Astronom täze ýyldyz toplumlaryny açyp, olary ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy

24.11.2025, 12:104,893
1 / 5

Britaniýaly astronom Mark Tompson alty sany täze ýyldyzlar toplumyny açyp, olary oturylyşyklar üçin niýetlenen ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy diýip, Daily Mail habar berýär.

Ýyldyz toplumlary şeýle atlary aldy:

  • ·“The Sausage Roll” (Büzmeçeli hamyr):
  • ·“The Chicken Nugget” (Towuk naggetsi);
  • ·“The Prawn Ring” (Krewetka halkasy);
  • ·“The Pig in Blanket” (Ýorganly doňuz);
  • ·“The Cheese on a Stick” (Taýakly peýnir);
  • ·“The Mini Pizza” (Mini-pizza).

20-nji noýabrda “mikro-täze Aý” güni Ýeriň ýaşaýjylarynyň bu asman nygmatlaryny görmek mümkinçiligi boldy, çünki şol gün astronomik gözegçilikler üçin örän gowy şertler boldy: Aý gijeki asmanda asla görünmedi diýen ýaly we ýyldyzlar has ýiti ýagty saçdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.