Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
02.08.2025 18:12
5.4k+
Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy
23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy
02.08.2025 18:07
12k+
Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigi barada habar berdi. 4-nji awgustda iş orunlarynyň ýarmarkasy Mary etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler
02.08.2025 17:53
6.5k+
Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy
Samsung ABŞ-da Galaxy Z Fold7 smartfony üçin rekord mukdarda – Galaxy Z Fold hatarynyň öňki islendik modelinden köp deslapky sargytlary kabul edendigini habar berdi. Umuman alanyňda, Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 üçin deslapky sargytlar geçen ýylky görkezijilerden 25% ýokary boldy
02.08.2025 17:51
5.3k+
TikTok ýetginjekleriň akkauntlaryna ene-ata gözegçiligini güýçlendirdi
TikTok ene-ata gözegçiligini güýçlendirýän täze funksiýalary işjeňleşdirdi. Bu barada TechCrunch portaly habar berdi. Täzelikleriň arasynda ene-atalaryň akkauntyny 16-17 ýaşyndaky ýetginjegiň akkaunty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän Pairing funksiýasy bar
02.08.2025 17:50
2.8k+
"Maýa goýumyň Stiw Jobsy": Reý Dalio öz esaslandyran Bridgewater hej-gaznasynda soňky paýyny satdy
ABŞ-da iň uly hej-gaznalaryň biri bolan Bridgewater-iň esaslandyryjysy milliarder Reý Dalio kompaniýadaky soňky paýyny satyp, müdirler geňeşinden çykdy. Bu barada geçen hepdede hej-gaznanyň müşderilerine gönükdirilen hata salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär
02.08.2025 17:48
8.3k+
Jastin Timberleýkde Laýma keseli ýüze çykaryldy
Amerikaly aýdymçy Jastin Timberleýke Laýma keseli diagnozy goýuldy. Bu barada ol Instagram sahypasynda habar berdi diýip, Variety belleýär. Sazanda konsertleri döwründe güýçli beden agyrysyny (newralgiýa), ýadawlygy we ýürek bulanmany başdan geçirendigini belledi
02.08.2025 17:45
2.2k+
007 agenti barada täze filmiň ssenarisini “Kesgir gaşlaryň” awtory ýazar
Jeýms Bond baradaky indiki – hasap boýunça 26-njy filmiň ssenarisini “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynyň üstündäki işi bilen tanalýan britaniýaly ssenariçi Stiwen Naýt ýazar. Bu barada Variety neşiri habar berdi
02.08.2025 17:43
11k+
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda janköýerleriň başbozarlygy üçin “PSŽ-ä” jerime saldy
UEFA “Pari sen-Žermen” klubuna Çempionlar ligasynyň finalynda klubuň janköýerleriniň özüni talabalaýyk alyp barmandygy üçin 148 müň ýewro jerime saldy. Bu barada Sport.es neşiri habar berýär. Final oýnunda fransuz kluby Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utup, ilkinji gezek Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň ýeňijisi boldy
02.08.2025 17:41
5.3k+
Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar
02.08.2025 17:26
10k+
2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy
2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy
02.08.2025 17:19
1.9k+
Aziýa ösüş banky Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça täze baş direktoryny belledi
Aziýa ösüş banky (AÖB) Liýa Gutýerresi Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Departamentiň baş direktory wezipesine belledi. Bu wezipede ozal Ýewgeniý Žukow işleýärdi. Liýa Gutýerres häzirki wagtda AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk edýär
02.08.2025 16:39
1.6k+
Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Tailand Patyşalygynyň ýurdumyzdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan ilçisi Apirat Sugondhabhir bilen duşuşdy. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy
02.08.2025 16:33
7.8k+
Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar
02.08.2025 15:46
6.1k+
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul etmek işi dowam edýär
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. Salgytlar we salgyt salmak
02.08.2025 15:38
4.5k+
“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy
Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi
02.08.2025 15:35
7.8k+
Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy
Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar
02.08.2025 15:33
1.8k+
Apple iOS 26-dan öň soňky uly täzelenmäni – iOS 18.6-ny çykardy
Apple iPhone üçin iOS 18.6-ny hödürledi. Täzelenme möhüm düzedişleri we howpsuzlyk kämilleşdirmelerini öz içine alýar. Bu 2025-nji ýylyň sentýabrynda iOS 26 çykmazdan ozal, ulgamyň soňky uly täzelenmesi bolsa gerek diýip, 9to5mac ýazýar
02.08.2025 15:30
3.8k+
SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy
Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar
02.08.2025 15:27
2.5k+
Angliýada ilkinji gezek futbol oýny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer
“Býornli” futbol kluby taryhda ilkinji gezek futbol oýnuny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer. Synag görkezilişi 9-njy awgustda bolar, şol gün klub öýünde “Lasio” italýan toparyna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
02.08.2025 15:22
4.3k+
Hanym Týusso muzeýi Teýlor Swiftiň bir wagtyň özünde 13 heýkelini döretdi
Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy. Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar
02.08.2025 15:15
5k+
Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň doly derejeli treýlerini çykardy
Disney kompaniýasy “Haýwanlar şäheri 2” (Зверополис 2) multfilminiň giňeldilen treýlerini çykardy. Wideo CinemaCon 2025 sergisindäki tanyşdyrylyşdan soň hödürlendi. Ilkinji tizer bilen studiýa ýazda paýlaşypdy
02.08.2025 15:13
4.4k+
NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär
NASA ýakyn ýyllarda astronawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada edaranyň direktorynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Şon Daffi Fox News bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Missiýanyň birinji tapgyry geljek ýyla meýilleşdirilýär – ekipaž gonmazdan Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrar
02.08.2025 14:49
7k+
Tramp onlarça ýurtlar üçin anyklaşdyrylan import paçlaryny girizdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp onlarça ýurtlar babatda import paçlaryny girizmek hakynda permana gol çekdi diýlip, Ak tamyň saýtynda habar berilýär. CNN-iň belleýşi ýaly, resminama ahyrky möhletiň gutarmagyna – 1-nji awgusta birnäçe sagat galanda kabul edildi
02.08.2025 14:25
4.1k+
“Liwerpul” “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň stilindäki wideo bilen täze eşigini tanyşdyrdy
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/26 möwsümi üçin öýde we myhmançylykda ulanyljak eşik toplumyny hödürledi. Ol Adidas bilen hyzmatdaşlyk dikeldilenden soň ilkinji toplum boldy. Klub eşigini “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň äheňinde düşürilen wideoda görkezdi
02.08.2025 07:41
12k+
“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär
Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň we Beýik Britaniýadaky Ýork uniwersitetiniň alymlary adamzat işiniň Ýeriň tebigy sazlaşygyny düýpgöter üýtgedendigini aýdýar. Bu hem täze möwsümleriň – “tüsse” we “zibil” möwsüminiň peýda bolmagyna getirdi diýip, ylmy gözlege salgylanyp, Live Science habar berýär
02.08.2025 07:39
5.4k+
Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi
Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi. Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen
02.08.2025 07:35
5.5k+
Gucci modalar öýüniň amal girdejisi 52% azaldy
Fransiýanyň Kering holding kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini neşir etdi. Holdinge Gucci, Yves Saint Laurent, Balenciaga, Bottega Veneta, Alexander McQueen ýaly modalar öýleri we beýleki brendler degişli
02.08.2025 07:26
7.3k+
Millionlarça dollara durýan aýfonlar: Sotheby's taryhda iň gymmat smartfonlar barada gürrüň berdi
“Sotheby's” auksion öýi bahasy millionlarça dollar durýan dünýäniň iň gymmat smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. Gürrüň gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, elde ýasalan modeller hakda barýar. Bu enjamlar diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem kolleksionirlemegiň we maýa goýmagyň serişdesi hem hasaplanýar diýip, Sotheby’s International Realty portaly ýazýar
02.08.2025 00:23
6k+
Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy
Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler
02.08.2025 00:21
9.3k+
Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär
Science Advances žurnalynda çap edilen global barlagyň netijesine görä, Ýeriň yklymlarynda süýji suw çalt depginde tükelip barýar. Arizona ştatynyň uniwersitetiniň (ASU) alymlary 2002-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli
02.08.2025 00:18
3.1k+
Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar
Halkara alymlar topary sakawlamak bilen baglanyşykly 57 genom bölegini tapdylar. Bu barada ABŞ-nyň Wanderbilt uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (VUMC) metbugat gullugy habar berdi. Barlaga birnäçe ýurtdan hünärmenler gatnaşdy
02.08.2025 00:13
7.9k+
Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi
Gonkongly inženerler adam bedeniniň aşaky bölegi üçin geýilýän ýörite ekzoskelet işläp taýýarladylar. Bu enjam dyzyň bogunlaryna düşýän agramy 50%-e çenli azaldýar. Enjam 20 ýaşdan uly, işjeň hereketdäki adamlar üçin niýetlenendir
01.08.2025 19:33
5.9k+
Tutuş dünýäde Samsung smart telewizorlarynda goşundylar işlemegini bes etdi
Samsung smart-telewizorlarynda dünýä derejesindäki uly näsazlyk ýüze çykdy — ulanyjylar dürli programmalary, şol sanda Netflix, YouTube we Amazon Prime Video ýaly hyzmatlary açyp bilmändikleri barada habar berdiler
01.08.2025 19:28
3.9k+
Tom Holland täze Prada Paradigme erkekler parfýumynyň ýüzi boldy
Aktýor Tom Holland Prada Paradigme atly erkekler üçin täze parfýumyň resmi ýüzi hökmünde saýlandy. Täze ys dünýä bazarynda duşenbe güni satuwa çykarylýar. Holland bu atyr bilen baglanyşykly beren interwýusynda parfýum saýlamakdaky garaýyşlaryny paýlaşdy: «Maňa sada zatlar ýaraýar» diýip, aktýor aýtdy
01.08.2025 19:23
3.9k+
Apple 2007-nji ýylda iPhone-nyň birinji modeli döränden bäri 3 milliard iPhone satdy
Apple kompaniýasy ilkinji iPhone modeliniň çykan gününden bäri 3 milliarddan gowrak enjam satandygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylyň üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny tanyşdyranda aýtdy diýip, TechCrunch habar berýär
01.08.2025 19:15
7.3k+
“Galatasaraý” Osimheni türk kluby üçin rekord 75 mln ýewro satyn aldy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Italiýanyň “Napoli” klubundan “Galatasaraý” türk klubuna geçdi. Bu barada Stambulyň futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. 26 ýaşly hüjümçi bilen şertnama dört ýyl möhlet bilen baglaşyldy
01.08.2025 18:59
2.6k+
Telegram-da täzelenmeden soň global näsazlyk bolup geçdi
31-nji iýulda agşam birnäçe ýurtda Telegram ulanyjylary messenjeriň işlemeginde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny habar berdiler. Muny Downdetector hyzmatynyň maglumatlary tassyklaýar. Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Germaniýada we beýleki ýurtlarda ulanyjylar serwere birikmekde we akkaunta girmeginde kynçylyk çekendiklerini belläp geçdiler
01.08.2025 18:19
13k+
Aktýor Mett Deýmon we erudit Ken Jennings «Kim millioner bolmak isleýär?» gepleşiginde 1 mln dollar utdy
Amerikaly aktýor Mett Deýmon ("Bornuň şahsyýetini anyklamak" («Идентификация Борна»), "Marsly" («Марсианин»)) we erudit, "Jeopardy!" telewiktorinasynyň çempiony Ken Jennings "Kim millioner bolmak isleýär?" atly teleşüweleňinde ýeňiş gazandylar
01.08.2025 18:00
6.2k+
Awazada BMG-niň maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşylar
4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek meselelerine garalar
01.08.2025 17:51
4.6k+
Apple-iň Hytaýdaky ilkinji öňdebaryjy dükany işlemegini bes eder
Apple kompaniýasy Hytaýyň Dalýan şäherindäki flagman dükanynyň ýapyljakdygyny mälim etdi. Ol 9-njy awgustda işlemegini bes eder diýip, 21st Century Business Herald gazeti habar berdi. Dükan 2015-nji ýylyň oktýabrynda açylyp, amerikan tehnologiýa ägirdiniň Dalýanda ilkinji we Lýaonin welaýatynda ikinji resmi dükany bolupdy
«
1
…
224
225
226
…
1118
»
«
1
…
221
222
223
224
225
226
227
228
229
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.