Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi
10.10.2025 17:50
18k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy
10.10.2025 17:21
7k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy. Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy
“Çelsi” bir ýylda düzümiň gymmatlamagy, “MÝ” arzanlamagy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi
10.10.2025 17:16
6.8k+

“Çelsi” bir ýylda düzümiň gymmatlamagy, “MÝ” arzanlamagy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi

FIFA-nyň hyzmatdaşy bolan Şweýsariýanyň CIES gözleg kompaniýasy ýyllyk reýtingini hödürläp, bir ýylda dünýäniň öňdebaryjy futbol klublarynyň düzümleriniň baha taýdan nähili üýtgändigini görkezdi. Reýtingde öňdebaryjylar Angliýanyň premýer-ligasynyň klublary boldy: “Çelsi” iň ýokary ösüşi görkezdi
Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar
10.10.2025 17:12
5.1k+

Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar

36 ýaşly ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Bu barada “Inter Maýaminiň” goragçysy Instagram-da habar berdi. “Minnetdar, futbol, hemme zat üçin köp minnetdar” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy we ýörite wideo bilen paýlaşdy
Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin diskwalifikasiýa edildi
10.10.2025 17:06
22k+

Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin diskwalifikasiýa edildi

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin 18 aý söweşlerden çetleşdirildi. Bu barada Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) saýtynda habar berilýär
Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady
10.10.2025 13:43
2.6k+

Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady

Mercedes-Benz ilkinji modeli çykan­dan bäş ýyl soň, täze Wireless Headphone 2 atly simsiz nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar. Gizmochina portalynyň habar bermegine görä, MB WHP 2 model belgili enjam ýakynda BAE-de TDRA sertifikatyny aldy
Microsoft Windows 11-i oflaýn gurnamagyň gapdaldan ulanylýan ähli usullaryny ýapdy
10.10.2025 13:34
1.9k+

Microsoft Windows 11-i oflaýn gurnamagyň gapdaldan ulanylýan ähli usullaryny ýapdy

Microsoft Windows 11 operasion ulgamynyň gurnalyşyna täze üýtgeşmeleri girizdi. Indi ulanyjylar ulgamy gurnaýan mahalynda hökmany suratda internete birikmeli we Microsoft akkaunty bilen girmeli bolarlar diýip, The Verge habar berýär
Alymlar gadymy adamlaryň iýmitini anykladylar: olar Buz eýýamynyň äpetleri bilen iýmitlenipdirler
10.10.2025 13:28
12k+

Alymlar gadymy adamlaryň iýmitini anykladylar: olar Buz eýýamynyň äpetleri bilen iýmitlenipdirler

Günorta Amerikada geçirilen täze barlag gadymy adamlaryň esasy iýmit çeşmesiniň äpet leniwesler we sowutlylar bolandygyny görkezdi. Ozal alymlar bu haýwanlaryň ýitip gitmeginde adamlaryň täsiriniň ikinji derejeli bolup, esasy sebäbi howanyň üýtgemegi bilen baglydyr diýip hasaplaýardylar
Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi
10.10.2025 13:07
4.8k+

Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar
Nýu-Meksikoda tekiz kelleli ot iýýän dinozawryň täze görnüşi tapyldy
10.10.2025 13:04
5.9k+

Nýu-Meksikoda tekiz kelleli ot iýýän dinozawryň täze görnüşi tapyldy

Amerikaly we slowakiýaly paleontologlar häzirki Nýu-Meksiko sebitinde takmynan 75 million ýyl ozal ýaşap geçen gadrozawrid dinozawryň täze neslini we görnüşini ýüze çykardylar. Täze görnüşe Ahshislesaurus wimani diýip at berildi
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergä gatnaşyjylary gutlady
10.10.2025 12:22
5.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergä gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy
10.10.2025 11:56
2.5k+

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy

10-njy oktýabrda Aşgabatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
10.10.2025 11:17
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli iki ýurduň Liderleri birek-birege gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Prezident Serdar
Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
10.10.2025 11:08
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady. "Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir" diýip, döwlet Baştutany belleýär
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde möhüm teklipleri öňe sürdi
10.10.2025 09:59
9k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde möhüm teklipleri öňe sürdi

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşdylar
Leonardo Di Kaprio gaýta-gaýta görmäge taýýar filmlerini aýtdy
10.10.2025 09:25
8.2k+

Leonardo Di Kaprio gaýta-gaýta görmäge taýýar filmlerini aýtdy

Leonardo Di Kaprio BBC neşiri bilen söhbetdeşlikde yzygiderli gaýtalap tomaşa etmäge taýýar filmleri barada aýtdy. Onuň sanawynda ýedi film bolup, olardan aglabasy dünýä kinematografynyň klassyk filmleri diýlip ykrar edildi
Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy
10.10.2025 09:23
5.1k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy
Apple täze mahabatynda “mawy ölüm ekrany” üçin Windows-y ýaňsylaýar
10.10.2025 09:20
3k+

Apple täze mahabatynda “mawy ölüm ekrany” üçin Windows-y ýaňsylaýar

Apple komediýa görnüşinde 8 minutlyk mahabat wideosyny çykardy. Onda kompaniýa ulgam bökdençliginde peýda bolýan hemmelere belli bolan “mawy ölüm ekrany” (Blue Screen of Death, BSOD) üçin Windows kompýuterlerini ýaňsylaýar
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar
09.10.2025 19:01
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar

9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Duşenbede iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu barada TDH habar berýär
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
09.10.2025 18:42
6.1k+

Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede geçiriljek möhüm syýasy çärelere — «Merkezi Aziýa
Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy
09.10.2025 18:33
2.8k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy
Müsüriň milli ýygyndysy möhletinden ir 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
09.10.2025 18:29
10k+

Müsüriň milli ýygyndysy möhletinden ir 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

Müsüriň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyny kepillendirdi. Saýlama ýaryşynyň dokuzynjy tapgyryndan soň topar 23 utuk gazanyp, A toparçada möhletinden ir birinji orny eýeledi, ol Burkina-Fasodan bäş utuk öňe geçdi
Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar
09.10.2025 18:23
8.5k+

Germaniýanyň Bundestagy üç ýylda raýatlyk almak mümkinçiligini ýatyrýar

Germaniýanyň Bundestagy ýurduň migrasiýa kanunçylygyna üýtgetmeleri tassyklady, ol üýtgetmeler üç ýylyň içinde tizleşdirilen tertipde nemes raýatlygyny almak mümkinçiligini ýok edýär, diýip Deutsche Welle habar berýär
2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy
09.10.2025 18:18
9.9k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi
Nikol Kidman 20 ýyldan soň ýene Chanel-iň ilçisi boldy
09.10.2025 18:16
4.4k+

Nikol Kidman 20 ýyldan soň ýene Chanel-iň ilçisi boldy

Nikol Kidman ýene Chanel-iň ilçisi boldy. Soňky gezek aktrisa brend bilen 20 ýyldan gowrak ozal hyzmatdaşlyk edip, Chanel № 5 hoşboý ysynyň meşhur mahabatyna gatnaşypdy. Aktrisa täze döredijilik müdiri Matýe Blaziniň gözýetimi bilen tanyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy
Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler
09.10.2025 18:12
3.7k+

Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler

Ilon Mask Grok AI-niň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tomaşa edip boljak wideo-filmleri döredip biljekdigini, 2027-nji ýylda bolsa hakykatdanam ýokary hilli filmleriň peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy
Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz
09.10.2025 18:10
2.4k+

Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz

Kia eýýäm oktýabr aýynda ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigini mälim etdi. Dilerlerde galan ätiýaçlyklar gutaran dessine, modeli satmak bes ediler. Munuň dünýä bazaryna täsir edip-etmejegi heniz belli däl, ýöne Motor1 Soul brendiň täzelenen model syýasatynyň pidasy boldy diýip hasaplaýar
Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar
09.10.2025 17:58
5.6k+

Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar

Kopengagende (Daniýada) Mişleniň iki ýyldyzyna mynasyp bolan Alchemist restorany garynjalar bilen uýadylan ýogurdyň esasynda taýýarlanan adaty bolmadyk desertleri we kokteýlleri hödürledi. Synag ylmy barlagyň bir bölegi bolup, bu barada iScience žurnalyna salgylanyp CNN habar berýär
Huawei iPhone Air we Galaxy S25 Edge bilen bäsleşjek 2 TB ýatly ultra inçe smartfon taýýarlaýar
09.10.2025 17:56
4.2k+

Huawei iPhone Air we Galaxy S25 Edge bilen bäsleşjek 2 TB ýatly ultra inçe smartfon taýýarlaýar

Wisdom Pikachu lakamly insaýder Huawei-iň iPhone Air we Samsung Galaxy S25 Edge bilen bäsleşip biljek ultra inçe smartfony synagdan geçirýändigini habar berdi. Entek korpusynyň galyňlygy barada takyk maglumat ýok, ýöne enjamyň Kirin SoC-iň platformasynda guruljakdygy we eSIM-i goldajakdygy mälim
Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi
09.10.2025 17:22
3.2k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi
Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler
09.10.2025 17:10
5.7k+

Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär
OpenAI "Sora" arkaly döredilen keşplerden girdeji gazanmaga mümkinçilik berer
09.10.2025 16:59
1.2k+

OpenAI "Sora" arkaly döredilen keşplerden girdeji gazanmaga mümkinçilik berer

Emeli aň arkaly döredilen mazmunlar bilen işlemekde awtorlyk hukugyny goramak meselesi häzirki wagtda iň maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri bolmagynda galýar. OpenAI keşpleri döredijilere "Sora" serwisinde olaryň ulanylyşyna has köp gözegçilik hukugyny bermek meýilleri barada mälim etdi
Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
09.10.2025 16:49
3.4k+

Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze şowhunly sirk çykyşlaryna çagyrýar
09.10.2025 16:34
2.7k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze şowhunly sirk çykyşlaryna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 12-nji oktýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly
ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär
09.10.2025 16:23
1.1k+

ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär

Her ýyl geçirilýän DevDay 2025 çäresinde OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni ulanyjylaryň göni çatda başga programmalary nädip işledip biljekdigini görkezdi. Häzir çat-botda Spotify, Figma, Booking.com, Expedia, Coursera, Zillow we Canva programmalary elýeterli
Google programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny özbaşdak düzedýän EA agentini döretdi
09.10.2025 16:19
1.1k+

Google programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny özbaşdak düzedýän EA agentini döretdi

Google DeepMind barlaghanasy programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary özbaşdak tapyp, düzedip bilýän CodeMender EA agentiniň iş netijelerini hödürledi. Bu barada SiliconANGLE neşiri ýazýar. Taslama DeepMind-yň howpsuzlyk bilen bagly OSS-Fuzz we Big Sleep ýaly işläp taýýarlamalarynyň yzyny dowam etdirýär
Dünýäde ilkinji ekşn-kameraly nauşnik peýda boldy
09.10.2025 16:15
4k+

Dünýäde ilkinji ekşn-kameraly nauşnik peýda boldy

Koloradodan (ABŞ) VibeLens kompaniýasy dünýäde ekşn-kameraly ilkinji nauşnigi – MusicCam-y hödürledi. Häzir gajet KickStarter-de deslapky sargyt üçin elýeterli, doly satuw 2025-nji ýylyň dekabrynda başlar. Nauşnik “süňk arkaly geçirijilik” boýunça işleýär we işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän adamlar üçin niýetlenendir
“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji
09.10.2025 16:06
5.9k+

“Barselona” möwsümde €994 mln gazandy, şonuň diňe €2 mln-y arassa girdeji

Kataloniýanyň “Barselonasynyň” metbugat gullugy geçen möwsümiň maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Klubuň operasion girdejileri 994 mln ýewro, arassa operasion girdeji bolsa bary-ýogy 2 mln ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, Nike bilen hemaýatkärlik şertnamasy kluba 259 mln ýewro getirýär
AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy
09.10.2025 16:02
1.2k+

AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy

AMD-nyň (Advanced Micro Devices) paýnamalary OpenAI bilen uly şertnama baglaşylandygy belli bolandan soň 30%-den gowrak gymmatlady. Sem Altmanyň startapy çip öndürijisiniň paýnamalarynyň 10%-ine çenli satyn almak hukugyna eýe boldy we bu oňa serwislerini ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmek meselesini çözmäge kömek eder
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» Sammitine we GDA-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bardy
09.10.2025 15:13
6.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» Sammitine we GDA-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bardy

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistana bardy