Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

25.12.2025, 06:402,013

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär.

Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy. Olar bu kolleksiýany torrent arkaly ýaýratmagy meýilleşdirýär.
Spotify meta-maglumatlaryň ogurlanandygyny tassyklady we hakerleriň «platformanyň käbir audio faýllaryna» elýeterli bolandygyny belledi.
Ogurlygyň masştabyna göz ýetirmek üçin: Spotify-da 100 milliondan gowrak aýdym, tas ýedi million podkast we 350 müň töweregi audio kitap bar.
Annaʼs Archive dürli onlaýn ýygyndylarda, şol sanda bikanun çeşmelerde kitap, aýdym-saz we beýleki kontentleri tapmak üçin täjirçilik däl meta-gözleg ulgamydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.