Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

26.01.2026, 04:582,936

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi.

Buteriniň "Howpsuzlyk sanawy":

  • Resminamalar bilen işleşmek: Ol adaty serwisleriň ýerine dolulygyna Fileverse platformasyna geçdi. Bu platforma merkezleşdirilmedik, açyk kodly we maglumatlary şifrleýän ulgamdyr.
  • Messenjer: Buterin ýazyşmak üçin esasy messenjer hökmünde Telegram-yň ýerine Signal programmasyny saýlady. Mundan başga-da, ol Simplex we Session ýaly programmalary hem ulanýar.
  • Kartalar we Nawigasiýa: Google Maps-iň ýerine OpenStreetMap we Organic Maps ulanmaga başlady. Bu serwisler ýerli işleýär we ulanyjynyň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary üçünji taraplara bermeýär.
  • Elektron poçta: Gmail-den ýüz öwrüp, şifrlengen Proton Mail-e geçdi. Şeýle-de bolsa, ol geljekde poçtalaryň ýerine doly şifrlengen messenjerleri ulanmagy has gowy görýär.

Buterin uly dil modellerini (LLM) merkezi serwislere ibermezden, lokal (enjamyň özünde) ulanmagyň tarapdary. Onuň pikiriçe, smartfonlarda işleýän lokal modeller köpelse-de, olaryň beýleki programmalara utgaşdyrylmagynda we ulanmakda heniz kynçylyklar bar.

"Ähli maglumatlaryňyzy merkezleşdirilen üçünji tarap serwislerine ibermek düýbünden artykmaçdyr. Bizde bu amaly ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýän gurallar bar. Biz şol gurallary kämilleşdirmeli we has işjeň ulanmaly" diýip, Buterin belledi.

Geçmişdäki sapak: Kiber hüjüm
Buteriniň howpsuzlyga beýle uly üns bermeginiň sebäpleriniň biri hem 2023-nji ýylda onuň X hasabynyň döwilmegidir. Şonda jenaýatçylar SIM-kartany çalşyrmak (SIM-swap) arkaly onuň telefon belgisini ele geçirip, hasabynyň parolyny täzelemegi başarypdylar. Şondan soň Buterin, paroly täzelemek üçin diňe telefon belgisiniň ýeterlik bolmagynyň uly howpdygyny we hasaplardan telefon belgilerini aýyrmagyň zerurdygyny nygtapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.