Metacritic 2025-nji ýylyň iň şowsuz çykan oýunlaryny saýlady

21.11.2025, 22:192,758

2025-nji ýylda geýmerler üçin Clair Obscur: Expedition 33, Donkey Kong Bananza, Hades 2, Hollow Knight: Silksong ýaly köp sanly gyzykly oýunlar çykdy. Ýöne oýunlaryň ählisi garaşylan netijäni görkezmedi – käbir relizler şowsuz boldy.

Metacritic saýtynyň baha bermegi boýunça, ýylyň iň ýaramaz oýny Rockstar-yň öňki prodýuseri Lesli Benzis tarapyndan esaslandyrylan Build a Rocket Boy studiýasynyň ilkinji oýny MindsEye boldy. Ol ýakyn geljekde bolup geçýän täsirli jenaýat sýužetini wada beripdi, ýöne oýun köp sanly tehniki meseleler we manysyz çözgütler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Ikinji orunda Nintendo Switch 2 üçin çykarylan Bandai Namco-dan Tamagotchi Plaza ýerleşdi. Ol tamagoçili mini-oýunlaryň ýygyndysydyr. Ýöne tankytçylaryň pikiriçe, oýun örän ýürekgysgynç bolup, ideýalar ýetmezçilik edýär.
Üçünji orny paramedikleriň işi baradaky oýun Ambulance Life: A Pandemic Simulator eýeledi. Uly ideýalara we wadalara garamazdan, oýnuň tehniki kemçilikleri bar. Onuň mümkinçilikleri treýlerde görkezilenden has pes bolup çykdy.
Metacritic boýunça 2025-nji ýylyň iň ýaramaz oýunlary:

  1. MindsEye (PC) - 37,
  2. Tamagotchi Plaza (Switch 2) – 43,
  3. Ambulance Life: A Pandemic Simulator (PS5) - 44,
  4. Scar-Lead Salvation (PS5) - 44,
  5. Captain Blood (PC) - 50,
  6. Neptunia Riders VS Dogoos (PS5) - 51,
  7. Hunter x Hunter: Nen x Impact - 53,
  8. Bubsy in: The Purrfect Collection (PS5) - 53,
  9. Nintendo Switch 2 Welcome Tour (Switch 2) - 54,
  10. Fast Furious: Arcade Edition (PS5) - 55.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.