Uly arzuwy bolan kiçijik ýurt: Kabo-Werde ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
14.10.2025 21:02
10k+

Uly arzuwy bolan kiçijik ýurt: Kabo-Werde ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar Afrikadaky saýlama ýaryşynyň D toparçasynda birinji orny eýeledi. Aýgytly pursat toparyň öýünde Eswatini 3:0 hasabynda utmagy boldy
Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer
14.10.2025 20:43
12k+

Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer

Iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony, russiýaly Pýotr Ýan ýene-de tituly gaýdyp almak mümkinçiligine eýe bolar. Ol 6-njy dekabrda (Aşgabat wagty bilen 7-nji dekabra geçilýän gije) UFC-niň häzirki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili bilen duşuşar
Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar
14.10.2025 20:31
5k+

Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar

Amazon MGM Studios ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp hakynda dokumental film taýýarlaýar diýip, Variety habar berýär. Filmiň çykjak senesi 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär. Filme “Dykyn wagty” («Час пик») atly gülküli boýewik bilen tanalýan režissýor Brett Ratner ýolbaşçylyk eder
Xiaomi ýyladyşly we ses arkaly dolandyrylýan Mijia akylly ýorganyny hödürledi
14.10.2025 20:14
2.2k+

Xiaomi ýyladyşly we ses arkaly dolandyrylýan Mijia akylly ýorganyny hödürledi

Xiaomi gyş gijelerinde rahat ukyny üpjün etmek üçin täze çözgüt — Mijia Smart Electric Blanket atly akylly elektrik ýorganyny tanyşdyrdy. Täze önüm 14-nji oktýabrda Youpin platformasynda 180 ýuan (takmynan 25 dollar) başlangyç bahadan satuwa çykýar
Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi
14.10.2025 19:20
1.2k+

Microsoft kompaniýasy Windows 10-uň goldawyny bes etdi

14-nji oktýabrdan başlap Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamynyň goldawyny resmi taýdan bes etdi. Ulanyjylara Windows 11-e geçmek maslahat berilýär diýip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar. Indi öňki OS-y ulanyjylara programma üpjünçiliginiň we howpsuzlyk ulgamynyň täzelenmesi, şeýle-de tehniki goldaw berilmez
SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 11-nji synagyny üstünlikli geçirdi
14.10.2025 19:17
1.5k+

SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 11-nji synagyny üstünlikli geçirdi

14-nji oktýabrda irden SpaceX kompaniýasy kuwwatly Starship raketa göterijisiniň on birinji synagyny geçirdi. Geçenki uçuş ýaly bu synag hem üstünlikli tamamlandy. Raketa ýerli wagt bilen 18:24-de (Aşgabat wagty bilen 4:24) Tehasdaky uçuş meýdançasyndan goýberildi
Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi
14.10.2025 13:50
5.2k+

Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi

Timex amerikan brendi özüniň ilkinji SSQ Quartz Digital sanly sagadynyň täzelenen wersiýasyny çykardy. Ol 1975-nji ýyldaky modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Täze sagat Q Timex 1975 SSQ adyny aldy we wintaž dizaýny döwrebap elektronika we has ýokary hilli materiallar bilen utgaşdyryp, tanyş minimalistik stili saklaýar
IUCN-iň hasabaty: 48 müňden gowrak haýwan görnüşi ýitmek howpunyň astynda
14.10.2025 13:44
4.1k+

IUCN-iň hasabaty: 48 müňden gowrak haýwan görnüşi ýitmek howpunyň astynda

Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) bütin dünýäde 48 646 haýwan we ösümlik görnüşiniň ýitmek howpunyň astyndadygy barada hasabat berdi. Maglumatlar Abu-Dabide Bileleşigiň kongresinde hödürlenen Gyzyl sanawyň soňky täzelenmesinde getirilýär
YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär
14.10.2025 13:40
1.9k+

YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär

YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer. Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär
New Line “Mortal Kombatyň” ikinji bölümi çykmanka üçünjisiniň üstünde işläp başlady
14.10.2025 13:31
3.4k+

New Line “Mortal Kombatyň” ikinji bölümi çykmanka üçünjisiniň üstünde işläp başlady

New Line Cinema studiýasy “Mortal Kombat” filminiň ikinji bölümi çykmazdan ozal üçünjisini taýýarlamaga girişdi. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň ssenariçisi ýene-de Jeremi Sleýter bolar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Warner Bros
Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi
14.10.2025 13:25
11k+

Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi

Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär
Ilon Maskyň täze kompaniýasynyň ady kosmosdan görner
14.10.2025 13:20
7.6k+

Ilon Maskyň täze kompaniýasynyň ady kosmosdan görner

Ilon Mask ozal Microsoft-yň garşydaşy hökmünde yglan edilen täze Macrohard kompaniýasy barada gürrüň berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň işi emeli aň we Tennessi ştatynyň Memfis şäherindäki Colossus II superkompýuteri bilen berk baglanyşykly bolar
Lay’s 90 ýyllyk taryhynda iň uly rebrendingi geçirýär
14.10.2025 13:17
4.2k+

Lay’s 90 ýyllyk taryhynda iň uly rebrendingi geçirýär

Lay’s kompaniýanyň taryhynda “iň uly rebrendingi” yglan etdi. Indi her tagamyň gaplamasynda “Hakyky ýeralmadan taýýarlanan” ýazgysy peýda bolar. Kompaniýanyň geçiren pikir soraşmasy alyjylaryň 42%-iniň Lay’s çipsileriniň gaýtadan işlenen goşundylardan däl-de, fermada ösdürilip ýetişdirilen ýeralmadan taýýarlanýandygyny bilmeýändigini görkezdi
Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy
14.10.2025 13:11
8.6k+

Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy

Tehas amerikan ştatynda meýdana awtomobil ululygynda NASA-nyň abzally kosmos enjamy gondy. Ýerli ýaşaýjy Enn Uolter, takmynan, 10 metr diametrli paraşýutda ýuwaşlyk bilen aşak düşýän obýekti gördi diýip, ABC News habar berýär
Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi
14.10.2025 13:08
7.8k+

Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi

Maltanyň kiçijik paýtagty – Walletta Condé Nast Traveller žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip hasaplandy. Şäher Readers’ Choice Awards 2025 reýtinginde birinji orny eýeläp, Pariž, Afina we Lissabon ýaly uly syýahatçylyk şäherlerinden öňe geçdi diýip, BILD habar berýär
Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar
14.10.2025 12:51
5.3k+

Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Tokiodaky Japan Mobility Show sergisinde görkezjek geljekki modelleriniň ilkinji suratlaryny hödürledi. Sergi 30-njy oktýabrda açylar. Çärede görkeziljek täze ulaglaryň arasynda Century premium subbrendi bilen hödürlenen synag kross-kupesi, şeýle-de indiki nesil Toyota Corolla ulagy bar
Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy
14.10.2025 12:43
3.2k+

Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň paýnamalary SU7 elektromobili bilen bolup geçen ýol-ulag hadysasy baradaky habardan soň Gonkong biržasynda 8,7% arzanlady. Bu aprelden bäri paýnamalaryň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi
14.10.2025 12:37
4.2k+

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahata 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlar, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekilleri we bilermenler gatnaşdy
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi
14.10.2025 06:42
3.7k+

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi

13-nji oktýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi
14.10.2025 06:38
12k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi

13-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany myhmana
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi
13.10.2025 17:20
5.2k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar
Apple şu hepde üç sany täze enjamyny hödürlemäge taýýarlanýar
13.10.2025 16:31
4.3k+

Apple şu hepde üç sany täze enjamyny hödürlemäge taýýarlanýar

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, şu hepde Apple üç sany täze enjamyny hödürläp biler: täzelenen iPad Pro planşeti, birneme täzelenen Vision Pro garniturasy we 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugynyň esasy wersiýasy
Bredli Kuper “Ouşeniň on bir dosty” filminiň prikwelinde Margo Robbi bilen bilelikde oýnar
13.10.2025 16:20
3.9k+

Bredli Kuper “Ouşeniň on bir dosty” filminiň prikwelinde Margo Robbi bilen bilelikde oýnar

Amerikaly aktýor Bredli Kuper (“Ýyldyz doguldy”, “Snaýper”) “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцати друзей Оушена) filminiň prikwelinde Margo Robbä (“Barbi”, “Öz janyna kast edijileriň topary”) goşuldy. Bu barada Deadline we Variety habar berýär
Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen täze Ähtnamalara gol çekişdi
13.10.2025 16:13
13k+

Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen täze Ähtnamalara gol çekişdi

10-njy oktýabrda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkiýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyklary baglaşdy
Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-ni Ispaniýanyň Milli baýramy bilen gutlady
13.10.2025 10:28
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-ni Ispaniýanyň Milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy
13.10.2025 10:21
17k+

Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi
Brýusseldäki ZIN in No(o)rd 2025-nji ýylyň iň gowy gökdirän binasy diýlip yglan edildi
13.10.2025 10:17
5.1k+

Brýusseldäki ZIN in No(o)rd 2025-nji ýylyň iň gowy gökdirän binasy diýlip yglan edildi

Dikleýin şäherleşme geňeşi (Council on Vertical Urbanism, CVU) 2025-nji ýylyň iň oňat beýik binasyny saýlady. Baş baýrak Brýusselde ýerleşýän ZIN in No(o)rd taslamasy üçin Belgiýanyň Jaspers-Eyers Architects arhitektura studiýasyna berildi
Ýaponiýada geljegiň ýüzýän şäheriniň – Dogeniň konsepsiýasy görkezildi
13.10.2025 10:07
14k+

Ýaponiýada geljegiň ýüzýän şäheriniň – Dogeniň konsepsiýasy görkezildi

2023-nji ýylyň tomsunda N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen ady bilen ýüzýän şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Indi bu taslama barada giňişleýin maglumatlar peýda boldy diýip, New Atlas ýazýar. Ýokardan seredeniňde şäher içinde dürli desgalar bolan 4 km diametrli tegelek ýaly görner
Türkiýedäki Karahantepede adamyň şekili bolan gadymy daş sütüni tapyldy
13.10.2025 09:51
7k+

Türkiýedäki Karahantepede adamyň şekili bolan gadymy daş sütüni tapyldy

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky neopolit döwrüne degişli Karahantepe sebitinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda adamyň şekili bolan T-şekilli daş sütüni tapyldy. Bu barada Türkiye Today habar berýär. Ozal alymlar goňşy Göbekli-Tepede hem eliň we penjäniň şekili bolan şuňa meňzeş sütünleri tapypdy, ýöne bu ullakan daş böleginde ýüzüň şekili mese-mälim oýulan ilkinji tapyndy boldy
Alymlar beýnide dowamly agyryny “ýatda saklaýan” bölegi tapdylar: täze bejeriş usullaryna umyt peýda boldy
13.10.2025 09:41
7.4k+

Alymlar beýnide dowamly agyryny “ýatda saklaýan” bölegi tapdylar: täze bejeriş usullaryna umyt peýda boldy

Alymlar beýnide dowamly, uzak wagtlap duýulýan agyrynyň ýüze çykmagynda işjeňleşýän ýiti öýjükler toparyny tapdylar. Barlagyň netijelerine görä, hut şu neýronlar adamyň näme üçin agyrynyň şikesden soň hem dowam edýändigini düşündirip biler
Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar
13.10.2025 09:35
3.8k+

Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar

Hyundai kompaniýasy heläkçilik ýüze çykanda ýangyn döremek howpunyň bolmagy sebäpli 135 386 sany Santa Fe krossowerini — şol sanda täze modelleri hem — yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş Milli gullugynyň (NHTSA) habaryna görä, käbir ulaglarda starter nädogry gurnalan bolmagy mümkin
IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi
13.10.2025 09:29
1.8k+

IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr
Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler
13.10.2025 09:21
2.2k+

Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler

Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr
Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar
13.10.2025 09:12
4.4k+

Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar

Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B
Loewe bilen Jacob & Co. sapfirli we göwherli gulaklyklary hödürledi
13.10.2025 09:06
1.6k+

Loewe bilen Jacob & Co. sapfirli we göwherli gulaklyklary hödürledi

Amerikaly zergär, Jacob & Co. brendiniň esaslandyryjysy Jeýkob Arabo, nemes premium elektronika öndürijisi Loewe Technology bilen bilelikde taýýarlan ilkinji ýörite kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu taslama üçin Loewe öz marka nauşniklerini üpjün etdi, zergärler bolsa olary ýokary sungat derejesindäki eserlere öwrüpdir
Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar
13.10.2025 09:02
6.8k+

Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar

Mansory atelýesi Mercedes-Benz G-Class esasynda täze taslamany — Grande Entree ady bilen tanadylan aýratyn seriýany hödürledi. Bu seriýa diňe sekiz sany G63 modeli girer. Olar köp sanly karbon bezegleri, Rolls-Royce stilindäki yzky gapylary we täzeden işlenilen interýeri bilen tapawutlanýar
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.10 - 19.10)
13.10.2025 06:15
12k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.10 - 19.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses
12.10.2025 23:58
4.7k+

Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses

Ferrari özüniň Elettrica kod atly ilkinji elektromobili barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Täze ulag umumy kuwwaty tas 1000 at güýjüne deň bolan dört elektrik hereketlendirijisine we 530 kilometrden gowrak ýol ätiýajy bilen 122 kWt/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar
Kanadanyň suwlarynda rekord derejede uzynlykda erkek ak akula göründi
12.10.2025 23:56
12k+

Kanadanyň suwlarynda rekord derejede uzynlykda erkek ak akula göründi

Kanadanyň kenarlarynda rekord ululykda erkek ak akula göründi diýip, CTV teleýaýlymy habar berdi. Ocearch gözleg guramasynyň maglumatlaryna görä, bu häzire çenli Atlantikde adam tarapyndan hasaba alnan bu görnüşiň iň uly wekili boldy
Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi
12.10.2025 23:53
3.9k+

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7 smartfonynyň hytaý bazary üçin ýörite döredilen görnüşini – täze W26 flagman smartfonyny hödürledi. Öňki W modelleri ýaly, täze smartfon has kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar: petle, gapdal çarçuwa we kamera halkalary altyn öwüşginler bilen bezeldi