berdi. 2026-njy ýylyň ýazynda bu wezipäni eýeleýän Oliwer Sipseniň ornuna Milan Nedelkowiç geçer. Kompaniýanyň täze ýolbaşçysynyň asly Serbiýadan we ol 56 ýaşynda
Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi
11.12.2025 18:26
9.9k+

Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy
11.12.2025 17:25
2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär
11.12.2025 17:14
3.8k+

Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu teklibe 8-13-nji dekabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde serediler
Türkmenistanyň DIM-nde Monakonyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
11.12.2025 17:03
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-nde Monakonyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi
Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
11.12.2025 16:49
3.1k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
11.12.2025 16:32
9.1k+

Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11.12.2025 16:20
4.4k+

Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi
Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi
11.12.2025 16:08
8.5k+

Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň altynjy oýunlarynyň netijeleri boýunça, üç futbol kluby – «Pari Sen-Žermen», «Mançester Siti» we «Atalanta» pleý-offa çykmagyny kepillendirdi. Ozal pleý-offa göni ýollamany «Arsenal» we «Bawariýa» alypdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.12.2025 10:19
3.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy
11.12.2025 10:16
4.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar
11.12.2025 10:03
5.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder
1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy
11.12.2025 09:42
6.2k+

1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy

Ýerde häli-häzire çenli hasaba alnan iň gaty ses 1883-nji ýylda Indoneziýada Krakatau wulkan adasynyň atylmagy boldy. Partlama 3 müň kilometrden gowrak aralykda eşidildi we dünýädäki barometrler onuň planetany ýedi gezek aýlanan zarba tolkunyny hasaba aldy diýip, Live Science neşiri ýazýar
Netflix Zoluşkanyň «rehimsiz» öweý uýalary barada multfilm düşürer
11.12.2025 09:40
2.5k+

Netflix Zoluşkanyň «rehimsiz» öweý uýalary barada multfilm düşürer

Netflix striming hyzmaty Zoluşkanyň öweý uýalarynyň hekaýasyny täze bir tarapdan görkezjek Steps animasion filminiň üstünde işleýändigini habar berdi. Sýužet boýunça, adatça, rehimsiz hasaplanýan gahrymanlar başga keşpde suratlandyrylar
Midea dünýäde ilkinji alty elli gumanoid roboty hödürledi
11.12.2025 09:39
2.5k+

Midea dünýäde ilkinji alty elli gumanoid roboty hödürledi

Hytaýyň Midea kompaniýasy resmi taýdan täze nesil Miro U gumanoid robotyny hödürledi. Bu alty mehaniki eli we tigirli aýaklary bolan dünýäde ilkinji gumanoid bolar. Robot çylşyrymly senagat meselelerini çözmek we önümçiligi awtomatizirlemek üçin döredildi
SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy
11.12.2025 09:36
1.4k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr
Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy
11.12.2025 09:33
2.6k+

Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy

Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy
NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi
11.12.2025 09:32
2.1k+

NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar
“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy
11.12.2025 09:30
3.8k+

“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen we “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Maklarenden” täze çempion Lando Norrisiň titul üçin uly bonus alandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtinginde ilkinji iki orny eýeledi
Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy
10.12.2025 16:47
16k+

Tramp Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda dokuz titul söweşiniň boljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamda meýilleşdirilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýaryşynda dokuz çempionlyk söweşiniň geçiriljekdigini aýtdy. «Ak tamda UFC ýaryşy 14-nji iýunda geçer
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň artisti adyny Di Kaprio berdi
10.12.2025 15:46
4.2k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň artisti adyny Di Kaprio berdi

Amerikan aktýory Leonardo Di Kaprio «Time» žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň artisti diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň resmi saýtynda habar berilýär. Žurnalyň wekilleri 30 ýyldan gowrak işiniň dowamynda Di Kaprionyň «köpleriň gözi gitjek ajaýyp karýerany» gurandygyny belleýär
«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy
10.12.2025 15:41
3.2k+

«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär
AUDI Hytaýda halkasyz E7X krossowerini görkezdi
10.12.2025 15:38
4.1k+

AUDI Hytaýda halkasyz E7X krossowerini görkezdi

Audi awtoöndürijisi SAIC konserni bilen hyzmatdaşlykda hytaý bazary üçin döredilen E7X krossoweriniň önümçilik wersiýasynyň suratyny görkezdi. E7X modeli täze AUDI markasynyň nemes brendi üçin adaty dört halkaly logotipi bolmadyk ikinji krossoweri boldy